Garaşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmeler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Garaşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmeler

I-II umumy okuw

Meýilnama

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň taryhy boýunça işleri. Ruhnama taryhy çeşme hökmünde.

2. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şadessalarynda türkmen halkynyň taryhynyň beýan edilişi.

3. Garaşsyzlyk ýyllaryndaky taryhy çeşmeler.

4. Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlere daşary ýurtlaryň seslenmeleri we garaýyşlary.

1. “Biz bäş müňýyllyk ýazmaça taryhy bolan, dünýäde 70-den gowrak uly döwletler guran türkmen elipbiýini dünýä beren beýik halkdyrys” (255 sah) diýip Baky Beýik Serdarymyz özüniň ýüreginden syzdyryp, gadymy hem-de müdimi türkmen halkyna peşgeş beren Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda belläp geçýär.

Nuh alaýhyssalamdan gaýdýan uly taryhyn ýoly bolan türkmen halky iň gadymy hem-de beýik halkdyr. Onuň beýikligi barada Beýik Serdarymyz şeýle belleýär: “Türkmen öz taryhçylaryna we özge taryhçylara türkmen bäş müň ýyl ýaşan millet diydireni üçin beýikdir. Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir” (Ruhnama I kitap 66 sah).

Ýöne gynansakda geçmişde şol bäş müň ýyllyk türkmen taryhy doly we dogry öwrenilmedi. Ýazarmanlaryň işleri türkmen halky, onuň gelip çykyşy we düzüm bölegi barada dürlüçe Maglumatlar berýärdi. Beýik Serdarymyzyň belleýşi ýaly: “Taryhçylaryň, sene ýazuwçylaryň, beýleki akyl zähmetiniň işgärleriniň ýazgylary türkmen baradaky maglumatlary özüniň dürli-dürlidigi, gapma-garşylykdygy bilen geň galdyrýar. Olaryň birine ynansaň, Turkmen çarwa ýa ýarym çarwa halk, başga biri ony çomry, beýleki biri medeniýeti guran şäherli-köşkli millet hökmünde görkezýär, ýene biri-syýasy taýdan işjeň, başga biri bolsa haýal-ýagal, ýalta halk diýip görkezýär”. Şonuň üçin-de biz esasan hem soňky üç ýüz ýylyň içinde türkmeniň taryhyn barada ýazylan eserleriň käbirlerini geçişimizi öwrenmekde çeşme hökmünde ulanyp bilmeýäris.

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy öwrenmeklige mümkinçilik tapdyk. Türkmenbaşymyz “Bize doly hakykaty açyp görkezýän taryh gerek. Ajy-da bolsa, süýjü-de bolsa taryhy dogruçyl beýan etmeli” diýip, taryhyn anyk öwrenmekligi baş maksat edip goýdy. Milli taryhymyzy ýazmakda nähili ýoldan, ýorelgelerden gitmelidigi baradaky nusgalyk işi türkmen jemgyýetiniň Beýik Serdary Saparmyrat Türkmenbaşy döretdi. Ol iş türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we gelejegini özünde jemleýän Mukaddes Ruhnamadyr. Ruhnama halkyň geçmiş taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk boldy. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamanyň üsti bilen türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyn ýoly we şol taryhyn ýolda guran 70-den gowrak beýik döwletleri barada, öň taryhda mälim bolmadyk zatlar barada anyk Maglumatlar berýär. Beýik Serdarymyz: “Ruhnamany ýazmak bilen maksadym – her bir türkmene taryhyn hakykaty bildirmekden ybarat” diýip belleýär. Ol türkmen halkynyň döreýşi, onuň ady barada: “Biz türk-iman-asly nurdan diýen ady alan türkmenlerdiris. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmendir. Oguz han özüne, milletine Türkmen – asly nurdan diýip at dakypdyr” diýip ýazýar. (Ruhnama I kitap 79-80). Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda türkmen taryhyny bäş eýýama bölüp, beýan edýär. Ol: “Türkmen milleti döräli bäri onuň milli ruhy bolupdyr, her döwürde şol ruh dünýäniň özgermegi bilen öz öwüşginini tapypdyr, emma gymmatlygyny ýitirmän, kämilleşip, bäş eýýamy geçipdir” diýip, türkmeniň ruhy ösüş esasynda geçen ýoluny beýan edýär.

