Gadymy dünýä taryhynyň bütindünýä taryhynda tutýan orny

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Gadymy dünýä taryhynyň bütindünýä taryhynda tutýan orny

Bütindünýä taryhynyñ esasy bölekleriniñ biri-de gadymy dünýä taryhydyr. Gadymy dünýä taryhy ilkidurmuş jemgyýetinden soñ başlanýar. B.e. öñ IV müñýyllygyñ ahyrlarynda ilkinji swilizasiýalar döräp ugraýar. Ösüşiñ bu basgançagynyñ esasy häsiýetli aýratynlygy hem döwletleriñ döremegidir. Döwletler b.e.öñ IV – II müñýyllyklarda Ortaýer deñzinden Ýuwaş umman aralygynda döräpdirler. Şol döwletleriñ taryhynyñ b.e.öñ IV müñýyllygyñ ortalaryna çenli aralygyna Gadymy dünýä taryhy diýilýär. Gadymy dünýä taryhyny şertli üç döwre bölýärler:

1) irki gadymy döwür (b.e.öñ IV müñýyllygyñ ahyry – b.e.öñ II müñýyllygyñ ahyry)

2) gadymy döwletleriñ gülläp ösen döwri (b.e.öñ II müñýyllygyñ ahyry – b.e.öñ I müñýyllygyñ ahyry)

3) giçki gadymy döwür (b.e.öñ I müñýyllygyñ I ýarymy)

Gadymy döwletleriñ taryhynda ösüşiñ iki görnüşi tapawutlanyp, olar gadymy taryhyñ ikinji döwründe ýüze çykýarlar:

1) gadymy gündogaryñ ösüş ýoly;

2) antik ösüş ýoly.