Ganazlyk

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ganazlyk Gan- bedeniň ähli öýjüklerine kislorod, iýmitlendiriji we goraýjy maddalary eltýän, şeýle hem kömürturşy gazy, alyş-çalşyň önümlerini we zäherli birleşmeleri daşary çykarýan biologik suwuklyk. Erkek adamda ortaça 5,2 litr, aýalda 3.9 litr gan bar. Ol plazmadan hem-de eritrosirlerden, leýkositlerden, trombositlerden durýar. Eritrosisitleriň (gyzyl gan öýjükleri) düzümine girýän gemoglobin ýaşaýyş üçin zerur hadysany dem alşy üpjün edýän, ýagny kislorody geçirýän ýeke-täk madda. Köp keselleriň ýüze çykmagy onuň gurluşynyň bozulmagy bilen baglanyşykly. Doly bahaly gemoglobiniň emele gelmegi üçin demir gerek. Bu element ýetmezçilik edende ganda gemoglobiniň derejesi peselýär. Diýmek, bedeniň öýjüklerine kislorod az barýar. Netijede demir ýetmezçilikli ganazlyk ýüze çykýar. Bu kaseliň iň elhenç tarapy çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýallaryň we çagalaryň saglygyna has uly howp salýandygynda: 1. Çagalar akyl we beden taýdan ösüşde yzda galýarlar; 2. Bedeniň gorag güýçleri gowşaýar; 3. Ýokanç keseller ýygy ýygydan ýüze çykýar; 4. Göwreli aýallarda hamylalyk döwri we çaga dogruş agyr geçýär; 5. Bäbekler wagtyndan ir dogulýar, olar dogabitdi ganazlykdan ejir çekýärler; 6. Ähli keseller agyr geçýär, olar köplenç dowamly görnüşe geçýär. Ganazlyga gündelik iýmitiň düzüminde A, B1, B2, B3, B6, B12 witaminleriniň, sinkiň, foliý turşusynyň, ýaşaýyş üçin zerur beýleki elementleriň, has-da demriň mukdarynyň ýeterlik bolmazlygyndan başga-da içege gurçuklary (soguljan), uzaga çekýän keseller, aýal-gyzlarda bil açylanda ganyň köp gitmegi, aýbaşynyň uzak dowam etmegi, spirallaryň (göwrede çaga galmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen serişde) nädogry ulanylmagy, ýygy aralykda çaga dogrulmagy sebäp bolýar. Ganazlykda akyl we beden zähmetine ukyp peselýär, syrkaw çalt ýadaýar, ysgyndan düşýär, derisi solgun görünýär, başy aýlanýar. Demir ýetmezçilikli ganazlykda keseliň alamatlary ýitileşýär. Näsag sähel agram düşende ýadaýar,demi gysýar, ýürek urgusy çaltlanýar, gulaklary şaňlaýar, gözüniň öňünde kebelejikler gaýmalaşan ýaly bolýar, ýüzi, diş eti, dodagy, dili, dyrnaklary, gabaklary aksowult reňke geçýär. Bu alamatlar ganazlygy çaklamaga esas berýär. Ýöne kesel diňe ganyň derňewiniň netijesi boýunça gutarnykly kesgitlenýär. Ganazlygyň öňüni almak üçin ilkinji nobatda dogry iýmitlenmeli. Witaminlere, zerur elementlere, aýratyn hem demre baý azyk önümlerini iýmeli. Käbir düzgünleri berk ýatda saklamaly: 1. С witaminini demriň özleşdirilmegine oňat täsir edýär, şonuň üçin düzüminde С witamini ýeterlik bolan azyk önümlerini yzygiderli ulanmaly; 2. Çaý bilen kofe, tersine, demriň özleşmegine päsgel berýär. Bu içgileri nahardan azyndan 30-40 minut soň içmeli. 3. Demir bilen baýlaşdyrylan bugdaý ununy ulanmaly. 4. Düzüminde foliý turşusy bolan demirli derman serişdelerini kabul etmeli.

Amanmyradowa Miwe, IUHD Halkara maliýe