Türkmen taryhynyň I eýýamyny “Oguz han eýýamy” diýip atlandyrýar. Ol biziň eýýamyzdan öňki V müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy öz içine alýar. Milletiň ruhy gözbaşy Oguz han bolupdyr. Oňony öküz bolup, adamlar öz päk zähmetleri bilen tebigaty özgerdipdirler.

Türkmen ruhunyň II eýýamy 650-nji ýýldan X asyra çenli döwri öz içine alýar. Ruhy ýolbaşçysy Gorkut ata bolup, oňony böri bolupdyr. Halkyň ruhy gopuz bilen beýan edilipdir.

Türkmen ruhunyň III eýýamy X-XVI asyrlary öz içine alyp, ruhy ýolbaşçysy Görogly beg bolupdyr. Ruhy dutar bilen beýan edilipdir. Türkmenler bu döwürde ösüpdirler we beýik derejä ýetipdirler. Seljuklar taryhda uly yz galdyran beýik döwletlerini döredipdirler. Türkmen ruhy bürgüt bolup, bürgüt beýiklige galypdyr. Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetler döräpdir. Olara bürgüt lakamy berilipdir. Bu döwür türkmen halkynyň dünýä ýaň salan döwrüdir.

Türkmen ruhunyň dördünji eýýamy XVII-XX asyrlary öz içine alyp, ruhy ýolbaşçysy Magtymgulydyr. Türkmen ruhunyň pese düşen döwri bolup, ruhy galam bilen beýan edilipdir. Halk dagynyp ýagdaýda ýaşap, baknalyk ýyllary başyndan geçirýär. Birnäçe wagşyna çozuşlar bolýar. Halk elgarama ýagdaýda ýaşaýar.

Türkmen ruhunyň bäşinji eýýamy 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinden başlanýar. Bu eýýamyň ruhy ýolbaşçysy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmen ruhunyň kämillik eýýamy bolup, halk bedew basy bilen öňe barýar. Halkyň ruhy 72 saz guralynyň üsti bilen beýan edilýär. Bu eýýamda Beýik Serdaryňşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan döwleti döredi.

Beýik Serdarymyz türkmen taryhyny şeýle yzygiderli beýan etmek bilen, türkmen halkynyň döreden gymmatlyklary, gadymýetde ilkinji ak bugdaýyň ýüze çykan ýeňişli-ýeňlişli ýollary barada anyk Maglumatlar berýär. Saparmyrat Türkmenbaşy: “Eseriň ýaşy ussadyň öz ýaşyndan uly bolup bilmez” diýmek bilen, türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyn ýoly gçen gadymy halkdygyny Mukaddes Ruhnamasynda anyk delilller esasynda beýan edýär. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynyň II kitabynda hem türkmeniň taryhyn ýoly, birnäçe beýik şahsyýetleri barada birinji kitapdaky pikirleriniň üstüni doldurýar. Ol: “Türkmen bäş müň ýyllyk taryhda 70-den gowrak döwleti nähili gurupdyr? Olary nähili saklapdyr sekiz asyrlyk döwletsizlik döwründe ýurduny nähili gorapdyr?” diýen soraglara giň maglumatlary jogap berýär.

Beýik Serdarymyzyň “Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy” şadessanynda hem geçmiş taryhymyz barada giň maglumat berilýär. Beýik Serdarymyz:

“Bir eýýamy ýapyp,

Täze Eýýamy

Aýar Alla Beýik şahsyýet bilen!”

diýmek bilen, Ruhnamadaky bäş eýýamy bu kitabynda rowaýatlar we goşgy setirleri bilen beýan edýär.

