GERŞLEK ÇEKIRTGE

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Göni ganatlylar otrýady Pamfagidler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Birnäçe aşaky görnüşleri bar. Türkmenistanyň faunasynda üç sany aşaky görnüşi: Saxetania cultricollis cultricollis Saussure, 1887; S. c. tumulosa Mistshenko, 1951; S. c. gibbosa Mistshenko, 1951 duş gelýär. Gysgaça beýany. Göwresi uly, ganatsyz, dykyz büdür-südür örtükli çekirtge. Bedeniniň reňki çal ýa-da garamtyl. Yzky injkleriniň iç tarapy açyk-gök reňkde. Erkekleriniň bedeniniň uzynlygy 25–29,5; urkaçylarynyňky 37–61,4 mm. Ýaýraýşy. Köpetdag. Türkmenistandan daşarda — Eýran, Demirgazyk Owganystan. Ýaşaýan ýerleri. Daşly — gyýçak eňňitler, dag eteklerinde seýrek, gurakçylyga çydamly ösümlikli dag sähralary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Iki-ýeke duş gelýär. Esasy çaklendiriji sebäpler. Görnüşiň mesgen tutan ýerlerinde malyň çendenaşa köp bakylmagy, höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan ýygnalmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýylyň dowamynda bir gezek nesil berýär. Liçinkalary ýassyk şekilli gurakçylyga çydamly (kserofit) ösümlikleriň aşagynda gyşlaýar. Merkezi Köpetdagda Germap (2001‑nji ýylyň iýuny) we Deşt (2004‑njiýylyň maýy) obalarynyň töwereginde jyns taýdan ýetişen iki-ýeke çekirtgä gabat gelindi. Ýetişen çekirtgeler aprel-maýda peýda bolýarlar. Urkaçylary maýyň ahyrynda ýumurtga taşlaýarlar. Iýunda kiçi ýaşly liçinkalary peýda bolýar. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin geçirilen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Sünt-Hasardag we Köpetdag döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan ýygnalmagyny gadagan etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Goraghanalarda görnüşiň populýasiýasynyň ýagdaýyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa