Gadymy Gresiýa taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Mowzuk: Gresiýa b.e.öň III-II müňýyllyklarda.

M E Ý I L N A M A:

1. Gadymy Gresiýanyň taryhynyň döwürleri we çeşmeleri.

2. Gadymy Gresiýanyň taryhynyň taryhnamasy.

3. Gadymy Gresiýanyň tebigaty we ilaty.

1. Gadymy Gresiýanyň taryhy gadymy dünýä taryhynyň esasy bölekleriniň biridir. Ol b.e.öňki III-II müňýyllyklaryň sepgidinde Kritde ilkinji döwlet birleşmeleriniň döremegi bilen başlanyp, b.e.öňki II-I asyrlarda Ortaýer deňziniň Gündogaryndaky grek we ellin döwletleriniň Rim tarapyndan basylyp alynmagy bilen tamamlanýar.

Gadymy Gresiýanyň taryhy üç sany uly döwre bölünyär:

  1. Irki synpy jemgyýetler we b.e.öň II müňýyllykdaky ilkinji döwlet birleşmeleri (Kritiň we Aheý Gresiýasynyň taryhy).
  2. Şäher döwletleriň (polisleriň) emele gelmegi we gülläp ösmegi, nusgawy gulçulyk gatnaşyklary, ýokary derejede ösen medeniýetiň döremegi.
  3. Grekleriň Eýran döwletiniň ýerlerini basyp almagy we ellinçilik jemgyýetleriň we döwletleriň döremegi.

Ilkinji döwletler Kritde döräpdir. Olaryň ösüşi gadymy gündogar ýurtlarynyňka meňzeş bolupdyr. Kritiň ilkinji ilaty grekler bolmandyr. Olara esasy orun degişlidir. Balkan ýarym adasyndaky Gresiýada esasy ilat demirgazykdan, Dunaý töwereginden b.e.oň III müňýyllygyň ahyrynda göçüp gelen grek-aheýlar bolupdyr.

Krit-aheý döwri hem öz içinde 3-e bölünyär. Krit üçin onda hökümdarlyk eden patyşa Minasyň ady boýunça bu döwürler şeýle atlandyrylýar:

  1. Irki minoý döwri (b.e.öň XX-XXIII a) – ugur gatnaşyklarynyň agalygy.
  2. Orta minoý, ýa-da gadymy köşkleriň döwri (XXII-XVIII a) – döwletleriň döremegi, synplaryň, ýazuwyň ýuze çykmagy, Kritiň birleşdirilmegi.
  3. Giçki minoý, ýa-da täze köşkleriň döwri (XVII-XII a) – krit döwletiniň, medeniýetiniň gülläp ösmegi, krit deňiz döwletiniň döremegi, aheýleriň kriti basyp almagy.

Balkan Gresiýanyň esasy üç döwri şulardyr:

  1. Irki ellada döwri (XXX-XXI a) – greklerden öňki ilat.
  2. Orta ellada döwri (XX-XVII a) – grek-aheýleriň Balkan ýarym adasynyň günortasyna göçüp gelmegi.
  3. Giçki ellada ýa-da miken döwri (XVI-XII a) – Irki döwletleriň, ýazuwyň döremegi, miken siwilizasiýasynyň gülläp ösmegi we pese duşmegi.

B.e.öň II-I müňýyllyklaryň sepgidinde Balkan Gresiýasynda durmuş-ykdysady, syýasy we etniki özgerişlikler bolup geçýär. B.e.öň XII asyrda demirgazykdan grekleriň döri taýpalary günorta tarap çozup girýärler. Olar entek ilkidurmuş gurluşynda ýaşaýan ekenler. Aheý döwletleri pese düşüp, heläk bolýarlar. Ykdysady, syýasy taýdan jemgyýetiň ösüş derejesi pese düşýär.

Şeýlelikde Gadymy Gresiýanyň taryhynyň şäher-döwletler döwri döriler gelensoň, aheý döwletleriniň hem heläk bolanyndan soň, ugur-taýpa gatnaşyklarynyň dargamagy bilen başlaýar. Ol hem öz gezeginde 3-e bölünýär:

  1. Gomerçilik ýa-da şäher-döwletlerden öňki döwür (b.e.öň XI-IX a) – Gresiýada ugur taýpa gatnaşyklary.
  2. Arhaik döwür (b.e.öň VIII-VI a) – şäherler görnüşindäki döwletleriň we synplaryň emele gelmegi. Greklerin Ortaýer we Gara deňizleriň kenarlarynda ýerleşmegi.
  3. Nusgawy (klassyk) döwür (b.e.öň V-IV a) gadymy grek gul eýeçilik jemgyýetiniň, şäher-döwlet gurluşynyň, grek medeniýetiniň gülläp ösmegi.

B.e.öň IV asyrda gadymy grekleriň şäher-döwlet gurluşynyň we gadymy gündogar jemgyýetiniň gurluşynyň görnuşlerini özünde jemleýän ellinçilik döwletler emele gelipdir. Olar Aleksandr Makedonskiniň imperiýasy dargansoň döräpdirler.

Gadymy grekleriň taryhynyň ellinçilik döwri hem üçe bölünýär:

  1. A.Makedonskiniň gündogara ýörişi we ellinçilik döwletleriň ulgamynyň emele gelmegi (b.e.öň IV a. 30-njy ýyllary – III a. 80-nji ýyllary).
  2. Ellinçilik jemgyýetleriň we döwletleriň gülläp ösmegi (b.e.öň III a. 80-nji ýyllary – II a. ortalary).
  3. Ellinçilik ulgamyň çökgünligi we ellinçilik döwletleri günbatarda Rimiň, gündogarda Parfiýanyň basyp almagy ( b.e.öň II a.ortasy – b.e.öň I a). B.e.öň 30-njy ýylda Ptolemeýleriň Müsür patyşalygynyň basylyp alynmagy bilen “Gadymy Gresiýanyň taryhy” tamamlanýar.

Gadymy Gresiýanyň taryynyň çeşmeleriniň dürli görnüşleri bar: ýazuw, maddy, etnografik we ş.m.

Krit we Aheý döwletleriniň (b.e.öň II m.ý) taryhyna degişli çeşmeleriň esasan 3 görnuşi bar:

  1. Bogunly hat B bilen ýazylan ýazuw ýadygärlikleri.
  2. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň maglumatlary.
  3. Soňraky döwrüň grek awtorlarynyň b.e.oň II müňýyllygyna degişli taryhy maglumatlary.

B çyzykly ýazuwynda ýazylan hat Kritde arheologik barlaglar wagtynda A.Ewans tarapyndan 1901-nji ýylda tapyldy. Ony 1953-nji ýylda iňlis alymy M.Wentris okady. B ýazuwynda ýazylan ýazgylaryň müňlerçesi Kritdäki Knoss köşgünde, Pilosda, Mikenyda, Fiwyda, Tirinfde tapyldy. Olaryň köpüsi b.e.öň XIV-XII asyrlara degişlidir. Olaryň mazmuny köplenç hojalyk hasabatlary bilen baglanyşykly.

Arheologik barlaglar netijesinde Knossda, Festde (Krit adasy), Mikenyda we Pilosda (Peloponnes) köşk toplumlary we dürli zatlar tapyldy. Olarda başga-da arheologlar tarapyndan birnäçe şäherçeler, obalar we olaryň ilatynyň durmuşy öwrenildi. Aheý we Krit patyşalyklary barada Gomeriň polmalarynda, Gerodotyň, Fukididiň, Aristoteliň, Strabonyň, Plutarhyň, Pawsaniniň eserlerinde, gadymy gündogar ýadygärliklerinde hem maglumatlar bar.

Arhaiki we nusgawy Gresiýanyň taryhy boýunça çeşmeler has köpdür. Ýazuw çeşmeleriniň dürligörnuşleri bolup, olardan möhüm orun Gomeriň “Odisseýa” we “Iliada” polmalaryna degişlidir. Onda aheý patyşalyklarynyň durmuşy we däpleri, gomerçilik döwrüniň (b.e.öň XI-IX a) jemgyýetçilik gatnaşyklary we palmalaryň düzülen wagty (b.e.öň IX-VIII a) barada maglumatlar bar.

Gesiodyň “Zähmetler we günler” diýen polmasynda ekerançylyk we oba durmuşy “Teogoniýa” polmasynda bolsa grekleriň dini duşünjeleri beýan edilipdir.

Ilkinji grek taryhçylaryna logograflar diýlipdir. Has meşhur logograflar Milletden bolan Gekateý (b.e.öň 540-478 ý) we Mitilenadan bolan Gellanik (b.e.öň 480-400) bolupdyr. Logograflar öz şäherleriniň iň gadymy taryhyny beýan edipdirler. Ýöne bularyň işlerinde rowaýatlar bilen hakykatyň tapawudy güýçli bolmandygy üçin, ähmiýetini peseldipdir.

