Görogly eýýäminiň medeniýeti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Mowzuk : Görogly eýýäminiň medeniýeti.

M E Ý I L N A M A

1. Ruhy medeniýetiň ösüşi.

2. Maddy medeniýetiň ösüşi.

Türkmenistanyň territoriýasynda täze gatnaşyklaryň ösmegi we pugtalanmagy, Seljukitleriň döwletiniň döremegi bilen bir wagtyň özünde yslam dininiň orny güýçlenipdir.

Ylymda we edebiýatda soputçylyk giňden ýaýraýar, ol bolsa özüne mahsus bolan dünýäşen passiw üzňelik formasynda ýaýrap, ilki bada yslam tertipleriniň giň köçpüligiň, ylaýta-da şäher senetçileriniň nägileligini aňladypdyr we rehimsiz yzarlanylypdyr. Emma basym sopuçylyk hökümdar toparlaryň elinde yslamyň resmi dini ýaly, köpçüligi ruhy taýdan bakna etmegiň we gulçulyga salmagyň guralyna öwrülýär.

Emma ösýän önümçiligiň islegleri medeniýetiň, ylmyň, edebiyatyň umuman ýokary göterilişini döretmän durup bilmändir.

Gaznewit we Seljuk döwletleriniň araçäkleriniň, soňra bolsa Horezm şalarynyň eýelik edýän ýerleriniň araçäkleriniň giňeldilmegi, Orta Aziýanyň üsti bilen geçýän söwdanyň we kerwen ýollarynyň ösdürilmegi, şäherleriň hem olarda medeniýetiň ösmegi - bularyň hemmesi XI – XII asyrlarda medeniýetiň ösmegine, Horezmiň we Demirgazyk Horasanyň şäherlerinde uly medeni merkezleriň döremegine ýardam edipdir. Demirgazyk Horasanda şonuň ýaly merkezleriň hatarynda ozaly bilen Marynyň adyny tutup geçmek gerek. Emma Nusaýyň we beýleki şäherleriň hem az ähmiyeti bolmandyr. Orta asyr Gündogarynyň uly medeniyet işgärleriniň birentegi Demitgazyk Horasanda dogulypdyr. Şonuň bilen birlikde harabaçylyklary Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän şäherlerde özlerine orun tapan we işlän alymlaryň ençemesiniň şöhratly atlaryny taryh saklapdyr. Mysal üçin, 1017-nji ýylda Ürgençden çykyp gitmäge mejbur bolandan soň, beýik wraç, tebigaty synaýjy we filosof Awisenna (Ibn Sina) Nusaýda we Abiwerte bolupdyr. Mongollaryň basyp almagynyň oň ýanynda maryda şol wagtlaryň iň uly kitap saklanýan jaýlarynyň onusynyň bollandygy bellidir. Arap geografy Ýakut şeýle ýazypdyr: “Men sany boýunca we artykmaçlygy boýunca şolara meňzeşleri bütin dünýäde görmedim”. Ol şäheriň meýlishana metjidiniň ýanynda bolan iki kitaphananyň adyny tutýar; olaryň birine Aziziýe diýlip, onda 12 müň toma golaý kitap bolupdyr, ikinjisine Kemaliýe diýlip at berlipdir. Şeref el mülkiň Nizam el mülkiň, Amidiýanyň, Hatyniýanyň medreseleriniň ýanynda köp kitap ýygyndylary bolupdyr. Hanagyň ýanynda bolan Dumariýe kitaphanasy agzalyp geçilýär. Iki kitaphana samanynyň öýüne degişli bolupdyr, kitaphanalaryň biri wezir Mej el – mülke degişli bolupdyr. Hususan-da Maryda Birunynyň ylmy traktatlarynyň otuzdan gowragynyň spisoklarynyň bolandygy görkezilip geçilýär.

Garalyp geçilýän döwürde Türkmenistanyň welaýatlarynda gumanitar we takyk ylymlar, edebiýat, arhitektura, bezeg sungaty ep-esli derejede ösýär.

Yslam özüniň resmi dogmatlarynda-da, “azgyn” sopy toparlary görnuşinde-de orta asyr Gündogarynda ylmyň ösmegi üçin esasy we biçak uly päşgelçilik bolup durupdyr. Dini taglymat ylymlary diýilýän “ylymlar” görnükli orun tutupdyr. Emma hatda musulman ediologiýasy bilen çäklendirilen ýerli alymlar ylym bilimlere tarap ondan beýläkki ýoly salypdyrlar. Horasanyň we Horezmiň alymlary öz eserlerini, esasan, arap ilinde ýazmak bilen, birentek wagtlarda ýerli halk dillerini hem peýdalanypdyrlar.

Abu – Reýhan Muhammet ibn Ahmet al- Biruny (973-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda doglupdyr. 1048-njy ýylda ölüpdir) orta asyr Gündogarynyň iň beýik alymlarynyň hataryna giryärdi. Dünýä garaýyşlarynyň progressiwligi, ylymlar bilen gyzyklanmagynyň ensiklopedik giňligi, akyl ýetirilişiniň çuglugy Birunyny öz zamanyndan köp derejede ýokarda duran we uzagy gören ähli zamanlaryň we halklaryň örän uly akyldarlary bilen bir hatarda goýýar. Günorta Horezmde doglan (häzirki Ürgenjiň golaýyndaky obada doglan diýip çak edýärler) Biruny watanyny taşlap gitmäge telim gezek mejbur bolup, käte Gürgende kabus ibn Waşmgiriň köşgünde, käte-de Gaznada Mahmydyň we Masut Gaznawinkide gullukda bolupdyr. Emma bu köp sanly sergezdanlyklylary hem ol ylmy maksatlar üçin peýdalanypdyr, tebigaty we durmuşy barlap, özüniň geografik, filologik hem etnografik bilimlerini geňeldipdir. Bu barada Birunynyň Hindistana gidip gelişleri örän peýdaly bolupdyr, ol özüniň şol gidip gelişlerini Hindistana ýöriş eden Mahmyt Gaznawynyň goşunynda bolan mahalynda amala aşyrypdyr.