2. Baky Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Türkmen ilim aman bolsun”, “Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy”, “Meniň Ruhubelentlik baharym” şadessanlarynda türkmen halkynyň ajaýyp geçmişi öz beýanyny tapýar. Beýik Serdarymyzyň “Türkmen ilim aman bolsun” şadessanynda “Oguz han” şygyrynda Oguz han onuň ogullary şeýle hem basyp alan ýerleri barada giňişleýin berilýär. Ýagny:

“Sen külli türkmeniň emer – damary,

Arşyň ahmaýasy, Ýeriň kemeri,

Gündiziň güni sen, gijäň Kamary,

Barça aryh senden dowam, Oguz han.

Bu setirlerinden görnüşi ýaly türkmen halkynyň aslynyň Oguz handan gaýdýandygyny, şeýle hem türkmen halkynyň gadymy milli taryhynyň Oguz han döwründen alyp gaýdýandygyny bellenip geçilýär. Ruhy Atamyzyň “Oguz hanyň elipbiýi” diýen şygyrynda Oguz handan gaýdýan elipbiý barasyna gürrüň edilýär. Ýagny:

“Ýigrimi dört agtyk,

Her tagmasy bir ýigrimi dört tagma, owazdan ybarat”

diýen setirlerinde Oguz hanyň 24 agtygynyň bolup, onuň hersiniň bir tagmasy bar. Şol 24 tagmadan Oguz hanyň elipbiýi düzülýär. Ýöne, Oguz hanyň öz tagmasy bilen, ol elipbiý 25 harpdan ybaratdyr. Bu elipbiý biziň günlerimize halylaryň keşdeleriniň üsti bilen gelip ýetendir. Bu dogrusynda Beýik Serdarymyz ýokardaky şygyrynda şeýle belleýär:

“Gyz-gelinler ony hala çitdiler,

Gaýadylar keşde bilen gaýmada.

Ynandylar Oguz handan keramat

Bardygyna her harpda,

Her tagmada!”

Baky Beýik Serdarymyzyň “Meniň Ruhubelentlik Baharym” atly şadessandaky “Geçmişden geljek görünýär” diýen şygyrynda şeýle setirleri bar:

“Depesinde otyr beýik taryhyň.

Asyr gerek öwrenmäge geçenňi,

Müň ýyl gerek sözlemäge tarypyn!”

Şeýle diýmek bilen Beýik Serdarymyz türkmen halkynyň gadymy baý taryhyny öwrenmeklige ýene-de azyndan 1000 ýyl gerekdigini aýdýar. Dogrudan-da türkmen halkynyň geçmiş taryhyn ýaňyja doly we dogry öwrenilip başlandy. Sähelýylyň içinde türkmen halkynyň gadymy döwleti, medeniýeti, sungaty, döredenligi doly anyklanyldy.

Beýik Serdarymyzyn “Türkmeniň bäş eýyamynyň ruhy” şadessanynda “Ene dilim” şygyrynda:

“Otparaz pygamber zaratustraň

Marguşdaky ýakan ady bar sende”

diýen setirlerinde Otparazçylyk dinini zaratustraň esaslandyrandygyny, şeýle hem Marguşda ýaşap geçendigini belleýär.

Bulardan başgada “Türkmen ilim aman bolsun” diýen şadessanyndaky “Ak bugdaý” şygyrynda şeýle belleýär:

“Elli asyr ulus-ile soltanyň,

Änew topragynda bitten ak bugdaý”

Baky Beýik Serdarymyzyň bu şygyrynda türkmen halkynyň 5 müňýyllyk taryhynda ak bugdaý ekendigini, şeýle hem onuň tohumynyň ilkinji Änewden tapylandygyny anyk açyp görkezýär. Diýmek, ondan biz Türkmenistan ak bugdaýyň Watanydyr diýmäge doly haklydyrys.

