Gallipoli
Türkçe : Gelibolu
Ýewropada ýarymada. Türkiýe döwletine degişlidir. Bu ada Türkiýäniñ çanakkale oblastynyñ ýanyndadyr. 2016-njy ýylyñ hasabyna göra adada 29276 adam ýaşaýar.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Gadymy döwürlerde Gallipoli ýarym adasy Trakiýa Çerson (gadymy grek : Χερσoνησoς Θραικια) ady bilen belli bolupdyr. 6-njy asyrda Afinylylar tarapyndan esaslandyrylan Trakiýa Çersonese şäheri hem bellidir. "Kallipolis" (soňra "Gallipoli" adyna üýtgedildi) ady ilkinji Makedoniýa imperiýasynyñ döwründe ýüze çykýar. Munuň manysy, “bogazyň kenaryndaky şäher” (gadymy grekçe κλείς “bogaz” we πόλις “şäher”).
Orta asyrlarda Gallipoli Wenesiýaly söwdagärleriniň harytlaryny saklaýan ýeri hökmünde bolupdyr. 1190-njy ýylda Frederik Barbarossanyñ ýolbaşçylygyndaky hristiýanlaryñ goşuny bu ýerden Aziýa geçdi. 1204-nji ýylda şäher Wenesiýalylar tarapyndan basylyp alyndy. 1306-njy ýylda katalonlar tarapyndan talanyldy, weýran edildi we ýok edildi. 1352-nji ýylda güýçli ýer titremesi sebäpli Gallipolyň gorag berkitmeleri uly zeper ýetdi we Osman imperiýasy tarapyndan basylyp alyndy - bu türkler tarapyndan basylyp alynan ýewropadaky ilkinji şäher.
1366-njy ýylda Rim papasy Sawoýly graf Amadeus VI-nyň ýolbaşçylygyndaky Türklere garşy haçly ýöriş yglan etdi. Hristiýanlar 1366-njy ýylyň 23-nji awgustynda şäheri basyp aldylar we 1367-nji ýylyň 14-nji iýunynda Wizantiýa imperiýasyna gaýtaryp berdiler. 1376-njy ýylda imperator Andronik IV ýarym adany Türklere berdi. Bu sowgat Osman döwletine uly peýda boldy.
1416-njy ýylda Gallipolide Wenesiýa gämisi deňizde ýeňiş gazandy.
Birinji jahan urşy döwründe, Dardanel söweşinde (1915), ýarym adada Antantanyñ goşunlary bilen Osman goşunlarynyň arasynda agyr söweşler bolup geçdi. Bu ada Antata we 3-ler bileleşiginiñ söweşen ýurtlaryň köp sanly ýadygärligi we gonamçylygy bar we ol uly milli seýilgähe öwrüldi.
Gallipoli adasy Türkiýäniň mukaddes ýerlerinden biridir, üstünde köp sanly ýadygärlik bar, mysal üçin, Uruş wagtynda ölen şehitleriň ýadygärligi.