Gadymy Merw - müňýyllygyň şaýady

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Yslam dünýäsiniň esasy paýtagtlarynyň biri hasaplanylýan bu şöhratly şäheriň taryhy iki ýarym müň ýyldan gowrakdyr. Merwiň gülläp-ösüş döwri XI-XII asyrlara degişlidir, bu döwür bolsa Beýik seljuk türkmenleriniň imperiýasynyň çäkleriniň Amyderýanyň aşak akymyndan Ortaýer deňzine çenli aralygy öz içine alan zamanydyr. Şol döwürler Merw dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolupdyr.

Maru-şahu-jahan ady bilen belli bolan bu beýik şäher Murgap derýasynyň bol hasylly jülgesinde ýerleşipdir. Ol ýerleşişi taýdan başga şäherlrden tapawutlanýar, sebäbi Merwiň töwereginde dürli eýýamlara degişli şäherleriň ýerleşen ýerleri bardyr, ýöne gündogarda köne şäherleriň ornunda täze şäherleri gurmak däbiniň bardygyna garamazdan, bu şäheriň düýbi arassa meýdanda tutulypdyr. Gadymy Merwiň harabalyklary bu gün müňlerçe gektary tutýar.

Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala ýaly galalaryň hersiniň arkasynda patyşalaryň we hanlaryň köp asyrlyk şöhratly we gussaly taryhy ýatyr. Olar gazaply uruşlaryň we täzeden döreýişleriň şäherleriň durmuş sarsgynlaryndan soň täzeden galkynyşlarynyň gözli şaýadydyr. Häzirki döwürde olar dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelýän arheologlar üçin hakyky hazynadyr, şonuň üçin ýylyň-ýylyna olar Mary topragyna ýygy-ýygydan gelýärler we XIX asyryň ahyrynda Gadymy Merwi öwrenip başlan kärdeşleriniň yzyny dowam etdirýärler.

Bu medeni mirasyň diňe bir Türkmenistan üçin däl-de,dünýä taryhy üçin wajypdygyny nazara alyp, döwlet ony öz howandarlygyna aldy we ol «Gadymy Merw» döwlet taryhy- medeni goraghanasynyň ýüregine öwrüldi. 1999-njy ýylda bahasyna ýetip bolmajak bu ýadygärlikler toplumy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşuldy.

Nusaý dünýä alymlaryny ýygnaýar

Dünýäniň gumanitar ylymlarynyň wekilleri bolan arheologlaryň, taryhçylaryň we beýleki ylym, jemgyýetçilik işgärleriniň ünsi ýene Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana gönükdi.

Ýerli ilatyň we taryhçy alymlaryň, arheologlaryň köne Nusaý we täze Nusaý diýip atlandyrýan, seleňläp duran iki sany gum depesi Köpetdagyň eteginde, Aşgabat şäheriniň günorta-günbataryndaky 18 kilometrlik ýerde ýerleşýär.

Orta asyryň hindi taryhçysy Nesewiniň maglumatlaryna görä, häzirki obaçylygyň ýerinde biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda serhetýaka gala bolupdyr. Şeýle maglumat Dariýanyň behistun ýazgylarynda-da Parfiýana welaýaty baradaky ýatlamalar ilkinjileriň hatarynda duş gelýär. Ondan sähel soň bolsa Nusaý galasynyň ady gabat gelip başlaýar.

Biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda bu welaýat Aleksandr Makedonskiniň döwletiniň düzüminde bolupdyr. 330-329-njy ýyllaryň gyşyny Aleksandr Makedonskiý şol ýerde gyşlapdyr, onuň goşunlary bolsa soňra Aleksandropol adyny alan şol töwereklerde ýerleşipdirler.Täze Nusaýyň çäklerinde onuň galyndylarynyň üsti açyldy.

