German döwletleri 1648-1849-njy ýyllar aralygynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: German döwletleri 1648-1849-njy ýyllar aralygynda

MEỲILNAMA

1. Merkezi Ỳewropa Otuz ýyllyk uruşdan soňky döwürde.

2. XVII-XVIII asyrlarda nemes şäherleri, olaryň syýasy durmuşy. Nemes milleti.

3. German döwletleri halkara gatnaşyklarynda

17-nji asyryň ortalaryndan başlap german döwletleriniň taryhy ösüşi, şol döwürdäki Angliýanyň we Fransiýanyň taryhyndan düýpli tapawutlanýardy. Sebäbi bu döwletler eýýäm merkezleşmek ugrundaky 30 ýyllyk uruşdan tä Fransuz rewolýusiýasyna çenli döwür nemesleriň taryhynda iň agyr döwür boldy. 1648-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 24-de Münster we Osnabrük şäherinde 1 tarapdan imperator bilen imperiýanyň soslowiýeleriniň deputatlarynyň arasynda, 2-nji tarapdan 30 ýyllyk uruşyň soňuna çykan Fransiýa we Şwesiýanyň arasynda ýaraşyk şertnamalary baglaşylypdy. Westfal ýaraşygy bu Ỳewropada parahatçylyk düzgünleriniň täze döwrüni başlan ilkinji synanyşykdy. Onuň mazmuny esasan hem Mukaddes Rim imperiýasy üçin durýardy. Ol kepil döwletler Imperiýa tarapyndan basylyp alynan ýerlere el degirilmesiz hasap edýärdiler.

Umuman german milletiniň mukaddes Rim imperiýasy Westfal ýaraşygy netijesinde özüniň ömrüni ýene-de 150 ýyl uzaltdy. Emma onuň düzüminde birnäçe üýtgeşikler bolup geçdi, esasan hem Şweýsariýa we Niderlandiýa Imperiýanyň düzüminden çykyp özygtyýarly döwletler boldy. Imperiýanyň düzümine öňki ýaly çehlerden we horwatlardan ybarat Ģehiýa we Marawiýa, Sileziýa we Slowenleriň ýaşaýan ýerleri Karintiýe we Kraýne girýärdi. Imperiýada özygtyýarlygyny alan knýazlyklar hem özbaşdaklygy bardy. Mysal üçin: ýaraglanmak hukugy oňa hemişelik goşuny saklamak hukugyny berýärdi, şonuň ýaly hem ol döwletleriň özygtyýarlylygy olara halkara hukuklaryndan peýdalanmak hukugyny berýärdi.

German döwletlerinde ilkinji nobatda imperiýada şalyklaryň we döwletleriň başynda imperator (kaýzer) durýardy. Imperator şol şalyklaryň we döwletleriň jebisliginiň (simwoly) umumylygyny görkezýärdi. German döwletlerde tä imperiýa dargaýança Gabsburglar dinassiýasy imperiýanyň başynda durdular. Imperiýanyň dolandyryş edarasynda ýeke-täk imperiýa ministri-wise kansperdi Imperiýada 300 gowrak dünýewi we ruhy knýazlyklar bardy, 51 şäher.

17-18 asyrlarda özüniň taryhy şertlerine laýyklykda german döwletleriniň ykdysady ösüşihaýaldy. Beýleki günbatar Ỳewropa döwletlerine seredeňde german ýurtlarynda täze önümçilik gatnaşyklary hem gaty haýal ösýärdi. Bularyň ählisiniň sebäbi hem territorial dagynykdy hem-de 30 ýyllyk urşuň täsiridi. German döwletleri üçin agrar gatnaşyklaryň häsiýetli tapawutlary hem bardy. Mysal üçin Elbadan gündogara 17-18 asyrlarda irilik hojalygy ösüp, olar esasan galla, zygyr maldarçylyk önümçiligini ýola goýulypdy. Şeýle hem şol önümleriň 1 bölegi Angliýa, Gollandiýa, Şwesiýa iberilýärdi. Şeýle önümçilik ilki bilen daýhanlaryň ýagdaýýny kynlaşdyrýardy. Sebäbi olar renta salgydy, çäklendirilen ýer bölegi we ş.m şol sebäpden hem german ýerlerinde ýygy-ýygydan daýhanlar hereketleri bolup durýardy. Mysal üçin 1761-1771-nji ýyllar aralygynda günorta Germaniýada (1699-1735 ýyllar aralygynda Gogensolleriň-Gehingen mülkündi), 1705-1706 ýyllarda Babariýada güýçli gozgalaňlar bolup geçýär, emma olaryň aglaba bölegi öz akymlaýyn bolanlygy üçin, olar rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylýar.