Ilkinji hakyky taryhy işi Galikarnasdan bolan Gerodot (b.e.öň 485-425 ý) ýazypdyr. Gadymyýetde ony “taryhyň atasy” diýip hasap edipdirler. Ol barly maşgalada doglup, gowy bilim alypdyr. Syýasy göreşe gatnaşyp, üstün çykan garşydaşlary tarapyndan şäherden kowulýar. Şeýdip ol köp syýahat edýär. Ol orta ýaşlarynda Afinyda ýaşap, Perikl bilen dostlaşýar. Gerodot işini grek-pars uruşlaryna bagyşlapdyr. Ol dokuz kitapdan ybarat bolan, b.e.oň III asyrda 9 muzanyň ady boýunça atlandyrylýar. Ilkinji dört kitapda aýry-aýry halklarynyň, ýurtlaryň, Kiçi Aziýanyň şäherleriniň, Wawilonyň, Midiýanyň, Müsüriň, Şkifleriň, Balkan Gresiýasynyň şäherleriniň taryhy, soňky bäş kitapda bolsa uruşlaryň taryhy (b.e.öň 479-njy ýyla çenli) beýan edilýär. Ilkinji grek taryhçylarynyň birem Fukidid bolupdyr. Ol bilimleri, wezipeli adam bolup, öz döwrüniň syýasatyna gowy duşünipdir. Ol Afinyda strateg bolup, b.e.öň 424-nji ýylda şowsuz uruş alyp barandygy üçin, sürgün edilýär. Ol Frakiýada ýaşap, ömrüni “Taryh” işini ýazmaga bagyşlaýar.

Fukididiň (b.e.öň 460-396 ý) işi sekiz kitapdan durup, Peloponnes urşuna bagyşlanypdyr.

Fukididiň özünden kiçi döwürdeşi Ksenofont Afinyly (b.e.öň 430-355 ý) hem ýokakylara meňzeş ykbaly başdan geçiripdir. Ol “Grek taryhy” atly işinde Fukididiň işini dowam edýär. Onuň beýleki taryhy işleri dürli mowzuklara bagyşlanypdyr.

Bu taryhçylaryň işlerinden başga-da, b.e.öň V-IV asyrlarda ýaşan belli we näbelli taryhçylaryň işleri, oratorlaryň çykyşlary, ylmy we pelsepewi häsiýetdäki işler möhüm taryhy çeşmeleridir.

Pelsepeçi Platon (b.e.öň 427-347 ý) “Döwlet” we “Kanunlar” diýen işlerinde öz döwrüniň durmuş-syýasy gatnaşyklaryny seljerip, grek jegyýetini täze, adalatly esaslarda gaytadan gurmagy teklip edipdir.

Aristotel hem ylmyň dürli ugurlary boýunça işler ýazypdyr. Ol “Syýasat” diýen işinde 158 sany grek şäher-döwletiniň syýasy taryhyny umumylaşdyrypdyr. Başga-da ol taryhy ähmiýeti uly bolan “Afinynyň döwlet gurluşy” diýen işini ýazypdyr.

B.e.öň V-IV asyrlaryň taryhy hakykaty Eskiliň, Sofoklyň, Ýewripidiň, Aristoanyň çeper eserlerinde-de beýanyny tapypdyr.

B.e.öň VIII-IV asyrlaryň grek taryhy ellinçilik we rim döwrüniň ýazyjylary tarapyndan hem öwrenilipdir. Olara Diodor Sisiliýaly (“Taryhy kitaphana”), Tezeý, Likurg, Solon, Femestokl, Perikl, Alkiwiad, Kimon, Nikiý, Pawsaniý (“Elladanyň beýany”), Plutarh degişlidir.

Epigrafiki ýazgylar hem möhüm çeşmedirler. Ýazgylaryn bütin Gresiýa boýunça 200 müňden gowrak ýazgynyň üsti açylyp, olar köptomly ýygyndy görnüşinde gaýtadan işlenilip çap edildi. Taryhy mazmunly ýazgylary iňlis alymy M.Tod ýygnap çapdan çykardy (“Grek taryhy ýazgylaryn ýygyndysy” 1946-1948, t 1-2).

Numizmatiki tapyndylaryň her ýyl ençemesi tapylýar. 1973-nji ýylda amerikan numizmatika jemgyýeti Britan muzeýiniň we ähli grek kanunlarynyň teňňeleriniň maglumatlaryny çap ediler.

Arheologiki çeşmeler hem gitdigiçe köpelyär. Ençeme şäheriniň üsti açyldy. Her ýyl ýüzlerçe arheologiki ekspedisiýalar işläp, dürli görnüşli tapyndylardan ençeme maglumatlar alynýar.

Gresiýanyň ellinçilik döwrüniň taryhy boýunça çeşmeleriň sany barha köpelip, olaryň täze görnuşleri-de peýda bolýar.

Taryhy işlerden Polibiniň we Diodoryň işleri möhüm çeşmelerdir. Polibiý (b.e.öň 200-118 ý) ajaýyp grek taryhçylarynyň biri bolup, ýaşlykda syýasy iş bilen meşgullanýar. B.e.öň 168-nji ýylda ýesir bolup Rime duşýär we ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşaýar. Ol Rimde iri döwlet işgäri Ssipion Emilian we beýlekiler bilen ýakynlaşypdyr. Köp syýahat edipdir. Müsürde, Rimiň Afrika ýerlerinde, Ispaniýada bolupdyr. Onuň işinde Ortaýer deňziniň harby-syýasy taryhy b.e.öň 280-146-njy ýyllar aralygynda beýan edilýär. Diodoryň “Taryhy kitaphana” diýen işi 40 kitapdan ybarat bolup, onuň XVIII-XX kitaplary doly saklanyp galypdyr. Onda nusgawy Gresiýanyň we ellinçilik döwletleriň harby-syýasy taryhyndan başga-da, ykdysady ýagdaýlary hem görkezilipdir.

Strabonyň “Geografiýa” işinde hem baý maglumatlar berilýär.

Plutarh öz işlerinde b.e.öň III-I asyrlarda ýaşan meşhur grek we rim syýasy işgärleriniň terjimehallaryny beýan edipdir.

Pawsaniý (b.e. II a) “Elladanyň beýany” diýen işini Balkan Gresiýasynyň medeni ýadygärliklerine bagyşlapdyr. Onuň beýan eden ýadygärlikleri arheologik işler netijesinde tassyklanylýar. Bulardan başga-da Makedoniýanyň taryhy barada Pompeý Troguň 44 kitapdan ybarat “Filippiň taryhy” işi, Kursiý Rufiň “Aleksandr Makedonskiniň taryhy” Flawiý Arrianyň “Aleksandryň anabasisi” diýen işleri möhüm çeşmelerdir.

1. Gadymy Gresiýanyň taryhyna bolan gyzyklanma XVIII asyryň ahyrlarynda – XIX asyryň I ýarymynda güýçlenýär.

Gadymy Gresiýanyň taryhynda çeşmelrini ilkinjiler bolup, iňlis alymy R.Bentli, nemes alymlary F.Wolt we G.B.Nibur dagylar öwrenip başladylar. 1830-njy ýylda Gresiýa Türkiýeden azat bolansoň, bu ýere Ýewropanyň birnäçe döwletleriniň, aýratynam Fransiýanyň we Germaniýanyň arheologiki ekspedisiýalary işlemäge gelýärler.

XIX asyrda gadymy Gresiýanyň taryhyny öwrenmek Germaniýada has çalt ösýär. Gadymy sungatyň taryhynyň ylmy esaslarynyň düýbi nemes alymy I.Winkelman tarapyndan tutulýar. Nemes alymlary A.Býok, K.Mýuller, I.Droýzen, E.Kursius dagylar öňkileriň işlerini dowam edipdirler. XVIII asyryň ahyrlarynda, XIX asyryň I ýarymynda Angliýada Gadymy Gresiýanyň taryhy boýunça U.Mitfordyň we J.Grotuň köptomly işleri çap edilipdir.XIX asyryň II ýarymda Troýada, Mikenyda, Tirinfde G.Şlimanyň we W.Dýorpfeldiň, Kritde A.Ewansyň arheologik barlaglary netijesinde b.e.öň II müňýyllyga degişli ýadygärlikler açyldy.

XIX asyryn II ýarymynda fransuz alymy Fýustel de Kulanjyň “Antik raýat jemagaty”, “Antik dünýäde gulçulygyň taryhy” diýen işleri çykýar. Gresiýanyň ellinçilik döwrüniň taryhyny B.Nize, Ýu.Krest, J.Magaffi, A.Buse – Leklerk, U.Wilken, E.Biwen ýaly alymlar öwrendiler.