3. Garaşsyzlyk eýyamynda, has dogrusy kämillik eýýamynda taryhyn çeşme bolup, ilkinji bilen Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Atalyk kitaplary hyzmat edýär. Mukaddes Ruhnama kitabymyz türkmen halkyna peşgeş berilmegi bilen birnäçe taryhdfa entäk sahypasy açylmadyk maglumatlary äşgär edildi. beýik Serdarymyz bu maglumatlary ylmy nukdaý nazardan subut edip, açyp görkezdi. Mukaddes Ruhnama kitaby taryhyn kitap däl-de, türkmen alymlaryna, taryhçylaryna…türkmeniň milli taryhyny nädip ýazmalydygyna ýol görkezýän Mukaddes kitapdyr. Galybersede, dünýä alymlarynada, taryhçylaryna-da…taryhyn nädip ýazmalydygyny görkezýän bir mukaddeslikdir.

Garaşsyzlyk eýýamynda gadymy ýazuw çeşmeleriň sany gitdigiçe artyp durýar. Bu bolsa Beýik Serdarymyzyň gorkezmesi boýunça açylan täze Milli medeni “Miras” merkeziniň netijesindendir. Ýagny, türkmen taryhçylary, alymlary daşary ýurtlara gidip türkmen milleti barada ýazylan kitaplary terjime edip, halkymyza gowşurýar.

Milli medeni “Miras” Merkezi açylmanka Ruhy Atamyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “ Milletiň ruhy we taryhyn Galkynyşynyň bähbitleri ugrunda” Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Mejlisinde şeýle altyna gaplaýmalt sözler aýtdy: “Miras” Milli medeni jemgyýetiniň açylmagy wagty geldi. Halkymyzyň geçmişine dahylly eserleri ýygnamak, owrenmek neşir etmek işi “Miras” medeni merkezine degişlidir. Türkmeniň geçmişindäki baý taryhyň ählisini öwrenmek, kitap edip çykaryp, halka ýetirmeli diýip belläp geçýär.

Şunlukda, taryhçylarymyz beýleki ýurtlardan türkmeniň gadymy taryhyna degişli birnäçe ygtybarly, türkmen diline terjime edip, halkymyzyň içine ýaýratýarlar. Ol kitaplardan Ibn Eseriň 3 jiltlik “Kämil taryh” diýen kitaby, Muhammet Utbiniň “Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy” diýen 1 jiltlik eseri, ýazyjy ogly Alynyň “Seljuk türkmenleriniň taryhy” diýen 2-I jiltlik kitaby, Muhammet Mümener “Mäne babanyň keramatlarynda we halatlarynda hekaýatlar” diýen 1 jiltlik eseri we ş.m. degişlidir.

Şeýle hem Öwez Gündogdyýewiň “Aşgabat keramatly Ärsagyň şäheri” diýen kitaby, Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk toýuna bagyşlanyp terjime edilen Muhammet Mesewiniň “Soltan Jelalleddin Meňburynyň ömür beýany” diýen eseri, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň “Marguş-Türkmenistan Murgap derýasynyň köne hanasynyň aýagyndaky gadymy gündogar şalygy” diýen kitaby garaz näçe sanasaň sanabermeli. Ýene-de esasy aýtmaly çeşmämiziň biri hem Rofaýel Pampelliniň gadymy Änew baradaky ýazan kitabydyr.

Umuman aýdanymyzda Garaşsyzlyk eýýamymyzda taryhyn çeşmeleriň, kitaplaryň sany juda köpelýändir.

XIII asyrda ýaşap çen beýik taryhçy alym Yzeddin ibn Eseriň “Kämil taryh” atly kitaby dünýä taryhyny öwrenmekde iň ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýar. Ömrüniň agramly bölegini türkmen hökümdarlarynyň hemaýatkärliginde geçiren Ibn Eseriň türkmen serkerdeleriniň ýörişlerini, söweşlerini taryhçy hökmünde gatnaşandygy has-da gyzyklydyr. Ol birnäçe wagtlap masul atabegleri bilen halypanyň arasynda ilçi bolýar. Ol öz ýazgylarynda beýan edýän wakalarynyň köpüsine gözli şaýat bolan şahsdyr. Ibn eseriň “Kämil taryh atly köp (12) jiltli eseriniň esasan 3 jilti türkmen halkynyň taryhyn bilen baglanyşyklylary terjime edildi.”