Bu gidip gelişleriň netijesinde Biruny Hindistan we onuň medeniýeti hakynda uly eser ýazypdyr, bu eser ýurduň tebigatyna, onuň ilatynyň durmuşyna we ahlaklaryna onuň hut özüniň çuňňur gözegçilik etmelerine, şonuň ýaly-da hindi alymlarynyň sanskrit esasynda ýazlan eserlerinde bar bolan maglumatlara esaslandyrylypdyr, Biruny bilimli hindileriň kömek bermeginden peydalanyp, sanskriti ýörite öwrenipdir. Bilimli hindiler bilen eden gürrüňleri onuň Hindistanyň durmuşy hakyndaky düşünjelerini giňeldipdir we çuňlaşdyrypdyr hem Hindistanyň alymlarynyň garaýyşlaryna we gazanan üstünliklerine akyl ýetirmeklige ýol açypdyr.

Birunynyň astronomiýa baradaky eserlerinde bu ylmyň esaslaryny giňden umumylaşdyrmakdan başga-da birnäçe ajaýyp pikirler bar, hususan-da dünýäniň geliomerkezli sistemasy hakyndaky gipotezanyň ylmy taýdan kanunalaýyklygy ykrar edilýär, şol sistema hakyna gürrüň etmek bilen ol şol sistemanyň hindi astronomlaryň arasyndaky taraplaryna salgylanýar. Geografiýa meselelerinde Biruny taryhdan öňki wagtlarda Amyderýanyň akymynyň üýtgeyändigi baradaky teoriýany öňe sürüpdir. Mineralogiýa barasynda bu alym ajaýyp traktat döredipdir, bu traktat minerallar we magdanlar hakyndaky, garma metallar faýans, çüýşe, syrça hakyndaky (hususan-da udel agramlar hakyndaky) maglumatlardan ybarat bolupdyr.

Matematika baradaky eserlerinde Biruny algebra we geometriýa meselelerini çözmegiň we subut etmegiň ariginal metodlaryny beýan edipdir. Biruny obýektiw bilimleri dini dogmatlara we galat düşünjelere çürk – kesik garşy bolupdyr. Bu alymyň jemgyýetçilik garayýşlarynýň progressiwligi onuň halklar arasynda duşmançylygyň bolmagyna garşy aýdan pikirlerinde beýan edilipdir. Biruny Mukannanyň 8-nji asyrda bütin Orta Aziýany diýen ýaly öz içine alan halk hereketine üns beripdir we şol hereket hakynda taryhy eser ýazypdyr, ýöne welin, nebsimiz agyrsa-da şol eser biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr. 12-nji asyryň görnükli alymlarynyň arasynda belli wraç Zeýn Ed-din abu – Ybrahym Al-Jurjanyň adyny tutup geçmek gerek. Ol Horezmde uly medisina inseklopediýasyny galdyryp, ony Horezm şasy Kutub Ed-din Muhammede (1091-1128) bagyşlapdyr. Jurjanyň öz ömrüniň soňky ýyllaryny Maryda geçiripdir, şol ýerde 1136-njy ýylda ýa-da 1139-njy ýylda ölüpdir.

1121-nji ýylda alym Kazini agramlar hakynda Soltan Sanjara taraktat bagyşlapdyr. Şol taraktata agramlaryň dürli tipini häsiýetlendirmekden başga-da, deňagramlylyk kanunlaryna geometriki fiziki taýdan duşündiriş berilýär.

1064-nji ýyldan 1092-nji ýyla çenli Seljuk döwletinde wezir bolup işlän we hakykat ýüzünde birinji figura bolan Nyzam el – mülk görnükli syýasy işgär hem akyldar bolupdyr. Nyzam al – mülk “Syýasatnama” diýen eseri ýazypdyr, munuň özi häkimiýet başyna duranlar üçin özboluşly bir ýolbaşçylyk bolup, başynda aňly – duşünjeli monarh bolan ideal feodal döwlet hakyndaky kitapdyr. Soslowiýeleýin guramak baradaky rejeli sistema we paýhasly dolandyryşa esaslandyrylan merkezleşikli ýalňyz döwlet hakynda Nyzam el-mülk öz döwri üçin öňde baryjy ideýalar bolan ideýalary feodal gezpotizmi we dawa jenjel häkimýet ugrundaky we merkezsizleşdirijikli feodal meýiller üstündäki göreş şertlerde amala aşyrylyp bilinjek däldi, awtoryň özide bir çene baranda köşk integrallarynyň pidasy bolup ölüpdir. XII – XIII asyryň başy Türkmenistanda birnäçe uly taryhçyny orta çykarypdyr. Görnükli taryhçy Abu – Seýit As-Samanynyň (1113-1167 nji ýyllar) doglan ýeri Mary bolupdyr. Onuň asly Marynyň köne feodal nebrelerinden bolupdyr. Bu neberäniň şol ýerde uly mülkleri bolupdyr; Kete babadan baslap onuň ata-babalary alymlar tarapyna degişli bolupdyr. Ýokarda görkezilip geçilişi ýaly marynyň iň uly kitaphanasynyň ikisi Samanynyň öýüne degişli bolupdyr. Ýaşlyk ýyllarynda Samany Orta Aziýa we Ilerki Aziýa köp syýahatlar edipdir. 1143-nji ýyldan başlap bolsa, ýene-de Maryda ýerleşip, ol ýerde Amidiýe medresesinde okadypdyr, emma mundan soň hem Horasanyň we Horezmiň dürli şäherlerine telim gezek gidip gelipdir. Samany arapça ýazlan 40-dan gowrak eser döredipdir, şol eserleriň diňe kiçeňräk bölegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol Bagdadyň taryhynyň Marynyň taryhynyň (20 tomdan gowrak), geografik we geneologik sözlügiň hem-de başga eserleriň awtory bolupdyr. Hronologiýada terminologiýada, beýan ediş häsiýetlendirmelerinde uly takyklylyk onuň taryh geografik eserleri üçin häsiyetli zatdyr, ondan soň onuň birentek eseri diňe bir kitaplardan alnan giň bilimler esasynda däl-de hut şahsy gözegçilikler esasynda ýazlany sebäpli, Samanynyň eserleri möhüm ilkinji çeşme hökmünde özleriniň ähmiýetini henize çenli saklap gelýär.