Aleksandr patyşa aradan çykandan az wagtdan soň Parfiýana welaýaty Selewkileriň hakimliginiň gol astyna geçýär. Biziň eýýamymyzdan öň 245-nji ýylda günbatar Türkmenistanda ýaşaýan dahparyn-turan taýpalary grek häkimlikleriniň garşysyna gozgalaň turuzýarlar. Gozgalaňçylara aga-iniler –Ärsak we Tridat baştutanlyk edýärler. Nusaýy paýtagt edinip, Ärsak özüni şa diýip hem täze döwleti döredendigini jar edýär.Ol döwlet soň kuwwatly we beýik şadöwlete-imperiýa öwrülýär. Ärsagidleriň neberesinden bolan Mitridat I ( b.e. öň 174-136-njy ýyllar) şalyk süren döwründe Parfiýa imperiýasy dünýäde kuwwatly döwletleriň birine öwrülýär. Mitridat I öz adyna Mitridatokert (köne Nusaý) ady bilen 43 diňi bolan mizemez gala gurdurýar.

Öňki Aleksandropolyň ýerinde bolsa barjamlylar üçin jaýlar hem-de ybadathanasy bina edilen täze şäher (täze Nusaý) döreýär.

Häzirki döwür toponomika ylmynda «Nusaý» ady bolan oturymly ýerleriň Täjigistanda, Eýranda, Owganystanda bardygy bellenilýär.Ýöne gadymy awtorlar parfiýa Nusaýynyň hut häzirki Bagyr obasynyň duran ýerinde bolandygyny anyk ýazypdyrlar. Rim taryhçysy Pliniý (b.e. I asyry) şeýle ýazýar:«Parfiýalylar barada aýdylanda, ol ýerli hemişe köplenç ýatlanylýan dagyň eteginde ýerleşipdir we ol taýpalaryň ählisini öz içine alypdyr…

Meşhur Nusaý-da Aleksandropolyň duran ýerinde ýerleşipdir».

Wagtyň geçmegi bilen parfiýa şalary paýtagty Kiçi Aziýa geçiripdirler, ýöne olar Nusaýa iňňän sarpaly garapdyrlar. Çünki ol ýerde Ärsaglaryň nebere agzalarynyň guburlary galypdyr. Keramatly günlerde patyşalar Nusaýa gelipdirler hem sadakalar beripdirler.

Arheologlar Nusaýda «Tegelek» we «Diňli» diýen şertli atlar berlen iki ybadathananyň, şeýlede Mitridatokertiň köşgüniň «Dörtburç» zalynyň üstüni açdylar.

Eger-de köni Nusaý patyşalaryň rezidensiýalary bolan bolsa, täze Nusaý hakyky şäher bolupdyr. Ol şäher Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşipdir hem-de Rim imperiýasy, Hindistan, Hytaý we beýleki döwletler bilen ysnyşykly medeni, söwda gatnaşyklaryny saklapdyr.

Biziň eýýamymyzyň 226-njy ýylynda Parfiýa şalygy öz ýaşaýşyny bes edýär. Ärsaklardan bolan öňki hökümdar Sasanidler neberesinden bolan biriniň baştutanlygynda täze döwleti döredýär. Ilkinji nobatda Ärsaglaryň nebere goraghanasy hökmünde hasaplanyp, köne Nusaý weýran edilýär. Parfiýa şalary bilen baglanyşykly ähli ýatlamalary adamlaryň aňyndan öçürmäge dyrjaşyp, Sasanidler olara dahylly ähli zatlary talapdyrlar,ýykyp-ýumrup, harabalyklara öwrüpdirler.Ol ýerde durmuş diňe ençeme ýüz ýyldan soň, ýagny araplar gelenden soň ýäzeden başlanypdyrlar. 615-nji ýylda Nusaý welaýaty arap halyflygynyň düzümine goşulýar, onuň ilaty bolsa yslam dinini kabul edýär.