Ilkinji gezek arap dilinden türkmen diline geçirilip neşir edilen bu eseri döreden Abu Nasr Muhammet bin Abdyljapbar raby Mahmyt gaznalynyň kätibi bolup, beýan edilen wakalaryň köpüsiniň şaýady bolan şahsdyr. Ine, şonuň üçin-de X-XI asyrlara degişli bolan bu gymmat bahaly golýazma türkmen halkynyň hem-de tutuş musulman Gündogarynyň taryhyny öwrenmekde-de ygtybarly çeşmedir. Bu kitapda şol gadymy döwürdäki durmuş baradaky gyzykly we ozal giňden mälim bolmadyk Maglumatlar, köp sanly harby ýörişleriň jikme-jik beýan edilýär.

Soltan mahmyt Gaznaly geçmişde milli taryhymyzda uly yz galdyran meşhur adamlaryň biridir. Ol tutuş musulman dünýäsinde ajaýýp oý-pikirleriň tarapdary hökmünde hem-de yslamy ýaýratmakda we goramakda uly bitiren adam hökmünde şöhrat gazandy.

Öwez Gündogdyýewiň bu täze kitabynda, ýagny “Aşgabat – Keramatly Är-sagyň şäheri” diýen täze kitabynda Aşgabat şäheriniň gadymy döwründen şu günlere çenli taryhyn barada gürrüň berilýär. Ol 7 bapdan ybaratdyr.

Kitapda Ärsagyň neberesine uly orun berlipdir. Olar Aşgabadyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Aşgabat şäheriniň ýaňy azyndan 2500 ýyl bardyr diýlip bellenilýär. Mundane başga-da, Aşgabat şäheriniň häzirki ýagdaýlary barada maglumat berilýär. Nusaýly ildeşimiz Muhammet en-Nesiwi soltan jelalleddin Meňburnyň mürzesi bolup işläp, taryhyn söweşleriň ençemesine gatnaşýar. Şonuň üçin-de bu kitap örän ygtybarly taryhyn maglumatlara bar.

Muhammet en-Nesiwi diwanynda dünýä ýaň salan Köneürgenç soltanlygynyň soňky ýyllary barada, edermen, gaýduwsyz türkmenleriň pajygaly taryhyň eýýamda görkezen gahrymançylyklary hakynda-da gürrüň Sarianidiniň “Marguş” kitabynda Murgabyň köne akymynyň ugrundaky Marguş ýurdy barada söz açýar. Onda 1972-nji ýyldan başlap, 2002-nji ýyla çenli açylan ýadygärlikler barada söz Muhammet Nesewi Soltan Jelaletdin barada “Soltan Jelaletdin Miňburunyň ömür beýany” diýen ldiwanyny ýazýar. Bu eser Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýýlygyna bagyşlanyp 2001-nji ýýlda çap 2001-nji ýylda Annageldi Esenowyň “Türkmenistanyň binagärçiliginiň taryhy” diyen kitaby neşir edilýär. Bu kitapda gadymy döwürden XXI asyryň başyna çenli Türkmenistanyň binagärçiliginiň döreşi, kemala gelşi we ösüşi beýan edilýär. Binagärçilik ýadygärlikleriniň ösüşiniň dürli tapgyrlarynda olaryň hyzmaty, ýerine ýetiriş, çeperçilik aýratynlyklary yzarlanylýar.

2004-nji ýylda Baýramyrat Baýmyradowyň çapa taýýarlamagynda “Türkmen galalary hakynda rowaýatlar” diyen kitaby çap edilýär. Bu kitapda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler baradaky rowaýatlar beýan edilýär.

2004-nji ýylda Kakajan Janbekowyň terjime etmegin esasynda Reşit-ed-din Watwatyň “Resmi hatlar” atly kitaby çap edilýär. Reşit-ed-din Watwat köneürgenç türkmenleriniň hökümdary Atsyza “XII asyr” we onuň neberelerine wepaly hyzmat eden meşhur kätip, söz ussady, zehinli şahyr bolupdyr. Bu eserde köneürgenç türkmnelriniň hökümdarlygynyň resminamalary we şahyryň hatlary ýerleşdirilipdir.