XX asyrda Gadymy Gresiýada taryhyny öwrenmekde G.Glots, H.Bolkenşteýn, G.Mitsell, E.Will, M.Finli, U.Uesterman, Ý.Fogt, J.Haksli, W.Forrest, Dž.Sen Krua, P.kartlej, W.S.Sergeýew, S.I.Kowalýow, O.O.Krýuger, K.K.Zelin, Ýa.A.Zensman, M.K.Trofimowa, N.N.pikus, A.S.Şofman, A.G.Bokşanin we beýleki alymlar uly işler bitirdiler.

3. gadymy Gresiýa Balkan ýarym adasynda, Egeý deňziniň, adalarynda, Kiçi Aziýanyň kenarlarynda ýerleşendir. Balkan Gresiýasy 3 bölege bölünýär: 1. Demirgazyk. 2. Orta. 3. Günorta (Peloponnes). Oňa Epir, Fessaliýa degişli bolup, olary Pind gerişleri bölüp alýar. Demirgazyk Gresiýa Orta Gresiýadan darajyk Fermopil geçelgesi bilen baglanyşýar.

Orta Gresiýa Attika, beotiýa, Fokida, Dorida, Lokrida, Etoliýa, Akarnaniýa degişlidir.

Embeýa adasy hem oňa degişlidir.

Pelopennese Ahaýýa, Elida, Argolida, Arkadiýa, Messeniýa, Lakoniýa degişlidir. Balkan Gresiýasynyň 20 göterimi jülgeler we düzlükler bolup, galan ýerleri daglyklardyr. Jülgelrin deňze çykalgalary köp eken.

Gresiýada mermer, demir, mis, kümüş, toýun ýaly gazma baýlyklar köp duş gelipdir. Gresiýanyň topragy daşly, hasyllylygy pesräk. Ýene gün şöhleleriniň köp duşmegi we subtropiki howa şertleri üzüm we zeýtun agaçlaryny ösürmäge mümkinçilik beripdir. Iň möhüm ekerançylyk jülgeleri Beotiýada, lakoniýada we Fessaliýada ýerleşipdir.

Ilaty Gresiýada aheý, doriý, ioniý, ioliýa taypalary ýaşapdyr. Bularyn bir-birinden tapawudy uly bolmandyr. Olar özleriniň bir halka we siwilizasiýa degişlidiklerini aňladypdyrlar. Iň gadymy taýpa toparlary aheýler bolup, olar Günorta Gresiýa b.e.öň III müňýyllygyň ahyrlarynda gelipdirler.

Olar II müňýyllygyň ahyrlarynda Demirgazykdan gelen dorileriň zor salmagy bilen bir bölegi olara siňipdir, galany bolsa daglyk ýerlere çekilipdir. Doriler Lakanikada, Messeniýada, Argolidada, Efidada, Egeý deňziniň günorta adalarynda (Krit, Rodos), Kiçi Aziýadaky kariýada ýaşapdyrlar. Ioniýa taypalary Attikada, Ewbeýada, Egeý deňziniň merkezindäki adalarda (samos, Hios, Lemnos), Kiçi Aziýanyň kenaryndaky Toniýada ýaşapdyrlar.

Greklerden başga-da bu ýerlerde öňden ýaşaýan lelegler, pelasgalar, kariler ýaly taýpalar bolupdyr. Grek döwletlerine Günorta Frakiýanyň ýaşaýjylary hem uly täsir edipdirler.

1. Krit döwletleri.

2. Mikeny siwilizasiýasy.

3. Troýa uruşlary. Aheý döwletleriniň özara gatnaşyklary we onuň netijeleri.

Krit döwletleri[üýtget | edit source]

Ýewropada siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy Krit bolupdyr. Juda ir zamanlarda bu ýerde Balkan ýarym adasyny we Egeydäki adalary Kiçi Aziýa, Siriýa we demirgazyk Afrika bilen baglanyşdyrýan deňiz ýollary kesişipdir. Olar Kritiň medeniýetine öz täsirini ýetiripdirler. Minoý siwilizasiýasy III-II müňýyllyklaryň sepgidinde ýüze çykypdyr. Bu döwürde bürünçden ýasalan zähmet gurallary we ýaraglar daş daş gurallary gysyp çykarypdyrlar. Oba hojalygynda ekerançylyk esasy orun tutupdyr. Kritde (“ortaýer deňiz üçlügi”) esasan, arpa, üzüm, zeýtun ekilipdir. Kritde hünärmentçilik we söwda hem ösüpdir.

Ykdysadyýetiň ösmegi bilen adanyň hasylly ýerlerinde ilaty çalt köpelipdir. Aýry-aýry jemagatlarda esasan, Serdarlardan we žserlerden ybarat barly gatlak döräpdir. Şol döwürde Kritde syýasy gatnaşyklaryň hem täze görnüşleri döräpdir. Has iri taýpa bileleşmeleri emele gelip, onuň netijesinde bolsa, b.e.öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde birnäçe “köşk” döwletleri emele gelipdir. Oba jemagatlarynyň onlarçasy arheologlara mälim bolan 4 sany koşgüň: Knossyň, Festiň, Malliniň köşkleriniň we Kato Zakro köşgüniň töweregine jemlenipdir. Olar “köne köşkler” bolup, soňky gurluşyklar zerarly yzlary ýitipdir. Diňe Festiň koşgüniň günbatar howlusynyň bir bölegi saklanypdyr. Bu döwürde piktografik ýazuw hem ýüze çykypdyr. Ol kem-kemden çyzykly hat bolan A ýazuwyna geçipdir.

B.e.öň 1700-nji ýyl töwereginde uly ýertitremesi we ýangyn sebäpli köne köşgler ýykylypdyr. Ýöne soňra olaryn ýerinde öňküsi ýaly koşkler gaýtadan salnypdyr. Bu döwür taryhda “täze koşkleriň döwri” ýa-da giçki minoý döwri diýip atlandyrylýar. Bu dörüň iň ajaýyp ýadygärligi A.Ewans tarapyndan açylan Knossdaky Minosyň köşgüdir. Ony grekler “Labirint” diýip atlandyrypdyrlar. Onuň meýdany 10 000 m2 bolup, 300-den gowrak hem otaglary bar eken. Köşk birnäçe gezek gaýtadan gurlupdyr.

Kritliler köp hudaýlara çokunypdyrlar. Kritde ýer titremeler we deňiz tutanlary köp bolupdyr. Tebigy betbagtçylyklardan, açlykdan we kesellerden goranmak üçin köp hudaýlara sadakalar beripdirler. Esasy hudaýy “hökümdar aýal” diýip atlandyrypdyrlar. Onuň tersine tebigatyň weýran ediji güýçlerini özünde jemleyän hudaýa hem ynanypdyrlar. Köp alymlaryň hasap etmegine görä, Kritde patyşa häkimiýetiniň aýratyn görnuşi bolupdyr. Ylymda ony “teokratiýa” (dünýewi we dini häkimiýetiň bir adama degişli bolmagy) diýip atlandyrýarlar.

Patyşanyň şahsyýeti “keramatly we eldegrilmesiz” hasaplanypdyr. Onuň ýüzüne seretmek ýönekeý adamalr uçin gadagan ekeni. Patyşanyň tagtynyň durýan diwarlary grifonlaryň (guş kelleli we ýolbars göwreli mahluk) şekilleri bilen bezelipdir.

Kritiň zähmetkeş halky kiçiräk obalarda ýaşapdyrlar. Jaýlary pagsadan salnyp, köçeleri egri hem dar bolupdyr. Käbir öýleriň hojalyk jaýlary bolup, olarda pifoslar azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, üzüm sykmak we zeýtun ýagyny almak üçin pressler saklanypdyr. Gazuw agtaryş işlerinde misden we bürünçden ýasalan köpsanly zähmet gurallary tapylypdyr. Kritdäki ekerançylyk bilen meşgullanýan ilat köşklere salgytlar töläpdirler we borçlary ýerine ýetiripdirler. Koşge getirilen däne, mal, ýag, çakyr we beýleki önümler toýun kerpiçjiklere ýazylyp hasaba alynypdyr.

