Gülli ösümlikler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Gülli ösümlikler iki klasa: bir ülüşlilere we iki ülüşlilere bölünýär. Iki ülüşlileriň tohumynda iki sany tohum ülüşli düwünçegi bolýar, kökleri, köplenç, ok kökdür. Ýaprak lary, köplenç, tor şekilli damarlanandyr. Gülleri bäş, seýrek dört agzaly bolýar. Iki ülüşliler klasyna seýilgählerde, ýollaryň gyra larynda we ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ösýän uly agaçlar (çynar, kerkaw, garagaç), gyrymsy (ýylgyn, gandym, bägül), otjumak ösümlikler (ýandak, ajy buýan, üzärlik, ýabagan), gök ekinler (kelem, käşir, pomidor), bakja ekinleri (gawun, garpyz, kädi), tehniki ösümlikler (gowaça, kenep) hemde haşal otlar (itüzüm, peçek we beýlekiler) degişlidir. Bir ülüşli ösümlikleriň tohumynda bir tohum ülüş li düwünçegi bolýar. Kökleri gotazjymak kökdür. Ýap raklary, köplenç, ugurdaş ýada ýaý şekilli damarla nandyr. Gülleri mydama üç agzaly bolýar. Bir ülüşli ösümlikler klasyna ýabany ösümlikler (gyrtyç, ýylak, selin), medeni ösümlikler (bugdaý, ar pa, mekgejöwen, şaly) we haşal otlar (garaçaýyr, topalak we beýlekiler) degişlidir.