1994-nji ýýlda türkmen alymlary we professor Çary Ýazlyýewiň rdaksiýasy bilen ýurudumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna niýetlenen “Türkmenistanyň taryhyn” okuw gollanmasy 2 jiltden ybarat edilip neşir edilýär. Onda iň gadymy döwürden tä XIX asyra ortalaryna çenli döwür beýan edilýär. (1 kitap 1994ý).

1995-nji ýylda Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň akademigi M. Annanepesowyň Ýegen Atagarryýew tarapyndan “Türkmenistanyň taryhyndan materiallar” (X-XVII asyr) diýen okuw gollanmasy çapdan çykýar.

4. Türkmenistan döwletimiz gün-günden gözelleşip barýar. Bu ýere iş sapary, gezelenç üçin, syýahat etmek üçin gelýän daşary yurt ilçileri bu özgerşikler barada uly maglumatlary galdyrýarlar.

Ýagny, Ýaponiýaly Itiro Aýsowa iş sapary bilen Türkmenistana gelende şeýle diýýär. Ýagny “Soňky ýyllarda Türkmenistanda bolup geçen örän uly özgerişikler haýran galdyrýar we buýsanma mynasypdyr”.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary boýunça kömekçisiniň orunbasary Lora kemmedi hem Türkmenistan döwletimize iş sapary bilen gelýär. Ol özünde galan täsirler barada şeýle diýýär: “Men türkmenistanly talyplar bilen diňe bir Amerikada däl, eýsem beýleki ýurtlaryň uniwersitetlerinde hem ýygy-ýygydan duşuşýaryn. Olar siziň ýurduňyzyň mynasyp wekilleri bolup dur ýarlar, şonuň üçin bilim ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy mundane beýläk-de giňeltmek örän zerurdyr. Men Türkmenistana ýene gelip görmegi arzuw edýärin. Men hemişe ilçi bolup işlän wagtymda hem bir zady ýygy-ýygydan gaýtalaýardym:” Türkmenistanyň baýlygy onuň halkydyr. Meniň şu gezekki saparym köne dostlarym bilen ýöne bir gezek duşuşmak üçin, täze dostlary tutunmak üçin oňat mümkinçilik boldy.

  Aşgabat şäheri bütinleý özgeripdir. Men muňa örän şatdyryn.

Gündogar halklarynyň sungaty baradaky döwletler muzeýiniň baş ylmy ylymlarynyň doktory S. Berzina Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle baha berýär:

“Biz bu gün türkmen baştutanynyň kitabynyň çapdan çykmagy bilen gutlaýaryn. Bu kitabyň köp taraplaýyn uly ähmiýeti bardyr we ol diňe türkmen halkynyň taryhyna we ylmy bolmak bilen çäklenmeýär. Mukaddes Ruhnama tutuş Merkezi Aziyanyň taryhynyň häzirki ýagdaýýna göz ýetirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir”.

“Luds” uniwersitetiniň syýasatşynaslyk we halkara barlygy. Maýkl Denison Mukaddes Ruhnama kitaby barada şeýle diýýär: “Ruhnama kitabynyň häzirki zaman türkmen medeniýetini ösdürmek üçin uly orna eýedigine söz ýok. Bu kitap türkmen halkynyň ahlak-ruhy ýörelgesi bolup durýar. Ruhnama kitabynyň iňlis diline terjime edilmeginiň özi köp ýurtlardaky iňlis dilinde gürleýän adamlaryň arasynda kitapda öz beýanyny tapan çuňňur oý-pikirleriň ýaýradylmagyna ýardam bere diýip hasaplaýaryn ” ýazyjylar Birleşikleriniň Halkara jemgyýetçiliginiň müdiriýetiniň orunbsary, öz wagtynda “Seýdi” poemasyny ýazan ýazyjy W. Sorokin Mukaddes Ruhnama barada özüniň pikirini aýdýar. Ýagny, “Ruhnamany şahyr Prezident ýazdy, şonuň üçin hem ol şahyrana mähri, eziz halkyna, öz topragyna bolan beýik söýgä beslenendir”