Minoý siwilizasiýasynyň iň ýokary derejede gülläp ösen döwri b.e.öň XVI asyra – XV asyryň I ýarymyna gabat gelýär. Bu döwürde koşkler öň görlüp-eşidilmedik derejede owadan hem ajaýyp görnuşde gaýtadan gurulýar. Bu döwürde bütin Krit Knossyň patyşalarynyň golastynda birleşdirilipdir. Owadan hem giň köçeleriň ulgamynyň guralmagy we Knossyň adadaky iň uzak ýerler bilen hem ýollar arkaly birleşdirilmegi muňa şaýatlyk edýär. Şu döwürde Knossda we beýleki köşklerde goranyň berkitmeleri hem gurulmandyr. Kritde bitewi ölçeg birligi hem bolupdyr. Alyş-çalyş uçin ýüzünde osminog şekillendirilen daşlar, “krit talanty” diýilýän öküz dersi görnüşindäki bürünç tokgalary ulanylypdyr. Bularyň agramy 29 kg bolupdyr. Kritiň döwletlerini birleşdirýän patyşanyň Minos bolan bolmagy hem mümkin. Minosyň uly harby deňiz goşunyny döredendigi, garakçylygy ýok edendigi, Egeý deňzinde, onuň adalarynda we kenarlarynda öz agalygyny ýola goýandygy barada rowaýatlar aýdylypdyr. B.e.öň XVI asyrda Kritiň Egeý deňziniň adalarynda, Kikladlarda, Rodosda, Kiçi Aziýanyň kenarlarynda Minoý koloniýalarynyň bolandygyny arheologik barlaglar subut edyärler.

Mifleriň birinde Minosyň Sisiliýa eden ýörişleriniň birinde heläk bolandygy we onuň şo taýda ajaýyp guburhanada jaýlanandygy habar berilýär. Şol döwürlerde Krit bilenMüsür we Siriýa – Finikiýa kenarlarynyň döwletleriniň arasynda söwda we diplomatik gatnaşyklarynyň bolandygyny arheologik tapyndylar subut edýär.

B.e.öň XV asyryň ortasynda Kritde elhenç heläkçilik bolupdyr. Knoss köşgünde başga ähli binalar weýran bolupdyr. Krit pese düşüp, öz ähmiýetini ýitiripdir. Heläkçiligiň sebäbini grek arheology S.Marinatos Fera adasynda wulkan atylmagy bilen düşündirýär. Alymlaryň bir topary bolsa Krite Peloponnesden grek-aheýler çozup girip, ony weýran edipdirler diýip çaklaýarlar. Bu iki pikiriň utgaşan bolmagy-da ahmal. Wulkan atylyp, adada weýrançylyk bolansoň, aheýleriň ony garşylyksyz eýelan bolmagy hem mümkin diýipçaklanylýar. Bu döwürde minoý küýze gaplarynyň ösümlikler güller, deňiz jandarlary ýaly şekilleriň ýerine çyzykly şekiller (“köşk stili”) peýda bolýar. Mundan başga-da, Knossyň töwereklerinde minoý guburlaryna mahsusu bolmadyk gylyçlar, gamalar, tuwulgalar, oklaryň we naýzalaryň uçlary goýlan mazarlar tapylýar. B.e.öň XV asyrlaryndan başlap Kritde minoý däl-de grek (aheý) dilinde ýazyp başlanandygyny arheologik tapyndylar subut edyär. Arheologlara minoý sungatynyň eserleriniň diňe ujypsyz bölegini dikeltmek başrtdy.

B.e.öň XV asyryň ahyrlarynda XIV asyryň başlarynda minoý siwilizasiýasy heläk bolansoň, ol 500 ýyllyk ösüşiň yzyndan boşap galan yzagalak welaýata öwrülýär. Indi medeni ösüşiň ojagy materik Gresiýadaky Mikeny bolupdyr.

Mikeny siwilizasiýasy[üýtget | edit source]

Mikeny medeniýetini grek-aheýler döredipdirler. Olar b.e.öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde demirgazykdan, Dunaý çöketliklerinden günorta tarapa hereket edip, ýerli ilat pelasgalaryň (moniýlylara garyndaş halk) bir bölegini ýok edipdirler, beýleki bölegini özüne siňdiripdirler. Pelasgalaryň medeniýeti grekleriňkiden pes bolmadyk hem bolsa, grekler olara wagşylar diýipdirler.

Baryp b.e.öň III müňýyllygyň başlarynda Balkan Gresiýasynyň ilatynyň häzirki Balgariýanyň, Rumyniýanyň irki ekerançylyk ilaty we “tripoli medeniýeti” bilen ýakyn arabaglanyşygy bolupdyr.

Bürünç eýýamynyň başlanmagy bilen, b.e.öň III müňýyllygyň ortalarynda Gresiýanyň medeniýeti Günorta-Gündogar Ýewropanyň beýleki medeniýetlerinden has çalt ösüp başlapdyr.

Irki ellada döwrüne degişli olatly ýerlerden Lernadaky (Argolidanyň g.o. kenary) baýyrlykda ýerleşen goranyş diwarly göniburçly ymarat arheologlar tarapyndan öwrenildi. Onda urug-taýpa begzadalary ýaşapdyrlar. Ilatly ýerleriň ýene bir görnuşi bolsa Rafina (Attikanyň g.d. kenary) we Ziguriýes (D.g – G.d Peloponnes) obalary görnüşinde bolup, olarda ekerançy dayhanlar ýaşapdyrlar. Obalar gür ýerleşip, öýleriň arasynda darajyk geçelgeler-köçeler bolupdyr. Olaryň käbiri berkidilipdir, beýlekileriniň bolsa hiç hili goranyş desgalary bolmandyr. Öýleriň köpüsinde däne saklamak üçin işi toýun bilen suwalan çukurlar we dürli önümleri saklamak üçin ullakan toýun gaplar tapylypdyr. Irki ellada medeniýeti hakyky siwilizasiýa ösüp ýetişmändir. Onuň ösüşi aheýleriň hereketi bilen kesilipdir. B.e.öň 2200-nji ýyl töwereginde lernadaky berketme we beýleki obalar ýangynda ýok bolýarlar. Birnäçe ýerlerde täze obalar ýüze çykypdyr. Aheýleriň peýda bolmagy bilen ilkinji gezek küýzegärlik stanogynda ýasalan önümler, atlar peýda bolupdyr. Grekler bilen pelasgalaryň we lelegleriň medeniýetleri özara täsir edipdirler. Meselem, grek diline ösümlikleriň atlaryndan kapiris, giasint, narsiss ýaly sözler pelasgalaryň we lelegleriň dilinden geçipdir. Küýzegärlik stanogynyň ýa-da arabanyň peýda bolmagyna garamazdan, orta ellada döwründe medeniýet pese düşüpdir. Metal önümler juda seýrek duş gelip, daşdan we süňkden ýasalan gurallar köpelipdir. Iri binalara derek, pagta jaýlar peýda bolan. Obalar berkidilipdirler we kert belentliklerde ýerleşipdirler.

Orta ellada döwrüniň ahyrynda ykdysady we medeni ýokary göteriliş başlanypdyr. Peloponnesiň, Orta we Demirgazyk Gresiýanyň dürli ýerlerinde ilkinji döwlet birleşmeleri döräp başlapdyr. B.e.öň XVI asyrda Gresiýa öz taryhynyň Mikeny döwrüne gadam basypdyr.

Mikeny medeniýetiniň ösüşiniň ilkinji döwürlerine minoý siwilizasiýasynyň täsiri uly bolupdyr. Aheýler Kritden käbir dini dessurlary, köşklerdäki şekillendiriş sungatyny, suwgeçirijileri, aýal we erkek eşikleriniň görnüşlerini, ýaraglaryn käbir görnüşlerini, çyzykly bogunlaýyn haty kabul edipdirler.

Mikeny medeniýetiniň gülläp ösen döwri b.e.öň XV-XIII asyrlar bolup, ol Peloponnesi, Orta Gresiýany, Demirgazyk Gresiýadan hem Fessaliýany öz işine alypdyr. Egeý deňziniň birnäçe adalary hem oňa degişli bolupdyr. Bu ýerleriň medeniýeti umumy görnüşde bolupdyr.

Mikeny medeniýetiniň hem esasy merkezleri köşkler bolupdyrlar. Iň esasy köşkler Mikenyda, Tirinfde (Argolida), Pilosda (Messeniýa), Afinyda (Attika), Fiwyda we Orhomende (Beotiýa), Iolkada (Fessaliýa) tapylypdyr. Mikeny köşkleriniň berkitmeli bolup, olar ýylmanylmadyk ägirt uly daş böleklerinden (12 tonna çenli) gurlupdyrlar. Gala diwarlarynyň galyňlygy 4,5, beyikligi 7,5 metre ýetipdir. Tirinf galasynyň gurluşygy islendik ýagdaýda howpdan goranar ýaly oýlanyşykly ýerine ýetirilipdir.