Samanynyň eserleriniň birentek maglumatlaryny tanymal arap geografy Ýakut peýdalanypdyr. Ýakut XIII asyryň başynda Maryda ýaşap, kitaphanalarda Ýurtlar sözlügi diýen ensiklopedik – giň geografik sözlügi düzmegiň üstünde işläpdir. Ol şeýle ýazypdyr: “Men gözleg gyzyklanmamda öz watanyma-da, öz maşgalamy-da ýatdan çykaryp, özümiň hemme wagtymy diýen ýaly şol kitaphanalarda geçirdim; men ol ýerde bu kitaby düzmek üçin we özümiň beýleki ýazuwlarym üçin materiallaryň hemmesini diýen ýaly ýagnatdym”.

Muhammet ibn Ahmet an – Nesewi nusaýly bolupdyr. Öz watanyny mongollaryň basyp almagy bilen baglanyşykly bolan wakalaryň şaýady we şol wakalara gatnaşyjy, Jelal ed – din Menkubertiniň ýörişlerinde onuň egindeşi bolan Nesewi Horasanyň üstüne mongollaryň çozşunyň matamly wakalaryny suratlandyryp görkezyän gyzykly memuralaryň awtorydyr.

Horasanyň we Horezmiň welaýatlarynda soputçylygyň ösmegi bilen baglanyşykda aýratyn taryhy – edebi žanr – agiografiýa – populýar dürli sopuçylyk “ýaşulularynyň” durmuş ýolunyň ýazgylary peýda bolýar. Halk ertekileri esasynda gurlan bu eserler düşnükli halk dilinde ýazlypdyr, olar köşk-resmi edebiyata mahsus bolan pajarly dabaralylykdan halasdyr. Mysal üçin, XII asyrda – XIII asyryň başynda Abu – Seýit Mehneýiniň onuň çowlugy Muhammet ibn al – Minewwer tarapyndan ýazlan durmuş ýoly şolar ýaly eserlerden bolupdyr. Şahyryň biografiýasy Horasandaky janly taryhy ýagdaý esasynda suratlandyrylyp görkezilýär we al- Munewwaryň bu eseri gyzykly çeşme hökmünde ähmiýete eýe bolýar.

Ürgençde soltan Tekeşiň köşgünde görnükli alym Fahr ed-din ar-Razy işläpdir. Ol 1178/9-njy ýyllarda “Ylymlar ýygyndysy” diýen ensiklopedik eserini ýazyp gutarypdyr, onuň bu eseri bilimleriň dürli pudaklaryny gumanitar, tebigat, tehniki, dini taglymat ylymlaryň we beýleki ylymlaryň 57 pudagyny öz içine alypdyr. Birunyň wagtyndaky möçberlerde bolmasa-da, bu ýerde XIII asyryň başlarynda geografiýalaryň işi dowam etdirilýär. Geograf Muhammet ibn Najyp Bekran “dünýä kartasyny” we şonuň ýany bilen “dünýä hakyndaky kitabyň” iki spisokdan ybarat saklanyp galan umumylaşdyryş tekstini düzýär, emma onuň düzen kartasy biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr. Beýan edlişiniň gysgadygyna garamazdan, onda habar berilýän maglumatlar ozalky asyrlardaky geografik eserleriň maglumatlaryna garanda örän gyzykly we giňdir. XII asyryň ahyrynda – XIII asyryň başynda horezmli görnükli astronom Mahmyt ibn Muhammet al-Jagmyny al-Horezmi (1221-nji ýylda ölüpdir) “Astronomiýa barada saýlanan eser” diýen traktaty düzüpdir, bu traktata bolsa XV asyrda meşhur astronom Kazy – zade Rumy düşündirme beripdir.

XI asyrda – XIII asyryň başynda çeper edebiyat köp derejede entek pars dilinde ýazlypdyr. Sopuçylygyň ösmegi bilen baglanyşyklylykda sopuçylyk poeziýasy aýratyn orna geçýär. Şyh Abu – Seýit (1968-1049 – njy ýylda) Horasan derwişleriniň has uly figuralarynyň biri bolupdyr, ol Mehnede doglup, öz ömrüniň köp bölegini şol ýerde geçipdir. XI asyrda Horasanyň syýasy we ruhy durmuşynda özüniň oýnan görnükli rolundan başga-da, Abu – Seýit dört setirli astetik – filosofik goşgy düzüş ýaly aýratyn žabry (rubaýy) dörediji hökmünde tanalypdyr.

Bu edebi forma soňra horasanly şahyr we alym Omar Haýýam tarapyndan ösdürilipdir. Emma sopuçylyk poeziýasynyň passiw dünýägaraýyşynyň tersine, Haýýam öz rubaýalarynda bela – betere garşy protest bildiripdir we öz rubaýalarynyň çuň filosofik mazmun beripdir. Kä bir maglumatlar gorä 1074-1075-nji ýyllaryň töwreginde ol Marydaky Sotan Abserwatoriýasynda bolup astronom wezipesinde işläpdir.

