Gajar türkmenleriniň dinastiýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Paýtagty: Tähran

Dili: Azeriçe (Saraý dili, türki-türkmen)

Din: Yslam (Japary mezhebi)

Şalary: 1794-1797 Agamuhammet şa 1909-1925 Ahmet Şa

Gülüstan şertnamasy: 1813 Türkmençaý şertnamasy: 1828

Eýranda ýaşaýan gajarlaryň aglabasy häzir pars dilinde gepleýän bolsa-da, olar aslynda türki taýpanyň wekilleridir. Taýpa hökmünde türki (türkmen) we parsy taýpalaryň gatyşmagy netijesinde Eýranyň we Horasanyň (Günorta Türkmenistan: Balkan we Ahal, Mary wel.) territoriýasynda kemala gelen gajarlar XV 一 XVI asyrlarda gyzylbaşlaryň esasy özeni hasaplanyp, şa Ysmaýyl Hataýynyň ýolbaşçylygynda Sefewiler döwletini berkarar etmäge işeňňir gatnaşypdyrlar. Şa Apbas I döwründe gajarlaryň bir bölegi Kawkazda, ikinji bölegi Maryda, üçünjisi hem Gürgen derýasynyň boýunda oturypdyr, hatda Baýramalyda hanlyk eden we 1785-nji ýylda Buhara emiri Şamyrat Welnamy tarapyndan öldürilen Mary hany Baýramaly hanyň hem.asly gajarlardan bolupdyr. XVIII asyrda bu taýpa has güýçlenip, Gajarlar dinastiýasyny döredýärler. Musulman patyşalarynyň şejeresini yzarlan alym K. E. Boswort gajarlary türkmen hasaplaýar. Bu ýöne ýerden däl bolsa gerek, çünki gajar diýen urug ýa-da tire atlary alilileriň, gökleňleriň, demirgazyk ýomutlaryň we olamlaryň düzüminde saklanyp galypdyr. Gajar diýen adyň asyl köki we manysy barada häzirlikçe biziň elimizde hiç hili tutaryk ýok, ýöne türki etnonimleri ürç edip öwrenen orus alymy D. Ý. Ýeremeýewiň bu baradaky pikiri bellenmäge mynasypdyr. Ol gajar diýen etnonimi gadymy hazar diýen türki halkyň adynyň üýtgän görnüşi hasaplaýar[1].

Gajar dinastiýasynyň gurulmagy[düzet | çeşmäni düzet]

Gajar dinastiýasy (Azeriçe: Qacar Dövləti, Parsça: هیراجاق,ācārīye; 1794 [2] - 1925) Eýranda asly Azerbeýjan Türkileri bolan Gajar taýpasynyň ybarat bolan Kowanlylar tarapyndan gurulan we 1794 bilen 1925-nji ýyllar aralygynda höküm süren döwlet bolupdyr[3][4][5].

Gajar birleşigi[düzet | çeşmäni düzet]

Sefewi dinastiýasynyň astynda harby esger goşun birligini düzen Türkmenlerden Gajar tireleri XV asyrda häzirki Daglyk Garabagda göçüp gonup gezýärdiler. XVII asyrda teritoriýanyň goragy üçin Gürgendäki Astrabat töwereklerine ugradylypdyr. Gajar türkmen tireleri Düýeli goly we Goýunly gollarynyň başda durmaklary netijesinde iki gollar biri-birleri bilen bäsleşipdirler. Bu uruşlarda üstünlik gazanan Goýunly golundan Muhammet Hasan han, Owşar dinastiýasynyň Gurujusy Nedir şanyň ölüminden soň Gilan, Mazenderan we Jürjandan (Gürgen) ybarat Hazar deňiziniň kenarlaryny öz içine alyp Günorta Eýranda Zend dinastiýasyny guran Kerim han Zend bilen söweş edipdir.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

[1] Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat «Turan一1». 1994. s. 91.

[2] Bernard Lewis: Ortagündogar, s. 500.

[3] Genealogy and History of Qajar (Kadjar) Rulers and Heads of the Imperial Kadjar House

[4] Cyrus Ghani. Iran and the Rise of the Reza Shah: From Qajar Collapse to Pahlavi Power, I.B. Tauris, 2000, ISBN 1-86064-629-8,p. 1

[5] William Bayne Fisher. Cambridge History of Iran, Cambridge University Press, 1993, p. 344, ISBN 0-521-20094-6