Pilosdaky Nestoryň köşgünde hammamlar, suwgeçirijiler, arhiw hem bolupdyr. Pilos köşgi zeýtun ýagyny köp mukdarda daşary ýurtlara çykayrpdyr. Mikeny döwrüniň binalarynyň biri-de toloslar ýa-da patyşalaryň gümmesli guburhanalary bolupdyr. Olar köşge golaýda ýerleşdiripdirler. Pilos arhiwiniň resminamalarynda gullar we gurnaklar barada maglumatlar berilýär. Ýöne gullaryň sany az bolupdyr.

Mikeny döwletlerinde esasy ilat daýhanlar we hünärmentler bolupdyr. Olaryň köşge zähmet we önüm görnüşinde borçlary bar eken.

Köşkde köpsanly günärmentler işläpdirler. Pilos patyşalygynda köşk ýa-da döwlet ýerleri, aýry-aýry ýerleriň jemagatyna degişli ýerler bolupdyr. Döwlet ýerleri harby we ruhany begzadalara şertli peýdalanmaga berlipdir. olar hem alan ýerlerini beýleki adamlara kärendesine beripdirler.

Oba jemagatynda ýerler girdejililigine görä deň paýlanypdyr. Galan ýerleri kärendä beripdirler. Hünärmentçiligiň möhüm pudaklary döwletiň monopoliýasynda bolupdyr.

Pilos patyşalygy 16 sany salgyt etraplaryna bölünip, olara koreterler (häkimler) baştutanlyk edipdirler. Olar özüne degişli ýerlerden salgytlaryň patyşa köşgüne iberilişine gözegçilik edipdirler. Koreteriň golastynda aýry-aýry obalary dolandyrýan basileýler bolupdyrlar. Olar önümçilige gözegçilik edipdirler. Koreterlere we basileýlere hem merkezi häkimiýet dyngysyz gözegçilik edipdir.

Köşk döwletiň baştutanyna “wanoka” (grekçe “W” anakt, “jenap”, “hökümdar”, “patyşa” sözüne gabat gelýär) diýlipdir.

Pilosda harby baştutana “lowaget” diýlipdir.

Troýa uruşlary. Aheý döwletleriniň özara gatnaşyklary we onuň netijeleri[üýtget | edit source]

Aheý döwletleriniň arasynda dartgynly ýagdaý dowam edipdir. Grek miflerinde olaryň öz aralarynda alyp baran ganly çaknyşyklary barada gürrüň edilipdir. Her bir mikeny köşgüniň kuwwatly gala bilen gurşalmagy ýöne ýerden bolmandyr. Öz aralarynda hasylly Argos düzlügini Miken we Tirinf köşkleriniň diwarlary bularyň dyngysyz duşmançylykda bolandygynyň şaýadydyr.

Mifleriň birinde bolsa 7 patyşanyň Fiwa garşy ýöriş endikleri barada aýdylýar.

Käwagtlar bilelikde ýöriş etmek üçin aheý döwletleri özaralarynda birleşip hem hereket edipdirler. Troýa garşy uruşmak üçin demirgazykdaky Fessaliýada günortadaky Krit we Rodosa çenli aralygyň esasy aheý welaýatlary gatnaşyp, umumy baştutan miken patyşasy Agamemnon bolupdyr. B.e.öň XIV-XIII asyrlarda aheý obalary ortaýer we Egeý denizleriniň dürli kenarlarynda peýda bolupdyr. Aheý Gresiýasynda b.e.öň XIII asyryň ahyrlary galagoly bolupdyr. Makedinoýada we Epirde ugur-taýpa gurluşynda ýaşaýan halklar yzagalak bolsalar-da, ýaraglary grekleriňkiden hem bolmandyr.

B.e.öň XIII asyrda Demirgazyk Balkanda ýaşaýan taýpalar (şol sanda doriler hem) günorta tarap hereket edipdirler. Olar öz ýolunda köp obalary ýakypdyrlar. Pilos köşgi ýangynda weýran bolan. Şeýlelikde b.e.öň XIII-XII asyrlaryň sepgidinde mikeny medeniýeti pese düşýär we aýňalmaýar. Ýöne näme üçin aheý döwletleri basybalyjylaryň öňünde durup bilmediler? Onuň sebäpleri aheý döwletleriniň agzalalygy, içerki gazanylýan serişdeleriň bolsa, köşge we uzaga çeken Troýa urşuna sarp edilendigi bilen baglanyşyklydyr.

Şondan soňraky ýagdaýlar doly anyk däl. Ýöne basybalyjylaryň sanynyň köp bolmagy sebäpli olaryň köpüsiniň yzyna dolanan bolmagy mümkin. Dorileriň we olara ýakyn günbatar grek halklarynyň toparlary Peloponnesde ornaşypdyrlar. Mikeny medeniýetiniň iň soňky adajyklary b.e.öň XII asyryň ahyryna çenli dowam edipdirler.

Mowzuk: Gresiýa b.e.öň XI-IX asyrlarda.

M E Ý I L N A M A

1. Gomeriň poemalary esasy çeşme hökmünde.

2. Durmuş-ykdysady gatnaşyklary. Gomerçilik jemgyýetiniň syýasy gurluşy.

3. Dorileriň çozuşyndan soň grek taýpalarynyň ýerleşişi.

1. Krit-miken döwründen soňky döwri “gomerçilik” diýip atlandyrýarlar. Sebäbi bu döwrüň taryhy, esasan, Gomeriň “Ilada” we “Odisseýa” polmalarynyň berýän maglumatlary esasynda öwrenilýär. Afinyda, Salaminde, Ewbeýada, Agosda üçin açylan nekropollar (öwlüýäler) Gomeriň eserleriniň üstüni ýetirýär.

Dorileriň çozup görmegi Gresiýany birnäçe asyr yza çekdi. Mikeny eýýamynyň gazananlaryndan az sanly önümçilik endikleri we tehniki enjamlar galypdyr. Olara küýzegärçilik stanogy, metal işläp bejeriş usullary, ýelkenli gämi, zeýtun we üzüm ösdürip ýetişdirilişi degişlidir. Bu döwürde Mikeny köşklerinde ýaşalmandyr. Olar harabalyga öwrülipdirler.

Bu döwrüň binalary agaçdan ýa-da çig kerpiçden salnypdyr. Hünärmentçilik we söwda pese duşüpdir. Gresiýany Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňziniň galan ýerleri bilen birleşdirýän deňiz söwda ýollary kesilipdir. Keramika önümlerinde geometrik şekiller agdaklyk edipdir. Ilkinji we ýönekeý adam hem haýwan şekilli b.e.öň IX asyryň ahyrynda duş gelýär. Bu döwürde medeniýet pese duşen-de bolsa, öňegidişlikler hem bolupdyr. Eger Mikeny döwründe demir gymmatbaha metal hökmünde bolup, ondan bezeg şaý-sepler ýasalan bolsa, b.e.öň XII-XI asyrlarda demir ýaraglaryň iň gadymy görnüsleri peýda bolýar. B.e.öň X-IX asyrlarda bolsa, ilkinji demir zähmet gurallary ýasalypdyr. Demiriň peýdalanylmagy tehniki öňegidişlik bolupdyr. Umuman alanda gomer döwrüniň medeniýeti krit-miken döwründen has pes bolupdyr. Muny diňe bir arheologik tapyndylar däl-de, Gomeriň poemalarynda hojalygyň ýaşaýyş durmuşynyň beýan edilişi hem tassyklaýar.

2. Gomerçilik döwründe oba hojalygynda esasy pudaklar ekerançylyk we maldarçylyk bolupdyr. Gomeriň özi daýhan zähmetinden gowy baş çykarypdyr. Ol ekerançynyň we çopanyň işi hakynda ussatlyk bilen beýan edýär. Gomerçilik döwrüniň grekleri galla ýetişdirmek bilen bir hatarda bagçylyk we üzümçilik bilenem meşgullanypdyrlar. Bu barada “Odisseýada” feaklaryň patyşasy Alkinoýyň ajaýyp bagy barada beýan edilýär.

Gomerçilik döwrüniň ykdysadyýetinde maldarçylyk esasy orun tutupdyr. Malynyň baş sanyna görä, köplenç adamyň jemgyýetindäki orny kesgitlenipdir. Odisseý Itakanyň gahrymanlarynyň içinde ilkinji hasaplanypdyr, sebäbi onuň 12 süri iri şahly maly, şonça-da goýundyr geçişi, doňuzy bolupdyr. Mal alyş-çalyş birligi hökmünde-de ulanylypdyr.

Gomeriň eserlerinden gelip çykýan netijeleri, arheologiýa hem tassyklaýar. B.e.öň XI-IX asyrlarda Gresiýada söwda we hünärmentçilik juda pes derejede bolupdyr. Her maşgala ýaşaýyş üçin zerur zatlary özünde öndüripdir. Hünärmentler az sanly bolup, Gomer olary “demiurglar” (halk üçin işleýänler) diýip atlandyrypdyrlar.