XII asyrda, merkezleşen uly manarhiýalaryň dörän döwründe, öz aralarynda bäsdeşlik eden soltanalryň köşklerinde ýalynjaň öwgi poeziýasy aýratyn rola eýe bolýar. Bu poeziýada köplenç Kasyda žanry – öwgi odasy peýdalanylýar. Poetik formanyň kämilleşdirmegini we birnäçe halatlarda ýokary derejede ylham beriji stildäki eserleriň döredilmegini şol žanrda eser ýazýan şahyrlaryň bitiren hyzmaty diýip hasap etmek gerek.

Maryda Sanjaryň köşgünde gaznaly şahyr Hasan we şahyr Abd al – Wasy peýda bolup, olar ilki bada gaznawit Bahramyny wasp edipdirler, soňra Sanjar Gaznany eýeländen soň bolsa, özleriniň öwrülmelerini Sanajara bagyşlapdyr. Emir Moizzi (1147-nji ýylda ölüpdir) soltan Sanjaryň köşgünde “şahyranalyk şasy” hasap edlipdir. Özüniň hakyky ýokary şahyranalyk döredijiliginde Aly – Auhud ed – din enweri (1191-nji ýýlda ölüpdir) olaryň hemmesinden öde çykypdyr. Enweri Seljukit Horasanynyň medeniýetli adamalrynyň arasynda gyzykly, çylşyrymly, garşylykly figura bolupdyr. Asly mehneli, garyplar arasynda terbiýelenen, emma örän zehinli bolan ol köp mahrumçylyklary başdan geçirip, Tusda ylymlaryň dürli toparyny tebigat ylymlaryny, dini taglymat ylymlaryny, gumanitar ylymlary öz içine alan giň bilim alypdyr; ol bu ýerde özüniň edebi zehinini hem ösdüripdir. Özüniň namysy ugrunda dalaş eden Enweri Maryda Sanjaryň köşgünde özüne orun aljak bolup köp çalşypdyr, muňa bolsa özüniň formasy boýunca örän oňat bolan öwgi kasydasy bilen soltan Sanjaryň ünsüni özüne çekmeginiň tä bes edýänçe, emir Miiszziniň intrigalary päsgel beripdir, emma şondan soň Enweri birinji köşk şahyry bolmak ýagdaýyny gazanypdyr. Ol tä 1187-nji ýyla çenli soltanyň we onuň oruntutarlarynyň hormatyna ajaýyp hem-de pajarly kadysalar düzüpdir, 1187-nji ýylda bolsa ol Mary köşgüni taşlap, Malha gitmäge mejbur bolupdyr we ol ýerde ylmy gözlegler bilen meşgul bolupdyr. Emma Enweri diňe bir öwgi odalaryny ýazmak bilen oňlanmandyr. Guzlaryň Maryny tozdurmagy sebäpli 1152-nji ýylda ol Watanyny ykbalyna gynanýan Horasanynyň göz ýaşlary diýen at bilen mälim bolan çuň watançylykyl hesretli elegiýany ýazypdyr. Ýaşynyň soňunda özüne oňat mälim bokan köşk durmuşynyň bolgusyzlygyna göz ýetirip Enweri öz zehininiň filosofik – satirik tarapyny ösdürýär; ol soslowiýe galat düşünjelerine, ýaplamaklyga hälekçilikli hyjuwlara garşy çykýar. Onuň filosofik garaýyşlarynda Awisennanyň (Ibn Sinanyň) materialistik konsepsiýalaryna ýüzlenýär. Ylym barada Enweri hemme zatdan beter astronomiýa bilen gyzyklanypdyr (emma welin ýalan ylym bolan astrologiýa bilen hem gyzyklanypdyr) onsoň hem ol asman jisimleriniň çekişiş kanuny hakyndaky gipotezany öňe sürüpdir.

Şahyranaçylyk döredijiligi barada XII asyrda şahyr aýal Mahisti peýda bolýar, onuň bilen soltan Sanjar dostlukly aragatnaşykda bolupdyr, onuň goşgularynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan bölekleri mazmuny boýunça gaty bir gowy bolmasa-da, formasy boýunça örän oňatdyr.

Feodal monorhoiýalary wagtynda, giň diplomatik hat ýazşygy alnyp barlan mahalynda resmi dokumentleri (ynşa) düzmeklik edebi döredejiligiň aýratyn görnuşi bolupdyr. Şunuň ýaly korrespondensiýanyň awtorlary, “kätipler” ýokary stilli, köplenç wagtlarda bolsa örän oňat epistolýar stilli spesialistler bolupdyr, bu stiliň nusgalaryna şol wagtyň döwürdeşleri şahyrlaryň we prozaçylaryň çeper önümi bilen bir hatarada ýokary baha beripdirler.

XII asyryň käbir kätipleriniň atlary we ynşalary mälimdir. Maryda soltan Sanjaryň diwanynda gulluk eden Muntajab ed-din bedi şonuň bilen birlikde hem köşk şahyry bolupdyr, öwgi hadysalarynyň awtory bolupdyr. Horezm şasy il – Arslanyň köşgünde kätip wezipesinde şahyr Reşit ed-din Wagwat (1182-nji ýylda ölüpdir) işläpdir. Ol diňe bir örän oňat kasydalary we ynşanlary düzüji bolmak bilen çäklenmän, poeziýa sungaty hakyndaky teoretiki eseriň – “Hedaik as- syhr” diýen eseriň hem awtorydyr. Horezm şalarynyň köşgünde öwgi poeziýasy barada Adyp Sabyr (1145-nji ýylda ölüpdir) we onuň şagirdi Jöwheri hem, peyda bolupdyrlar. Atsyzyň dolandyran mahalynda (1128-1165 – njy ýyllar) Ürgençde uly sözlükleriň we grammatikalaryň awtory bolan meşhur filolog we edebiyatçy Abyl – Kasym aaz – Zemahşary işläpdir (ol Günorta Horezmdäki şäher bolan Yzmykşir şäherinde dogulypdyr).