Arap geografy al-Maksidi (onunjy asyr) şeýle ýazýar, ýagny Nusaýda «…ýüpek mata, ondan dürli geýimler, künji we künji ýagy, zerli geýimler öndürilýär… Nusaýda nah matadan geýimler, tilki, samyr sütükleri bar…sen Nusaýyňky ýaly badamjany başga hiç ýerde görmersiň».

Bu azyk, senagat önümleri we bürünçden, küýzeden, aýnadan ýasalan nepislikler Nusaýdan has uzak ýurtlara alnyp gidilipdir.

Nusaý 1017-nji ýylda Gaznawileriň döwletiniň düzümine girýär, 1031-nji ýylda ol ýerde Togrul beg Türkmeniň we Çagry beg Türkmeniň baştutanlygynda türkmen-seljuk esgerleri peýda bolýar. 1040-njy ýylda Togrul beg Beýik Türkmen-Seljuk şalygynyň döredilýändigini jar edýär. 1154-nji ýyldan 1220-nji ýyla çenli,ýagny ýurdy mongol basybalyjylary eýeleýänçä Nusaý Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň düzümine girýär. Nusaý Muhammet şanyň esgerleri tarapyndan-da wagşylyk bilen weýran edilýär, oba-şäherleri ýumrulýar, ilaty gyrgyna, zulum-süteme sezewar edilýär.

Nusaý mülkleri 1225-nji ýylda Halugu döwletiniň düzümine girýär, 1381-nji ýylda bolsa ol parahatçylyk ýoly bilen Teýmiriň döwletiniň hataryna goşulýar. Şondan soň şäher ýene harabalykdan dikelýär.15-nji asyryň taryhçysy Hafizm-i Abru Nusaýda ädikçileriň, demirçi ussalaryň, küýzegärleriň, netjarlaryň we beýleki hünärmenleriň ýaşaýandyklary barada ýazypdyr.

1736-njy ýylda Nusaý Nedirşanyň imperiýasyna goşulýar.Ýöne, her niçik-de bolsa, Nusaýy hemişe türkmenler dolandyrypdyrlar we olar şäheriň alkymynda Bagyr obasyny döredipdirler. Megerem,belli bir wagt Nusaý we Bagyr atlary bile ýöredilen bolmaly.Soňra Bagyr obasy ulalyp, şäher boşap galypdyr.

Şeýlelikde, XIX asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň iň gözel şäherleriniň bolan Nusaý öz ýaşaýşyny bes edipdir.XV Nusaý Merkezi Aziýanyň günortasynda iň iri şäher hasaplanylypdyr.Şäheriň kinamiki önümleri öz ýasalyş nepisligi we daş keşbi babatda hytaý farforyna barabar saýylypdar.

Köne Nusaý Parfiýa imperiýasy dargandan soň hiç haçan öňki rowaç derejesine ýetip bilmeýär. Diňe arheologlar Mitridatokertiň ýeten belentlikleriniň alamatlaryny-pil süňklerinden ýasalan ajap şah-şekilli gaplary(ritonlary),« hojalyk resminamalarynyň arhiwini» (b.e.öňki II-I asyrlar), ak mermerden ýonulyp ýasalan heýkelleri, şeýle-de binagärlik nusgalyklary, keramikalary, her dürli metal önümlerini agtaryp tapýarlar.

Nusaýyň taryhy tutuş Türkmenistanyň taryhynyň iň gyzykly we gymmatly sahypalaryndandyr. Arheologlar biziň günlerimizde-de gazuw-agtaryş işlerini dowam edýärler we Parfiýa imperiýasynyň şanly paýtagtynyň medeniýetiniň we sungatynyň täze sahypalaryny açýarlar.

Türkmen halkynyň dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen gadyrly myhmanlary bolan alymlar öz türkmen kärdeşleri bilen hormatly Prezidentimiziň karary esasynda geçirilýän bu abraýly ylmy maslahatda şol möhüm taryhy sahypalaryň sanyny has-da artdyrarlar.