Grekler gomerçilik eýýamynda özlerine gerek bolan kese ýerli zatlary edinmek uçin talaňçylykly ýörişler gurapdyrlar. Deňizok galtamanlar köp bolupdyr. Garakçylyk, gatlamançylyk özüňi görkezmek üçin mümkinçilik, gahrymana we aristokrata mynasyp iş hökmünde görlüpdir. Gomer hakyky söwdagärlerden finikiýalylary agzap geçipdir.

Bu döwürde patyşalar hem ýönekeý agaç oýlerde ýaşapdyrlar. Olar işden hem gaçmandyrlar. Gomerçilik döwründe gullaryň sany az bolupdyr. Hojaýynlar öz gullary bilen bile işläp, bile ýaşapdyrlar. Gulçulygyň esasy çeşmeleri uruşlar we galtamançylyk bolupdyr. Wepaly gullaryň gadyryny bilipdirler. Gulak asmaýan, hojaýyna dönüklik edýän gullary jezalandyrypdyrlar. Bu döwürde erkek adamlary uruşda kän ýesir almandyrlar, sebäbi olary boýun egdirmek kyn bolupdyr, aýallary bolsa höwes bilen alypdyrlar. Owadan we işine ezber gyrnagyň bahasy 20 öküzli sürä deň bolupdyr.

B.e.oň XI-IX asyrlara degişli ýazuw çeşmeleri ýok diýen ýalydyr. Mikeny medeniýeti heläk bolansoň, ylymda belli bolan ilkinji ýazgylar b.e.oňki VIII asyryn II ýarymynda degişlidir. Ýöne bu ýazuw çyzykly B ýazuwy däl-de, täze döräp başlan elipbiýi ýazuwydyr. Gomeriň polmalarynda hem hat-ýazuw barada agzalmaýar. Mikeny medeniýeti heläk bolansoň, ýazuwyň ýok bolmagy ýöne ýerden däl. Kritde we mikenyda merkezleşen döwletde ähli maddy we adam serişdelerini hasaba almak zerurlygy netijesinde hat-ýazuw ulanylypdyr. Emma b.e.öňki XI-IX asyrlarda bolsa, aýry-aýry jemagatlar ykdysady we syýasy taýdan özbaşdak ösüpdirler. Olarda dolandyryş ulgamy bolmansoň, ýazuwa mätäçlik bolmandyr we ol ýatdan çykarylypdyr.

Gomeriň maglumatlary esasynda b.e.öň XI-IX asyrlarda Gresiýada jemgyýetiň syýasy gurluşy ýönekeý oba jemagatlary görnuşinde bolupdyr. Olaryn ýerleşen ýerleri uly bolman, bir-birinden üzňe bolupdyrlar. Jemagatyň syýasy we ykdysady merkezine polis (şäher) diýlipdir. Bu dowrüň polisi hem şäher, hem oba ýaly bolupdyr. Onuň esasy ilaty daýhanlar we maldarlar bolupdyrlar.

Aýry-aýry jemagatlaryň arasynda dartgynly gatnaşyklar bolupdyr. Goňşulara duşman hökmünde garapdyrlar.

Gomerçilik döwründe ýerler bütin jemagatyň eýeçiligi hasaplanypdyr. Jemagatdake erkin adamlaryň paý ýerlerine “klerler” (“bijeler”) diýlipdir. Jemagatyň içinde köpýerli we ýersiz adamlar hem bolupdyr. Uly bolmadyk paý ýerinde hojalyk ýöretmäge serişde tapmadyk adamlar ýerini beý goňşularyna beripdirler. Özleri bolsa ýetrsiz fetlere (batraklara) öwrülipdirler. Gomeriň eserlerinde urug begzadalary “gowylar” (“aristo”) diýlip atlandyrylýar.

B.e.öňki XI-IX asyryň grek patyşalary bu sözüň dowaly manysyna eýe däldirler. Uruglaryň baştutanlary “basileýler” bolup, olar urug kethudalary bilen wagtal-wagtal şäher meydançasynda (agorada) halkyň gatnaşmagynda dowalary cözüpdirler. Uruş wagtynda basileýleriň birini (ýa-da ikisini) harby serkerde saýlapdyrlar. Ýöriş wagty basileýler gorkaklara we gulak asmaýanlara ölüm jezasyna çenli çäre görüp bilipdirler. Kä ýagdaýlarda basileýiň harby wezipelerine ýokary ruhany we baş kazy wezipeleri hem goşulyp “patyşa” bolan ýagdaýlary-da duşýar. Olara feak basileýleriň arasynda Alkinoý, Itaka basileýleriň arasynda Odisseý, Troýanyň etegindäki akeý goşun serkerdeleriniň arasynda Agamamhon mysal bolup biler. Gomerçilik döwrüniň özbaşdak jemagatlaryndan soňra ilkinji-şäher döwletler ýa-da polisler emele gelipdir.

Umuman alanda gomerçilik döwri medeni taýdan pese gaçan hem bolsa, bu döwürde geljekki batly ösüş üçin güýçler jemlenipdir. Grek jemgyýetiniň mundan beýläk ösmegi üçin demiriň giň ýaýramagy we önümçilige girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

3. Dorileriň göçüp gelmekleri b.e.öň XI asyrda tamamlanypdyr. Onuň netijesinde dürli grek taýpalarynyň ýerleşişinde düýpli üýtgeşmeler bolupdyr. Peloponnesiň Arkadiýa we Ahaýýa ýerlerindäki ilat özbaşdaklygyny saklap galypdyr. Dorilerin esasy höküm süren ýerleri Argos, soňra b.e.öň X asyryň ortalarynda esaslandyrylan Sparta şäheri bolupdyr. Olar Egeý arhipelagynyň günorta böleginde Kiferany, Melosy, Kritiň uly bölegini, Rodosy we günorta-günbatar Kiçi Aziýada käbir ýerleri eýeläpdirler.

Aheýler Kritiň daglarynda, Kiprde, Pamfiliýada özbaşdaklygyny saklapdyrlar. Orta Gresiýada aheýler Attikany elde saklap galypdyrlar. Afinynylaryň dorilere garşy tutan ýerlilik bilen göreşendigini XX asyryň 30-njy ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglar subut edýärler. Afinyda b.e.öň XI asyrda kuwwatly goranyň diwarlary gurulýar. Bu ýere Peloponneden hem aheý bosgunlery gaçyp gelipdirler.

Ähli Günorta Gresiýadan gaçyp gelen bosgunlara Attikada eklenmek mümkin bolmandyr. Olaryň patyşa Ionyň ady boýunça ioniler diýen bir bölegi Egeý arhipelagynyň merkezi adalaryna we Kiçi Aziýanyň günbatar kenarlaryna göçüpdirler. Miletde, Efesde, Kolafonda, Samosda we Hiosda gülläp ösýän ioniý obalary döräpdir. Tizden bu ýerlerde grek medeniýeti gaytadan ýokary göterilipdir.

Kiçi Aziýanyň Egeý kenarynyň demirgazyk bölegi ýagny Eolida, Lesbos adasy Fessaliýadan göçüp gelenler tarapyndan ilatlaşypdyr. Rowaýatlara görä, Eolida Pilosyň legendar patyşasy Nestoryň nesilleri gidipdirler.

Mowzuk: Gadymy Gresiýa b.e.öň VIII-VI asyrlarda.

M E Ý I L N A M A

1. Grek-şäher döwletleriniň döremegi durmuş we ykdysady ösüşi.

2. Tiranlyklar we tiranlar.

3. Koloniýalaşdyryş hereketi.

4. B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek medeniýeti.

Grek-şäher döwletleriniň döremegi durmuş we ykdysady ösüşi[üýtget | edit source]

Gadymy Gresiýanyň taryhynda b.e.öňki IX-VIII asyrlaryň sepgitlerinde çuňňur özgerişlikler bolup geçýär. Bu döwürde ownuk biri-birinden üzňe urug we oba jemgatlarynyň içinde ykdysadyýet çalt ösüp başlaýar. Döwlet organlarynyň ulgamy, ösen medeniýet döräp başlaýar. Bu täze durmuş – syýasy gurluşa polisler diýilýär. Polisler öňki jemagatlardan, täze ilatly ýerleriň döredilmeginden (koloniýalardan) emele gelipdirler. Polisleriň içerki düzümi birnäçe asyrlaryň dowamynda kemele gelip, b.e.öňki VI asyrda köp şäherlerde, esasan, tamamlanýar.

Şäher-döwlet görnuşinde irki döwletleriň emele gelmegi b.e.öňki VIII-VI asyrlarda bolup, oň arhaik döwür diýip at berilýär.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda ykdysady özgerişlikler oba hojalygynda, önümçilik tilsimatynda, hünärmentçilikde we söwdada bolup gecýär.