XI asyryň ikinji ýarymynda başlap, Orta Aziýada türk halklary barha uly rol oýnap başlaýarlar, bu bolsa türk dillerine barha köp höwes döredipdir. Türk dilleriniň bize mälim bolan grammatikalarynyň we sözlükleriniň 20-siniň köp bölegi hut şol wagtlarda ýazlypdyr. Magmyt Kaşgarynyň “Diwan lugat at- türk” diýen eseri türkmen dilini we medeniýetini öwrenmek üçin aýratyn ahmiýete eýedir.

Oguz we türkmen taýpalarynyň XI – XII asyrlardaky medeniýeti barada şol döwür üçin mälim zatlar örän az. Mahmyt Kaşgarynyň mysal getiryän oguz nakyllary köne patriarhal däpleriň weýran bolşy hakynda emläk taydan deňsizligiň ösüşi hakynda, çarwalaryň arasynda gulçulygyň ösüş hakynda gürrüň berýär. Şonuň bilen bir wagtyň özünde Mahmyt Kaşgary çarwa oguzlaryň oturymly ilat bilen ýakynlaşyşyny oguzlaryň durmuşynyň üýtgeşişini we bu ýalynlaşmak netijesinde olaryň diliniň baýlaşyşyny tälim gezek belläp geçýär. Seljukitler döwletiniň döremegi mynasybetli türkmenleriň geçmişine bolan höwes artypdyr; XI – XII asyrlaryň alymlary türkmen (oguz) taýpalarynyň käbir hekaýalaryny we taryhy rowaýatlaryny “türkmen” diýen sözüň gelip çykyşy hakyndaky rowaýaty Tukagyň we onuň ogly Seljugyň Syrderýa oguzlarynyň ýabgusy bilen teswirleşişi hakyndaky rowaýaty we şolara meňzeşleri ýazyp alypdyrlar.

Çeşmeler halk sazandalarynyň atlaryny bütinleý diýen ýaly saklap galmadyk hem bolsa, Türkmenistanda saz sungaty ep-esli derejede ösüpdir. XIII asyryň başynda Horezm şasy Muhammediň köşgünde Ustat Mahmyt diýen adamynyň ýaşap onuň rababa (bäş kerişli saz guraly) çalmaklyga özüniň deňi – taýy bolmadyk iňňäň beýik artist bolandygy bellidir. Mongollaryň çozan döwründe ol Kiçi Aziýa gaçyp gidip, şol ýerde tanymal şahyr Jelal ed-din Rumynynyňka özüne pena tapypdyr. Gijräk XIV asyrda çangçy sazanda (çang – 26 kirişli sitaranyň bir görnuşi) Mawlýana Mirek Çangeýi-i Buhary şöhratlandyrypdyr. Nisba görä ol Buharada doglan, köp wagtlap, Horezmde (Paýtagt şäher bolan Ürgençde bolmaga çemeli) ýasapdyr, soňra bolsa Mara göçüp gidipdir.

Mongollaryň çozşy Orta Aziýa halklarynyň medeniyetine weýran ediji zarp urudpdyr. Medeni we ykdysady merkezleriň - Marynyň, Hywanyň we beýleki şäherleriň wagşylyk bilen weýran edilmegi medeniyetiň ýadygärliklerinn we medeni tayan gymmatly zatlaryň, şol sanda örän baý kitapanalaryň-da ýok edilmegi ägirt uly ülkäniň medeni taýdan ösüşiniň birnäçe asyrlap bökdäpdir; medeni durmuşyň merkezleri uzak günbatarda we güňorta tarap geçýär. XIII – XIV asyrlarda aýry – aýry görnükli akyldarlar we şahyrlar bütin ömrüni özleriniň doglan ýerlerinden we öz halkyndan uzakda sergezdançylykda geçirmäge mejbur bolupdyr.

XV asyrda edebiyata türki diller barha köp aralaşýar. Şol türki dilleriň roly baryp Seljukitler döwründe ösüp başlapdyr. Orta Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň-da edebiyatynyň ösmegi we rowaçlanmagy üçin beýik özbek şahyry we akyldary Alyşir Nowaýynyň (1441-1501-nji ýyllar) döredijiligiň aýratyn uly ähmiýeti bardyr.