Umuman german döwletlerinde daýhan durmuşynyň agyr bolmagy olar 1 böleginiň esasan hem 18 asyryň 2-nji ýarymynda Atlantik ummanynyň aňrysyna ýagny Amerikan koloniýalaryna we Orsýete göçüp gitmäge mejbur edýärdiler. German imperiýasynda esasan hem 30 ýyllyk uruşdan soň şäherleriň sany azalyp başlady. Sebäbi bu döwürde olar knýazlyklara Araçäge kesgitlenen döwletleriň sanynyň artmagy şol kiçi şalyklaryň çägindäki şäherleriň ösmegine hem sebäp boldy. Mysal üçin: Wena 1620-nji ýýlda 30 müň ýaşaýjyly şäher bolan bolsa, 1750-nji ýylda onuň ilaty 175 müň boldy, Berlin 1661-nji ýylda 6,5 müň adam bolan bolsa, 1777-nji ýýlda 140 müň, şeýle hem Drezden, Mýuhhen, Ştutgart we başgalar. Bu şäherleriň ilatynyň aglaba bölegi döwlet we mülk dolandyryş işlerinde gulluk edýärdiler.

XVII-nji asyryň ahyry XVIII asyryň başlarynda nemes şäherlerinde ýönekeý haryt önümçiligi ösüp başlady we ol kem-kemden merkezleşen manufaktur önümçilige öwrülip başlady. Esasan hem XVIII asyryň soňky çärýeginde Berlin şähere dokma önümçiligi we delif işläp çykarýan önümçiligiň merkezine öwrüldi. Mysal üçin 1782-nji ýýlda Berlinde 65-manufakfen önümçiligi işleýärdi, olar kem-kemden dokma fabriklere öwrülip başlady. Umuman XVIII asyryň ahyrynda nemes döwletlerinde senagat öwrülişigi duýulýardy, bu ýagdaýlar bolsa öz gezeginde täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň emele gelýänligini aňladýardy. Emma ol gatnaşyklar nemes döwletlerinde absolýumiz şertlerinde emele gelýärdi. Absolýutizme ol döwletlerde tä 18-i asyryň ahyryna çenli dowam etdi. Onuň dowam etmeginiň esasy sebäplerinden hem daýhanlaryň garşylyk görkezmeginiň güýçlenmegidi. Ondan başgada dürli jemgyýetçilik güýçleriň mynasybetiniň üýtgemegidi.

Emma absolýutizm düzgüni birnäçe iri döwletlerde üstünlikli dowam etse-de, köplenç halatlarda döwletleriň dolandyryjylary öz syýasatynda şowsuzlyklara duçar bolýardylar. Olardan esasan hem Gabsturglar Goensollernber. Br-d Prussiýa döwletiniň ähmiýeti esasan hem XVIII asyrda has ýokarlandy. Onuň hem sebäbi Westfal ýaraşygy boýunça (1648) ol uzak ýyllara Germ syýasy dagynyklygyny üpjün etdi). Prussiýa Gündogar Toweranil ýerleri, hem-de German ýerleriň Baltika we Demirgazyk deňizlerine oýan ähli derýalary degişli edilipdi. Inperiýanyň ösüşinde ýeke-täk nemes milletiniň emele gelmegi 18 asyryň ahyryna degişlidir. Onuň sebäbi ilki bilen nemes döwletleriniň dagynyklygydy, şol sebäpden hem ol döwletleriň ýaşaýjylary özlerini bawarlar, saksonlar, bedenler we ş.m hasaplaýardy.