Oba hojalygynda önümçilik we zeýtun ösdürmek üçin has köp serişde we işçi güýjüniň sarp edilmegi hojalykda gereginden artyk, bazarda satar ýaly önüm öndürmäge mümkinçilik beripdir.

Oba hojalygynda esasy orun daýhan hojalyklaryna we urug begzadalarynyň iri hojalyklaryna degişli bolupdyr.

Oba hojalygyndan hünärmentçilik bölünip aýrylypdyr. Hünärmentçilik şäherlerde jemlenipdir. Onuň esasy pudaklary metal işläp bejermeklik, keramika önümçiligi, gämi gurluşygy bolupdyr. Demriň we poladyň öndürilişiniň özleşdirilmegi ekerançylygyň ösdürilmegine ýardam edipdir. Harby işde hem öwrülişige getiripdir. Öňkibegzadalaryň atly goşunynyň ähmiýeti pese duşüp, agyr ýaraglanan pyýada goşun (goplitler) uly orun tutup başlapdyr.

Grek küýzegärleri kermaika önümleri ýasamakda uly ussatlyga ýetipdirler. Olaryň küýze önümleri bütin ortaýer deňzinde meşhur bolupdyr. Grek ussalary gaplaryň daşyny gara lak bilen örtüp, olarda dürli sahna we bezeg şekillerini şekillendiripdirler.

Korinfiň we Afinynyň keramikasy aýratyn şöhrat gazanyp, Egeýden has uzak ýerlere-de ýaýrapdyr. B.e.öň VIII-VI asyrlarda gämi gurluşygy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu döwürde Gresiýada uly harby flot bolmandyr, sebabi olar deňiz uruşlaryny entek alyp barmandyrlar. Gurulýan gämiler, esasan, ýolagçylar we söwda üçin niýetlenipdir. Gämileriň dürli görnuşleri bolupdyr: pentekonterlerde 50 kürekçi, triýerlerde 180 kürekçi bolup, olar gäminiň tizligini sagatda 10 deňiz miline ýetiripdirler.

Döwda hem ösüp ugraýar. Haryt alyş-çalşygyny b.e.öň VII asyrda Lidiýada we Gresiýanyň Egina adasynda ilkinji teňňeleriň ýüze çykmagy has ýeňilleşdiripdir. Gresiýada teňňeler belli bir agramy bolan tegelek görnüşli kümüş bölejigi bolup, olaryň bir ýüzünde haýsy-da bolsa bir hudaýy, beýleki tarapynda onuň bilen baglanyşykly simwollary şekillendiripdirler.

Hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi şäherleriň dolandyryş we dini merkez hökmünde hem ösmegine ýardam edipdir.

B.e.öň VIII-VI asyrda Gresiýada şäher öwrülişigi bolup geçýär, ýagny köp şäherler dolandyryş-dini we söwda-hünärmentçilik merkezleri hökmünde esaslandyrylýarlar we berkidilýärler. Şäherlerde hünärmentçilik ussahanalary işläpdir, agorada gyzgalaňly sowda bolupdyr, gämi duralgalarynda uzakdan gelen gämiler durupdyr. Ilatyň arasynda hünärmentleriň, söwdagärleriň, deňizçileriň, kürekçileriň, ussahana we gämi eýeleriniň sany artýar, ýagny söwda-hünärmentçilik gatlagy emele gelýär. Şäherlerde ýer eýeleri we ýönekeý daýhanlar hem ýaşapdyrlar. Olar ýerlerini gidip işläpdirler. Obada ýaşaýan daýhanlar hem şäher bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Olar şäherdäki ýygnaklara., baýramçylyklara gatnaşypdyrlar. Başgaça aýdylanda, şäher bütin polisiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösuşiniň möhüm merkezine öwrülýär.

Grek polisleriň ykdysadyýeti öz düzümi boýunça gadymy gündogar we aheý döwletlerindäkiden tapawutlanypdyr. Ol has hereketjeň, söwdanyň we hünärmentçiligiň, haryt önümçiliginiň uly orny, hususy hojalyklaryň köplügi, hojalyk durmuşyna döwlet häkimiýetiniň gowşak täsiri bilen möhümdir.

Öň hem belläp geçişimiz ýaly, b.e.öň VII asyryň ortalarynda atly we arabaly goşunyň ähmiýeti pese duşüp, pyýada agyr ýaraglanan goşun esasy harby güýje öwrülipdir. Gaplitleriň goşuny ortaça ýaşaýan daýhanlardan düzülipdir. Bu bolsa olaryň jemgyýetde syýasy täsiriniň artmagyna ýardam edipdir.

Demosyň esasy ýeňişleriniň birem adat hukuklarynyň we dowam edýän hukuk düzgünleriniň kadalaşdyrylmagy we ýazga geçirilemgi bolupdyr. Bu bolsa birnäçe eden-etdilikleriň öňüni alypdyr. Kanunlarda ýere we emläge hususy eýeçilik berkidilipdir. Esasy ähmiýete eýe bolan zat hem raýatlarybergidarlygy uçin gul etmegiň gadagan edilmegi bolupdyr. Bergidar bolan garyp şahsy taýdan azat bolupdyr. Jemgyýetiň aňynda kem-kemden grekleriň gul bolmaly däldigi baradaky duşünje kemala gelipdir.

Tiranlyklar we tiranlar[üýtget | edit source]

B.e.öň VII-VI asyrlarda Gresiýanyň syýasy ösüşinde polisleriň köpüsinde urug begzadalaryny häkimiýetden çetleşdirmek we söwda-hünärmentçilik toparyň häkimiýetde berkleşmegi bolup gecýär. Şäher-döwletlerde häkimiýeti güýç bilen eýelän we dolandyryş organlaryny özüne tabyn eden adamlara tiranlar diýipdirler.

B.e.öň VII asyryň II ýarymynda tiranlyklar ilki bilen karinfde, Sikionda berkarar bolupdyrlar. B.e.öň VI asyrda bolsa tiranlyk düzgüni Miletde, Afinyda, Samos we beýleki adalarda, Günorta Italiýanyň birnäçe polisinde we Sisiliýada bolupdyr. Tiranlaryn ýöredýän syýasaty, esasan, köne urug begzadalarynyň agalygyna garşy bolupdyr. Tiranlar olary häkimiýetden çetleşdiripdirler, emlägini we ýerini alypdyrlar, polisden kowupdyrlar we olara garşly adamlary erkinlige goýberipdirler. Olar söwda-hünärmentçilik toparlary we ownuk daýhanlary goldapdyrlar. Hünärmentçiligi, söwdany, gämi gurluşygyny ösdüripdirler. Gämiduralgalaryny abadanlaşdyryp, deňiz ýollaryny howpdan goramaga çalşypdyrlar, teňňe zikgeläpdirler.

Şu işleri geçiryän wagtlary olary halk goldapdyr. Ýöne tiz wagtdan öz bähbitlerini arap, zorluk edip başlapdyrlar. Ilat olary goldamagyny bes edipdir. Tiranlar kowlupdyrlar ýa-da göreşde ölüpdirler. B.e.öň VI asyryň ahyryna çenli ähli grek şäherlerinde diýen ýaly tiranlyklar ýok ediplipdir.

Koloniýalaşdyryş hereketi[üýtget | edit source]

B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek jemgyýetiniň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşi netijesinde Beýik koloniýalaşdyryş herketi emele gelipdir. Grekler Egeý deňziniň we onuň töwregindäki ýerleşen şäherlerinden Ortaýer deňziniň we Gara deňziň kenarlarynda köpsanly koloniýalary (grekçe-apoýkiýalary) döredip, göçüp barypdyrlar.

Grekler Ortaýer deňziniň we Garadeňziň kenarlarynda giň ýerleri özleşdiripdirler we ýerli ilatlar bilen ykdysady, medeni aragatnaşyklary ýola goýupdyrlar.

Koloniýalara, esasan, ýersiz halan garyplar, syýasy göreşde ýeňlen toparlar, ýagny närazylar we syýasy garşydaşlar gidipdirler. Olar täze ýerlerde şowlulyk we bagt gözläpdirler. Metropoliýalar (“ene şäherler”) üçin koloniýalar bilen aragatnaşyk saklamak amatly bolupdyr.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda Gresiýada ilatyň sany juda artypdyr.

Beýik grek koloniýalaşdyryş hereketinde üç ugur tapawutlanýar:

1. Günbatara-Günorta Italiýa we Sisiliýa, Sardiniýa, Korsika adalaryna, häzirki Fransiýanyň günorta kenarlaryna we Ispaniýanyň gündogar kenarlaryna tarap.