Beýik orta asyr şahyrlarynyň - gumanistleriniň progressiw däplerini dowam etdirip, Alyşir Nowaýý täjik şahyry Jamyny (1414-1492-nji ýyllar) özüniň gös-göni halypasy hasap edipdir, özüniň şahyranaçylyk döredijiliginiň ähmiýetine bolsa onuň ähli Orta Aziýa halklarynyň arasyna ýaýraşyna garap baha beripdir. Tutuşlygyna alanyňda, Nowaýynyň dünýä garayşy edialistik we utopistik häsiyetde bolupdyr, emma şahyr halka hyzmat etmegi özüniň esasy wezipesi hasap edipdir. Soňraky asyrlarda türkmen edebiýatynda we aýratyn-da türkmen halk döredijiliginde Nowaýynyň ideýalary giňden ýaýrapdyr. Nowaýynyň goşgy bilen ýazlan eserleri türkmenleriň arasynda örän giňden ýaýrap, halk bagşylarynyň repertuarynyň hökmany suratda bir bölegi bolupdyr. Türkmenleriň Myraly we Soltansöýün hakyndaky köp sanly halk ertekileri hem saklanyp galypdyr, şol, ertekilerde bu atlar bilen Alyşir Nowaýy we soltan Hüseýin Baýgara görkezilipdir, bu şahyr ep-esli wagtlap soltan Hüseýin Baýgarynyň weziri bolupdyr. Nowaýy halk ertekilerinde kemsidilen adamlaryň bähbitlerini batyrgaý bildiriji hökmünde we şol adamlary feodallaryň hem emeldarlayň zulmundan gorayjy hökmünde ýüze çykýar. Myraly bilen Soltansöýuniň arasyndaky gatnaşyklarda türkmen taýpalarynyň arasynda saklanyp galan feodal urug galyndylary mese-mälim peýda bolýar, bu bolsa hakykatdan uzakda bolan bu obrazlara aýratyn täsir ýetiryär, emma welin, şol obrazlara arzuwlaryny we isleg-umytlaryny dogry görkezýär.

Şol döwrüň özünde klerikal reaksion edebiýat hem – sünni edebiýaty-da dürli sopuçylyk toparlaryna degişli bolan edebiýaty-da ösýär, hökümdar synplar bolsa bu edebiyaty zähmetkeşler köpçüligini öňküsinden-de has beter elgarama etmek maksady üçin peydalanypdyrlar. XIV asyrda Buharada dini – syýasy taglymat bolan müritçilik peýda bolup, ol Temiritleriň reaksion syýasatynyň guralyna öwrülipdir we “kapyrlara” garşy “mukaddes urşy” wagyz edipdir. 1313-nji ýylda “Muin el-mürid” diýen poema ýazlyp, bu poema türkmenleriň arasynda köp asyrlardan bäri mälim bolupdyr. 1484-nji ýylda türkmen dilinde mesnewi formasynda “Raunak el-yslam” ýazlypdyr”; däp bolup galyşyna görä, bu mesnewi ýalňyşlyk bilen şyh Şefere degişli edilýär; hakykatda bolsa şahyr Wepaýyny onuň awtory diýip hasap etmek gerek.

Agalyk sürüji reaksion ideologiýasynyň erbet täsiri halk döredijiliginiň bir entek eserlerine ýetirilipdir, emma welin, şol täsir halk döredijiliginiň sagdyn esasyny ösýän etmekligiň eksplutasiýasyna garşy stihiýalaýyn protesti oňat, adalatly ýaşaýşa bolan dyryşmalary basyp ýatyryp bilmändir.

Şäher gurluşygy we arhitektura çeper senetçilik


XI- XII asyrlar Türkmenistanýň territoriýasynda şäher gurluşygynyň we arhitekturanyň güýçli ösmegi bilen şöhratlanypdyr.

Feodalçylyk gatnaşyklarynyň ösmegi feodal şäherleriň güýçli ösüşini şertlendiryär. Şäherler giňelýär, olaryň dasyna diwarlar salynýar emma basym şol şäherleriň ol diwararyň çäklerinden çykýar, olaryň dasyna täze diwarlar salynýar şol diwarlaryň töwereginde bolsa şäher etekleri we şäher çetleri ösýär. Mysal üçin: özüniň şäher etekleri bilen birlikde Marynyň meýdany 60 kwadrat kilometrden –de gowrak bolup, hatda ol gadymy şäheriň çäklerinden hem geçipdir. Şol wagtlarda Nusaý, Ýazyr, Abiwert, Kufen, Saragt, Ürgenç, Yzmykşyr, Mizdahkan, Dehistan, Ahur we başga bir entekleriniň hem biçak ösýär.

Feodallaryň häkimýet üstündäki gazaply göreşi, şäherleri berkitmek zerurlygy uly gala diwarlaryny gurmak baradaky borçlugyň girizilmegine sebäp bolupdyr. Adatça şol diwarlar pahsadan ýada çig kerpiçden gurlupdyr, kämahallar bolsa (mysal üçin Dehistanda) olaryň dasyna bişen kerpiç hem örüpdirler. Beýik diwarlar köp sanly ýarym tegelek dinler bilen, janpenalar bilen, kertik – kertik parapetler bilen üpjün elipdir, Marynyň, Dehistanyň we Abiwerdiň goşa diwarlary bolsa aýry – aýry ýapyk böleklere – duşman üçin birhili günbassalara bölünipdir. Diwarlaryň üstündäki giň meydançalar zyňyjy gurallary oturmak üçin niýetlenilipdir; diňlerde we diwarlarda ýatyjylar üçin aýratyn jaylar gurlupdyr.

Bir tarapdan, köşleriň, hökümýet administratiw jaýlaryň, metjitleriň we medreseleriň giň bazar meýdanlarynyň we magistral köçeleriň ajaýýp kompleksleri bilen, beýleki tarapdan, senetçiler, günlükçiler we beýleki şäher garyplary ýaşan ýaşaýyş jaylarynyň kwartallarynyň gür gurluşynyň arasyndaky haýran galdyryjy tapawut ösen feodal şäheriniň ýagdaýyny görkezýär. Uly köçeler şäheri kesip gecip, bir derwezeden beýleki derwezä tarap, merkeze tarap, gönelip gidyär, emma şol köçeleriň arasyndaky uly meydanalryň çäklerinde egrem- bugram köçejikleriň, öwrümleriň we petikleriň çolaşyk bulaşyk sistemasy ýerleşýär.