Emele gelýän nemes milletiniň bitewiligi ilki bilen medeniýet babatynda duýulýardy. Eýýam 17 asyryň 2-nji ýarymynda öňdebaryjy alymlar, ýeke-täk nemes edebi diliniň döredilmegi, ugrunda hereket edýärler. Eýýam 18 asyryň 2-nji ýarymynda nemes edebi dili has ýaýrap başlady. Ýurist Hristian Tomazmus 1687-nji ýylda ilkinji bolup uniwersitet leksiýalaryny nemes dilinde okap başlady. Umuman aýdylanda XVIII asyryň ahyry XVIII asyryň başlarynda german döwletlerinde magaryfyň ösüşi duýulýardy. Ol döwürde Ỳewropada nemes uniwersitetleri aýratyn orundady. 1770-nji ýýlda 40 sany nemes, 23 fransuz, 2 iňlis we 1 rus uniwersitetleri bardy. Territorial dagynyklyk şertlerinde-de nemes medeniýeti ösýärdi. Medeniýet esasan bilimli gatlaklaryň arasynda duýulýardy. Şol sebäpden hem nemes taryhçylarynyň kesgitlemegi boýunça bu döwürde nemes milleti bolman mysal üçin iňlis, fransuz milletleri ýaly, eýsem “medeni millet” hökmünde emele geldi. Onuň ýeke-täk millet bolmagy pikirlere bolsa, hem-de ýeke-täk Germaniýany döretmek pikirleri esasan hem XVIII asyr fransuz rewolýusiýanyň bişişýän döwründe has giň ýaýrady. Napoleon uruşlary nemes halkynyň ykbalyna uly täsir etdi. Germaniýada Napoleonyň agalygy dikeldildi, 1803-nji ýýlda ownuk şalyklar ýok edilip, olaryň ýerleri iri döwletlere birikdirildi. 1806-njy ýýlda Reýn bileleşigi döredilip, onuň başynda Napoleon durýardy. Bu bileleşik 1812-nji ýyla çenli ähli nemes döwletlerini basyp alypdy. Reýn bileleşigine girýän döwletler Fransiýa bilen goranyjylyk we hüjüm edijilik soýuzda durýardy. Hat-da Reýn bileleşigine garşy duran Russiýa hem 1806-nji ýýlda Fransiýa tarapyndan doly basylyp alynýar. Napoleon German döwletlerini özüne tabyn edip, geljekde Russiýa garşy urşa taýýarlanmakda ol ýurtlaryň maddy we adam serişdelerini ulandy. Mysal üçin 1812-nji ýylyň Oguz aýynda Russiýa garşy Napoleon I-ň goşunynyň 1/3 bölegini bolan Awstriýa, Russiýa Fransuz imperiýasynyň ýarany bolmaga mejbur edilipdi, prus goşuny 20 müň adam, awtsriýa goşuny 30 müň adam Russiýa garşy uruşa iberilipdi. Emma Napoleon I-ň goşunlarynyň derbi-dagyn edilmegi bilen, Ỳewropada parahatçylygy kadalaşdyrmaga gönükdirilen Wena kongresiniň karary esasynda German soýuzy arkalaşygyň döredildi. Onuň düzümine 35 özygtyýarly monarhiýa we 4 erkin şäherler – Lamburg, Brenun,Yýubek we Frankfurt-na Maýne. Soýuzyň arkalaşygyň wekilçilikli edarasy hökmünde bundestag döredilýärdi. German bileleşik arkalaşygy aýrylmaz bölünmez diýilip ykrar edilýärdi. Soýuzyň 5 sany galasy bolup, onuň bileleikdäki goşuny (bundeshler) hem döredilýärdi. Soýuzyň iň güýçli agzalary Awstriýa we Prussiýady şol sebäpden bundestagyň möhüm kararlary şol 2 döwletiň öňünden ylalaşygy esasynda kabul edilýärdi.

