Gadymy Turan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gadymy Turan[düzet | çeşmäni düzet]

«Gündogarda gündogara çenli, günortada günorta (taraplara) çenli, günbatarda günbatara çenli, demirgazykda gijäniň ortalygyna çenli, onuň içindäki millet bary maňa tabyndyr. Şunça milleti düzgünleşdirdim. Taňrynyň buýrugy bilen boldy, özüm döwletli bolanym üçin kagan boldum. Aç, pahyr milleti baý etdim, az milleti köpeltdim. Ýogsam näme, bu sözümde ýalan barmy?» (Kül Tigin)

5000 ýyl mundan ozalky döwürlere aralaşanymyzda Orta gündogardaky Turanda 2500 ýyl öň hem nämeleriň bolup geçendigini biz bilemizok. Miladydan öňki 1027-nji, miladydan öňki 256-njy ýyllar aralygynda Çyn-maçyny (Hytaýy) dolandyran Jhow (Jhou) hanedanynyň Turanly bolandyklary gaty gowy bilinýär we ylym älemi bularyň Türki bolmaklyk ähtimallygy hakynda pikir edýärler. Jhow kowmy bar wagtlarynda, gerek bolsa ondan hem öň Hytaýyň demirgazygynda ornaşan kowumlar bilen baglanyşykly belli we anyk belli bolmadyk maglumatlar bize bellidir. Bularyň hem kimdigini anyk däl-de çaklama bilen aýdyp bilýäris. Bilşimiz ýaly Orta Aziýanyň durumy Alynky Aziýadan tapawutly bolmandyr. Hatda bu ýerler hakynda maglumatlarymyz örän az, çünki taryhy çeşmeleriň bize gelip ýeten bölegini keseki medeniýeti harap bolmadyk medeniýetler galdyrypdyr. Sähraýy halklary hakyndaky bilýänjelerimiz bu ýerleriň maglumatlaryna esaslanýar. Emma bu göçüp-gonup gezenleriň bize maglumat galdyrmandyrlar diýdigimiz däl. Munuň açyk delili Orhon ýazgylarydyr. Bu ýazgylar hem öz durkuny saklapdyr. Bu durum, entek gadymy döwürlere degişli çeşmeleriň bir ýerlerde bardygy hakyndaky umydymyzy üzmeýäris. Bu maglumatlaryň ýokdugy hakynda bir maglumat ýokdur. Türkmenistanda Änew töwereklerinde soňky ýyllarda alynyp barylan gazuw-agtaryş işlerinde, 4000 ýyl mundan ozalky döwürlere degişli, ýazgy diýlip çal edilýän şekiljikleriň tapylmagy (olaryň hem Göktürk ýazgysynyň öňki ýa-da ilkinji bir tipi bolmagyny görmezlik üçin hiç bir sebäp ýok). Bir ýandan Orta Aziýa we Alynky Aziýanyň gadymy medeniýetleri bilen baglanyşykly ylmy işleriň gereklidigi orta atyldy. Bu tapyndylar sähraýy Saklaryň döwürlerini aýtmazymyzdan öň, bu ylmy işler dünýä taryhçylygynyň iki meselesiniň çözülmesine yşyk tutar. 一Hindi-ýewropalylaryň döremegi («Bu diýdigimiz (ene watan), edil bir toparyň orta çykan ýeri diýmek däldir. Şonuň üçin dörän ýeri nemisçe (deutsh) «Urheimat» sözüniň garşylygy bolup bu sözi belli edýärin) hereket etmekleri we ýaýylmalary. Bularyň çykyş nokady bilen baglanyşykly düzgünleşdirilen birnäçe binalaryň bar bolmagy we entegem hiç biriniň durkuny ýitirmändigi düşnüklidir. 一Türkileriň döremegi, hereket etmekleri we ýaýylmalary. Bu gözlegleriň netijesinde Altaýlardan hem aňyrda soňky ýyllarda duş gelinen günbatarda, hatda Ortagündogarda gadymy Türki ýurdynda galan türkiler özlerine degişli ýurt tutunypdyrlar, göçüp gonmadylar. Bu bolsa taryhyň täzeden ýazylmagy diýmekdir.

Muňa Fin-ugor halklarda hem hiç hili maglumat bolmadyk gizlin geçmişleri, Mogollaryň gadymy taryhdaky rollary, bu gün Sibiriýanyň her ýerlerinde ýaşaýan ilatlar, Ural we Altaýly maşgalar bilen garyndaşlygy bolmadyk taýpalaryň geçmiši hakynda birnäçe gyzykly maglumatlary size ýetireris.

Turan näme?

Turan dörän nokady bilen birlikde, Sasani zamanynda, häzirki Päkistanyň Bulujystanyň demirgazyk-gündogar ýerlerinde oturýan düýe çopanlaryndan ybarat bolan halklara aýdylýar eken. Ondan soňra bu atlandyrmanyň demirgazyk taraplara ýörgünleşmesi, Jeýhun (Amy) derýanyň aňry tarapyndaky (ýagny häzirki Özbegistan taraplar) düýe çopanlaryna garşylyk a:t we goýun çopanlarynyň hem bar bolmagy bilen zyýada bularyň ikisi hem Eýran basybalyjylaryna garşy duşmanlyk bildiren halklardyr. Soňra wagtyň geçmegi bilen Turanyň has ýokarlardaky sähraýy ýerlere hem ýörgünleşip başlapdyr. Turan sözüniň çeşmesi Eýranlylar tarapyndan saklanypdyr. Kä wagt ýeňilip, käte hem ýeńip, yzygiderli Eýrany bitahat eden, Jeýhun aňyrsyndaky halklaryň ýurdy Turandyr. Rowaýatlara görä Peridun (Feridun): bu ülkeleri ogly Tura beripdir. Ýurduň ady hem şondan gelip çykypdyr. Turan şol döwürler Eýranlar tarapyndan atlandyrlan «Türa» atly şeýtanyň ýurdy diýlip atlandyrlypdyr.

Çeşme: Osman Karatay, iran ile Turan hayali milletler çağında Avrasya ve Ortadoğu, Ankara, Mart 2003. ISBN 975-6467-04-5