Adatça dogry konfigurasiýada bolan meýdanlar şäherde örän möhüm rol oýnap, şol meydanlara birnäçe köçe birigipdir, şol köçeleriň gyralarynda bolsa uly jaylar bina edilip olar iri dünýewi feodallara ýada ruhany feodallara degişli bolupdyr. Ýazuw çeşmeleri Ürgenjiň baryp X asyryň ahyrlaryndan döräp başlan esasy meydany hakynda habar berýärler. Meydanyň ymaratlarynyň arasynda owadanlygy boýunca göýä özüniň deňi – taýy bolmadyk Hajaja derwezesi, Horezm şasy Mamunyň köşgi bolupdyr, bu köşgüň öňunde bolsa (ähtimal, garşysyna) onuň ogly Alynyň köşgi bolan başga bir köşk ýerleşipdir. Meýdan diňe bir dabara meydany hökmünde däl, belki söwda edilýän ýer hökmünde hem peýdalanypdyr. Ol ýerde goýunar satylypdyr. XI – XII asyrlaryň söwda meydanynyň mysalyny köne Marydan 28 kilometrlik demirgazyk tarapdaky Al – Asker diýen köne şäherde görmek bolýar; meydan gönüburçly bolup, oňa şäheriň dört köçesi birigýär, meydanyň bir ujunda giň kerwensaraýlar ýerleşýär, onuň garşy tarapynda bolsa dasyna haýat salman giň bazar (mal bazary bolmaga çemeli) ýerleşýär, beýleki iki tarapynda bolsa öýler salnypdyr. Marynyň özüniň merkezi dabaraly paýtagt ymaratynyň mysalynda görkezýär Marynyň meerkezinde metjidiň soltan Sanjaryň mazarynyň we köşgüň we jaylary ýerleşýär.

Gurluşygyň uly möçberleri we çalt möhletleri ussalaryň ýokary endiginiň, konstruksiýasynyň kämilleşdirmegini oňat, emma welin, çalt ýerine ýetirilip bolýan arhitektura bezeginiň bolmagyny talap edipdir. Çig kerpiç ozalkysy ýaly köpçülikleýin gurluşyň esasy materialy bolup durýar, gala diwarlarynyň arhitekturasynda palçyk bloklaryndan (pahsalardan) diwar salmaklyk agdyklyk edýär. Emma monumental ymaratçylykda gurluşyk materialy hökmünde-de timarlaýyş materilary hökmünde-de bişen kerpiç giňden ulanylýar. Dehistanda bişen kerpiç köpçülikleýin gurluşykda hem ulanylýar. Halk ussalary şol wagtlarda agaç – tagtanyň ulanylyşyny has azaltmak üçin, jaýlaryň üstüni gümmezläp ýapmagyň dürli görnüşli tiplerini işläp düzýärler.

Bezeg materiallary hökmünde bişen kerpiç dürli geometrik haşamlary çekmek üçin peýdalanylýar. Demirgazyk Horasanda ýötrite ýasalan we gazlan nagyş çekilen kerpijiklerden haşamlar etmeklik güýçli ösýär. XII asyrdan başlap dasky diwarlary we gümmezleri timarlamakda mawy syrçaly kerpiçler ulanylýar. Horezmde çig kerpijiň ýüzüne ösümlik nagyşyny ýada epigrafik nagşy gazyp çekmegiň çylşyrymly haşamlary ulanylýar, bu kerpiç şondan soňra ýakylýar we diwarlaryň ýüzüni bezemeg üçin haşamlanyp öwrülýär.

Jaýyň içi gejiň (gips laýy) ýüzüne gazyp çekilen haşamlar bilen bezelýär, bu haşamlar bolsa örän ökdelik bilen çekilipdir. Bu ýerde örän oňat çekilen ösümlik nagşy geometrik arap ýazgylary bilen utgaşýar, bu ýazgylar gülleyän “gülhi” diýilýän bilen endigan ýazmak bilen “neshi” bilen ýerine ýetirilipdir. Jaýlary bezeyän diwar ýazgylarynda hem şol ähenler köp ulanylypdyr.

XI – XII asyrlaryň feodallarynyň ýaşaýyş jaylary irki feodal jaylaryna meňzeş däl. Bu jaýlar eýýäm köşk däl-de, örän oňat şäher jaylarydyr – ymaratlarydyr. Olaryň giň beýik merkezi zaly – myhmanhanasy bolup, onuň töwreginde iki gat salnan dürli otajyklar we dynç alyş jaýlary ýerleşdirilipdir. Şonuň ýaly desgalaryň harabaçylyklary Marynyň töwereklerinde henize çenli saklanyp galypdyr. Aýratyn uly öýlerde jaylar giň içki howlunyň töweregine jemenip, olar üç gat dagy bolupdyr. Şonuň ýaly jaýyň (hökümdarlaryň öý bolmaga çemeli) harabaçylyklary Marynyň şahriýar erkinde saklanyp galypdyr. Şonda üsti çig kerpiçden gümmez görňüşinde edlip ýapylan uly we kiçi jaylaryň 50-ä çenlisi bolupdyr; onuň içi inedördül bolup, onuň oklary egmek edlip salnan eýwanlaryň üstüne düşýär. Şol öýleriň daşky diwarlary şondan öňki döwür üçin däp bolan gasynlardan eýýam mahrum bolupdyr, emma diwar tagçalar we eýwanjyklar bilen bezelipdir, kämahallar bolsa bişen kerpiç bilen timarlanyp, ýüzüne gazlyp nagyş çekilen kerpiçjiklerden haşamlanyp bezelipdir.