Umuman aýdylanda German soýuzy öz öňünde nemes halkynyň ykdysady we syýasy taýdan birleşdirmegi baş maksat edip goýanokdy, ol esasan-da Germaniýada konserwatiw-monarhistik düzgüni dikeltmäge gönükdirilipdi. Ony amala aşyrmakda hem awstriýanyň Steýs-kausleri kuýaz klemensa fon Mefternik esasy rol oýnamalydy. XIX asyryň 40-njy ýyllarynda German soýuzynyň düzümindäki döwletlerde içki gapma-garşylyklar we dabalar has ýitileşýärdi. Olar bolsa öz gezeginde jemgyýetde aýgytly üýtgeşmeleriň tarapdarlarynyň güýçlenmegine getirdi. Ilatyň sowatly böleginiň arasynda birleşen German döwletiniň döredilmegi pikirleri hem ýaýrap başlady. Şeýlelikde 1848-nji ýylyň başlaryna german döwletlerinde syýasy ýagdaýlar, sosial gatnaşyklar hem-de milli mesele has hem ýitileşdi. Bu ýagdaý bolsa German döwletleriniň soýuzynda rewolýusion ýagdaýyň emele gelendigini aňladýardy. German döwletlerinde rewolýusiýa fransuz rewolýusiýasynyň ýeňişli tamamlanmagynyň täsiri astynda başlandy. 1848-nji ýýlyň Baýdak aýynyň 27-de Baden Gersoglygynda liberallar we radikal demokratlar uly halk ýygnagyny çagyrdylar we onda parlamente köpçülikleýin arza bilen ýüz tutdylar. Arzada milisiýany döretmek metbugat azatlygy, we oňa bolan çäklendirilmeleriň ýok edilmegi, ýygnak, partiýa azatlyklary we umumy german milli parlamentiniň çagyrylmagyny we ş.m talap beýan edilýärdi. Nowruz aýynyň 1-i Beýik Gersog arzadaky talaplary kanagatlandyrmaga mejbur bolýar we liberallardan ybarat hökümeti döredip ýokardaky talaplary ýerine ýetirmäge girişmegi karar edýär. 1848-nji ýylyň Nowruz aýynda Bedende bolup geçen ýagdaýlar beýleki German döwletlerine hem ýaýrap başlaýar. Şeýleleikde bu rewolýusiýa Mart rewolýusiýasy adyny alýar. Ol şol aýda German soýuzynyň iri döwletleri bolan Awstriýa we Prussiýa hem ýaýraýar. Sosial rewolýusion häsiýete eýe bolan halkyň gozgalaňy Nowruz aýynyň 13-i goşun bilen çaknyşyklara eltýär, köçelerdäki bolýan söweşlerde wepat bolanlar hem, ýaralananlar hem bardy. Şeýle ýagdaýda Prus şasy Fredrik Wilgelm 4 Nowruz aýynyň 18-de metbugatda dürli çäklendirmeleriň ýatyrylýanlygy, Birleşen landtagyr çagyrylmagyny, konstitusiýany kabul etmegi we German soýuzyny täzelemegi yglan etdi. Umumy german parlamentiniň talaplary Gurbansoltan aýýnyň ortalaryndan tä Magtymguly aýynyň ortalaryna çenli durmuşa geçirildi. Bu döwürde milli ýygnaga deputatlaryň saýlawy hem geçirildi. Onuň ilkinji mejlisi 1848-nji ýylyň Magtymguly 18-de açyldy, emma ol umumy german merkeze häkimiýeti bolmady. Parlament tarapyndan saýlanan imperiýanyň wagtlaýyn dolandyryjysy awstriýanyň erşarsogy Iogani hem-de imperiýanyň wagtlaýyn hökümeti hem hiç hili wekilçilikli hukuklardan we syýasat geçirmek serişdelerden mahrumdy, sebäbi olar Awstriýa we Prussiýa we ş.m döwletler tarapyndan garşylyga duçar bolýardylar.