2. Demirgazyk-günorta – Frakiýanyň günorta kenarlaryna, Gara deňziň kenarlaryna we bogazlaryna tarap.

3. Günorta we günorta-gündogar ugur-finikiýa kenarlaryna, Müsürin we Liwiýanyň deňiz kenarýakalaryna.

Günbatar ugurda bu hereket has güýçli bolupdyr. Grekleriň günbatar ilkinji koloniýasy Pitekussa adasyndaky oba we Kumy şäheri bolupdyr. Soňra iň iri we ösen polisler bolan Sirakuzy, Zankla, Regiý, Tarent, Sibaris, Kroton, Gela, Silimint, Akragant we beýleki koloniýalar esaslandyryplypdyr. Günorta Italiýada we Sisiliýada grekler şeýle bir köp ornaşypdyrlar welin, ol ýerleri Beýik Gresiýa diýip atlandyryp başlapdyrlar.

Fransiýanyň günorta kenarynda Massaliýa esaslandyrylypdyr. Onuň üsti bilen Galliýa we häzirki Pariže çenli grek harytlary äkidilipdir. Günbatarda koloniýalar döretmekde Korint şäheri aýratyn orun tutupdyr.

Ikinji ugurda Milet şäheri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ol 100-den gowrak koloniýa esaslandyrypdyr. Propontidada Kizik, Halkedon, Wizantiý, Gara deňziň günorta kenarynda Sinop we Gerakleýa, günbatar kenarynda Istriýa, Pont Apollaniýasy, Odessos, Tomy, Kallatiýa, demirgazyk kenarynda Tawrika, Pantikapeý, Fanagoriýa, Tira, Bospor, Feodosiýa, Hersanes, Gorgippiýa esasy grek şäher-döwletleri bolupdyrlar.

Üçünji ugur boýunça koloniýalaşdyryş herketi has gowşak bolan, sebäbi grekler bu toýda finikiýa söwdagärleriň güýçli garşylygyna duş gelipdirler. Şonuň üçinem diňe Siriýada Al-Mina, Finikiýada Sukas, Müsürde Nawkratis we Dafta şäherleri esaslandyrylypdyr. Diňe b.e.öň 630-njy ýylda esaslandyrylan Kirena şäheri has ösen grek polisi bolupdyr. Grek koloniýalary ýaşamak üçin amatly, bol hasylly, gowy göni duralgaly, tebigy taýdan berkidilen we agyz suwy bilen üpjün bolan kenarýakalarda esaslandyrypdyrlar. Olar ilki ornaşjak ýerlerini öwrenipdirler. Ýer tapylansoň, metropoliýadan oňa göçüp gitmek işleýänleri hasaba alypdyrlar. Olara şäher häkimiýetleri tarapyndan baştutan-oýkis bellenipdir. Ilkinji koliniýalarda ilat az bolupdyr. Olar ýerli halklar bilen aragatnaşyga giripdirler.

Täze ýurtlar we täze taýpalar bilen tabyşlyk grekleriň medeni dünyägaraýşyny giňeldipdir.

Täze şaherleri guramak, ýerleri özleşdirmek zerurlygy binagärligiň we şekillendiriş sungatynyň ösmegine itergi beripdir. Grek medeniýeti beýleki ýurtlaryň täsirinde täze pikirleri, bilimler bilen baýlaşypdyr.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek medeniýeti[üýtget | edit source]

Grek polisleriniň emele gelmegi täze medeniýetiň ruhy gymmatlyklarynyň täze ulgamynyň döremegi bilen bolup geçipdir. Grek medeniýetiniň esaslarynyň kemala gelmegi boş ýerden döremändir. Sebäbi oňa b.e.öň II müňýyllykdaky Krit we Aheý medeniýetleriniň we gadymy gündogar siwilizasiýasynyň täsiri ýetipdir. Grekler bu mirasy başarjaň peýdalanypdyrlar we gaýtadan işläpdirler. Umuman alanda b.e.öňki VIII-VI asyrlardaky grek medeniýeti özboluşly, täze taryhy hadysa bolupdyr.

Her bir halkyň medeniýeti özüne ýazuwy we edebiýaty, şekillendiriş sungatyny we binagärligi, dini ulgamyny, filosofiýany (pelsepäni) we ylmy öz içine alýan çylşyrymly we köptaraplaýyn toplum bolup durýar.

Grekler özboluşly dini ulgam döredipdirler. Olaryň düşünjelerine görä, hudaý bu kuwwatly barlyk bolup, ol ähli zady başaryp bilmeýär we ýokary guýç bolan ykbala tabyn bolýar. Grekler hudaýy adama meňzeş hasaplapdyrlar. Olaryň wezipesine bolsa, adamlara kömek bermek diýip duşünipdirler. Olaryň duşünjelerine görä, adamlar bilen hudaýlaryň nikasyndan gahrymanlar-ýarymhudaý adamlar emele gelip, olar ajaýyp edermenlikler görkezipdirler. Grekleriň hudaýlar we olaryň dünýewi işlere goşulyşy baradaky gürrüňlerine mifler diýilýär. Grek duşünjelerine görä, adamlaryň we hudaýlaryň dünýäleri göze görünmeyän birnäçe sapaklar arkaly baglanyşýar. Olar hudaýlary ajaýyp ybadathanalarda ýaşaýan owadan adamlaryň keşbinde göz öňüne getiripdirler we aýal hem erkek heýkellerinde beýan edipdirler.

Gadymy Gresiýada b.e.öňki IX-VIII asyrlaryň sepgidinde harpdan ybarat elipbiý döräpdir, onda çekimli we çekimsiz sesler bolupdyr.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek edebiýaty hem döräpdir. Ilki bilen epiki poeziýa emele gelipdir. Olar aýdymçy-aetler tarapyndan ýerine ýetirilipdirler. Ýazuwyň döremegi bilen olary ýazga geçiripdirler. Epiki poeziýanyň iň gowy nusgalary “Iliada” we “Odisseýa” polmalarydyr. Bularyň b.e.öň VIII asyrda mazmuny gutarnykly görnuşe gelip, b.e.öň VI asyrda bolsa ýazga geçirilipdir.

Ilkinji awtory belli bolan eserler Gesiodyň “Zähmetler we günler”, “Teogoniýa” poemalarydyr.

Liriki poeziýanyň ilkinji wekilleriniň biri Paros adasynda bolan Arhiloh (b.e.VII a) bolupdyr. Başgada Alheý we (Lesbosa), Anakreont (Teos şäh.) ýaly şahyrlary mysal getirmek bolar.

Liriki eserlerde söýgüni, tebigaty, durmuşyň şatlyklaryny beýan edipdirler.

Syýasy liriki eserlerde bolsa, içerki göreş, syýasy wakalar beýan edilip, oňa Solonyň (Afinydan), Feognidiň (Megaradan) eserlerini mysal görkezmek bolar.

Spartaly Tirteý öz eserlerinde watançylyk mowzugyna ýüzlenip, edermenligi, batyrlygy wasp edipdir.

Poeziýanyň beýleki görnüşlerine gimnler, odalar, ýarym epiki, ýarym kyssa görnuşindäki ahlak terbiýe beriji hekeýatlar (basnýalar) degişli bolupdyr.

Gresiýada şäher gurluşygy we binagärlik anyk meýilnama esasynda alnyp barlypdyr. Grek şäher gurujylary şäheriň agyz suwy bilen üpjünçiligine uly üns beripdirler. B.e.öň VII asyryň ortalarynda Megarada, soňra Korinfde, Afinyda we beýlekiýerlerde guralypdyr. Iň ajaýyp suw geçirijisi Samos adasynda gurlup, dagyň içinden 1 km uzynlykda nagym (tonnel) gecirilipdir.

Grek binagärliginde ybadathanalara esasy üns beriplipdir. Olar belent ýerde-akropolda gurlup, süntünler bilen gurşalypdyr, relýefler we heýkeller bilen bezelipdir.

Binagärlikde ybadathanalaryn gurluşygynda meşhur order ulgamy diýilýän binagärlik usuly öz beýanyny tapypdyr. Ol Gresiýada ösdürilip, soňra Rimde hem ýaýrapdyr. Sütünleriň (orderleriň) doriý, ioniýa, korinf görnüşleri bolupdyr.

Heýkeltaraşlykda mifiki gahrymanlaryň, hudaýlaryň, olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileriniň, aýal hudaý şekilleriniň heýkellerini ýasapdyrlar. Irki grek filosoflaryna (pelsepeçilerine) naturfilosoflar (natur-tebigat) diýipdirler. Sebäbi şol wagtlar ylym we pelsepe bitewi ekeni. Naturfilosoflara Fales, Anaksimandr, Anaksimen, Geraklit, Pifagor degişlidir.