Mazmuna geçiň

Göterim swopy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Göterim swopy (iňlis dilinden interest rate swap, IRS) — belli bir senede bir tarapyň beýleki tarapa belli bir möçberde fiksirlenen göterimi tölejekdigi we ikinji tarapdan üýtgäp durýan stawka (mysal üçin, LIBOR stawkasy) boýunça göterimiň möçberinde tölegi aljakdygy barada iki tarapyň arasyndaky ylalaşyk görnüşindäki ýasama maliýe guraly.[1]

Geljekki göterim stawkasy baradaky ylalaşyk (iňlis dilinden Forward Rate Agreement) — standartizirlenen göterim swopy.[2]

Göterim swoplary adatça fiksirlenen stawkalary üýtgäp durýanlara özara geçirmek üçin we tersine, aktiwler hem passiwler bilen amallar ätiýaçlandyrylanda ulanylýarlar. Göterim swopy boýunça pozisiýa şertnamanyň taraplary üçin göterim we karz töwekgelçiliklerini öz içinde saklaýar.[3]

Göterim swoplary iň dürli maýa goýum strategiýalarynda ulanylýarlar. Olar hejirlemek we maliýe spekulýasiýalary üçin meşhur gural bolup durýarlar.

Swop ylalaşygy boýunça göterim stawkasynyň fiksasiýasy göterim stawkalarynyň pese düşmeginden ätiýaçlandyrylmaga ýardam berýär. Beýleki tarapdan, kontragent göterim stawkalarynyň peselmeginde utuşda bolar.[4]

Spekulýasiýalar

[düzet | çeşmäni düzet]

Göterim swopy boýunça pozisiýa girmegiň pes bosagasy (porog) sebäpli, olar göterim stawkasynyň hereketinde spekulýasiýa edýän treýderleriň arasynda meşhurlykdan peýdalanýarlar.[5]

Şeýlelikde, bahanyň pese düşmegine garaşylýan, esasy aktiw boýunça doly gymmatly gysga pozisiýany açmaklygyň deregine, treýder üçin meňzeş döwür üçin göterim stawkasyny fiksirleýän swopy baglaşmaklyk ýeterlik bolup durýar.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Interest Rate Swaps". global.pimco.com. Archived from the original on 2021-12-30. Retrieved 2021-12-30. 
  2. "Hedge accounting: What are the benefits of a dynamic risk management strategy?". bloomberg.com. Archived from the original on 2021-12-30. Retrieved 2021-12-30. 
  3. "Swap Trading". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-12-30. Retrieved 2021-12-30. 
  4. "Interest Rate Swap". investopedia.com. Archived from the original on 2021-12-30. Retrieved 2021-12-30. 
  5. "An In-Depth Look at the Swap Market". investopedia.com. Archived from the original on 2021-12-30. Retrieved 2021-12-30.