1849-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 28-i parlament imperiýa konstitusiýasyny kabul etdi, ol esasan hem 1848-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda parlament tarapyndan kabul edilen. “Nemes halkynyň esasy hukuklaryndan” göçürmedi hem-de ABŞ-da 1776-nji ýylda kabul edilen “Garaşsyzlyk Deklarasiýasynyň”, Fransiýada 1789-njy ýylda kabul edilen “Adamyň we raýatyň hukuklarynyň Deklorasiýasynyň” nusgalary boýunça ýazylan esasy kanundy. Onda ilkinji gezek nemes taryhynda raýatlaryň azatlyklary ýagny şahsyýet azatlygy, din we wyždan azatlyklary, imperiýanyň çäginde erkin hereket etmek hukugy, ýygnaklaryň we toparlaryň erkinligi, kanun öňünde deňlik, hünär seçip almak erkinligi, eýeçiligiň eldegirilmezligi konstitusiýa boýunça ölümjezasy ýatyrylýardy. Şeýle hem imperiýanyň “kiçi german” görnüşi kabul edildi. Ýagny nemesleriň imperatory, ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy edilip prus şasy Fredrik Wilgelm-4 saýlandy. Kanun çykaryjy häkimiýet 2 basgançakly parlamentden durýardy- ýagny 1 halk ýygnagy, ol ähli erkekleriň ähli umumy we deň ses bermegi esasynda saýlanýardy. 2 döwletleriň ýygnagy ol aýry-aýry döwletleriň hökümetleriniň wekilleri tarapyndan düzülýärdi. Şeýlelik bilen liberallar tarapyndan goldalan konserwatorlar konstitusiýada monorhistik prinsipi we mirasdüşerlik monarhiýany saýlap galmagy basardy. Az sanly demokratlar we liberallar bolsa ýeketäk demokratik respublikany döretmek maksadyna ýetip bilmediler. 1849-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-de F.Wilgelm-4 şa täjini kabul etmedi. Beýle ýagdaý Germaniýada rewolýusiýa garşy güýçleriň hüjümi geçýänligine şaýatlyk edýärdi, ol bolsa öz gezeginde Fraukfent parlamentiniň işiniň puja çykýanlygyny aňladýardy. Bulardan başga-da konstitusiýa köp sanly german döwletleriniň şalary we hökümetleri tarapyndan inkär edilipdi. Şonuň üçin hem 1849-njy ýýlyň Magtymguly –Oguz aýlarynda konstitusiýany goramak ugrunda Drezgende, Reýn welaýatynda, Badende halk tolgunyşyklary bolup geçýärdi. Emma olar doly basylyp ýatyrylypdy. 1849-nji ýylyň Oguz aýynda Russiýada rewolýusiýa garşy güýçler esasy ýerleri eýeläpdi. German döwletleriniň köp şäherleri gabaw astynda-dy, köp halatlarda liberal köpçüligiň kabul edýän kararlary, möhüm kanunlary netijesizdi. Şonuň üçin hem Russiýanyň milli ýygnagy dargady. Ondan soň şa tarapyndan gözden geçirilen konstitusiýa, onuň doly gözegçilik etmegine geçýärdi, şa islendik wagtda kanuny aýyrmak konstusiýa madda ýatyrmaz ýaly ygtyýarlyklary alypdy. 1849-nji ýylyň Magtymguly aýyndan 3 basgançakly saýlaw ulgamy girizilýärdi. Ol Russiýada monorhiýa agdarylýança, ýagny 1918-nji ýýla çenli dowam etdi. Şeýlelikde rewolýusiýa ýeňlişe duçar boldy, ol esasy maksadyna ýagny Germaniýanyň milli birleşmegine amala aşyryp bilmedi. XVIII asyr fransuz rewolýusiýasyndan tapawutlykda, ol ahyry maksadyna ýetip bilmedi. Emma oňa seretmezden köp german döwletlerinde esasan hem Fransiýada orta asyr galyndylary aýryldy, olaryň käbirlerinde konstitusiýalar, raýat hukuklary we azatlyklary häli öz güýjünde galýardy. Bu ýagdaýlar bolsa Germaniýada täze gatnaşyklaryň ösmegine itergi berdi, ilatyň käbir gatlaklarynyň syýasy durmuşda we häkimiýeti dolandyrmaga işeňňir gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde, Germaniýanyaşakdan ýagny rewolýusion ýol bilen birleşdirmek başartmady.taryhy sahna birleşdirmegiň beýleki ýoly çykaryldy, onda esasy orny prus monarhiýasy oýnaýardy. Prus şazadasy Wilgelm şol döwürlerde şeýle ýazýardy: “Kim Germaniýany dolandyrjak bolsa ony özi basyp almalydyr. Şeýle wagtyň gelenligini diňe hudaý bilýär. Emma Russiýa Germaniýanyň başynda bolmalydyr, ol biziň ähli taryhymyzda esaslanandyr, emma haçan we nähili ol amala aşyrylar – ony geljek gorkezer diýip belleýär.