Şol wagtlarda Türkmenistanyň territoriýasynda iň uzakdaky ýurtlar bilen baglanyşdyrylan söwda gatnaşyklarynyň güýçli janlanmagy mynasybetli şäherlerde we uly ýollaryň ugurlarynda köp sanly düşelge howlulary we sklad desgalary – kerwensaraylar, gabatlar, hanalar gurulýar. Uly şäherlerde olaryň sany onlarça bolup, şolaryň harabaçylyklary gadymky ýollaryň ugrunda hem-de Gurtly, Al – Asker, Messerian, Köneürgenç ýaly gadymy şäherlerde we başga birenteklerinde saklanyp galypdyr. Şolaryň özi içerki howluny emele getiren giň jaýlar bolup, şol içerki howlunyň töwereginde ýaşaýyş üçin otaglar, mallar üçin agyllar, ýük goýmak üçin sklad jaylary jemlenýär. Gelýänleri galtamanlaryň çozuşyndan gorap saklamak üçin kerwensaraýlaryň daşyna beýik diwarlar salynýar, olaryň burçlarynda bolsa kämahallar diňler gurulýr, olaryň ýokarsynda kertik – kertik parapetler we janpenalar bina edilýär. Daýahatyň oňat kerwensaraýyň ajaýyp nusgasy bolup durýar, onuň galyndylary Orta asyr şäheri bolan we Amuldan (Çärjewden) Horezme gidyän uly kerwen ýollaryň boýunda ýerleşen Tahyriýa şäheriniň harabaçylyklarynyň içinde somalyşyp görünýär. Onuň howly fasatlary iki ýarusly arkalar sistemasyndan ybarat bolup, onuň diwarlary owadan nagyşly kerpiçjikler bilen oňar timarlanypdyr, munuň özi şol zaman üçin däp bolan goşa kerpiçden edip örmek usuly görnüşinde ýerine ýetiripdir.

Şäherlerde we söwda ýollarynda sardabalar bina edlip, olar suwa çydamly berk laý arkaly bişen kerpiçden salnypdyr, şonuň üçin olar häzirki wagtda hem lomuň ýa-da külüniň kömegi bilen zordan goparylýar. Kanallaryň we derýalaryň üstünden bişen kerpiçden edilen diregleri we arkalary bolan köprüler salnypdyr. Şäher abadançylygynyň hökmany elementi hammamlardan ybarat bolup, hamamlary şäherlileriň gündelik durmuşunda uly rol oýnapdyrlar, Horasanda Marynyň we Nuzwaryň hamamlary aýratyn şöhratlandyrypdyr. Arheologlar Messeriýada we Nusaýda orta asyr hammamlarynyň galyndylaryny tapypdyrlar. Hammamlar ýuwuş jaýlarynyň – gyzgyn we salkyn jaýlaryň, buga ýatylyan jaýlaryň, massaž edilýän jaylaryň keýp çekilýän otaglaryň we beýleki otaglaryň birtoparyndan ybarat bolupdyr. Jaýlar ýer astyndan geçirilen gowy ýyly gecirijiler sistemasy arkaly gyzdyrylypdyr. Nusaýyň hammamlarynyň biriniň diwar ýazgylarynyň galyndylary saklanyp galypdyr, bu diwar ýazgylary çyga we hemişe täsir edip durýan buga çydamly açyk reňkler bilen ýazlypdyr. Ähli bu gurluşyklarda ýerli gurluşykçylaryň XI – XII asyrlaryň monumental gurluşygynda din arhitekturasynyň orta asyr jemgyýetindäki hristiançylyk ýaly, yslamyň dini ideologiýasy hem Gündogar ýurtlarynda dowam edýän sosial gurluşyň daýançlaryny mukaddesleşdiripdir. Akyl işiniň hemme pudaklarynda din taglymatynyň ýökary derejede agalyk sürmegi şol wagtlarda dowam eden gurluşynyň has umumy sintezi we has umumy sanksiyasy hökmünde buthananyň eýelän ýagdaýynyň zerur netijesi bolupdyr.

Musulman ruhanylary ýurduň syýasy durmuşynda uly rol oýnapdyrlar, döwletiň lişlerine erkli gatnaşypdyrlar, öz ellerinde ägirt uly ykdysady baýlyklary saklapdyrlar, şäheriň ruhy ýaşaýşyny yslam dininiň gurhanda beýan edilen normalaryna tabyn edipdirler. Din jaýlarynyň gurulmagy giň halk köpçüligine ediologik taýdan täsir etmegiň yzygiderli programmasynyň bir tarapy bolupdyr. Şol wagtlarda şäherlerde onlarça metjitler gurlup, olar musulmanlaryň özleriniň arasynda bäsdeşlik edýän dürli – dürli toparlaryna we mezheplerine degişli bolupdyr. Bulardan başga-da sopuçylyk mezheplerini ündeýjileriň ýygnanyşygy üçin bolan köp sanly hanaklar “keramatly” diýlip hasap edilen görnükli şyhlaryň guburlaryna çokunulan ýerler bolan mazarlar bina edilýär, şonuň ýaly-da ýokary ruhany okuw jaýlary bolan medereseler bina edilýär. Olaryň gurluşygy üçin serişdeleri gysganmandyrlar, olary gurmak üçin iň gowy ymaratçylary, haşamçylary hudožnikleri çekipdirler. Hut şu halk ussalarynyň uly kollektiwleri metjitleriň we beýleki din jaýlarynyň arhitekturasyna halk döredijilik genisiniň gazanan gymmatly üstünliklerini girizip, çeperçilik taydan gymmaty biziň günlerimize çenli hem ýitip gitmedik jaylary gurupdyrlar.

Türkmenistanyň territoriýasynda XI – XII asyrlaryň ajaýyp metjitleriniň birnäçesi saklanyp galypdyr. Dadankan metjidinde ussa Abu – Bekir tarapyndan ýerine ýetirilen timarlaýyş işleriniň geçirilen wagty XI asyryň ahyrlary diýlip görkezilýär; bu metjit baryp X asyrda bina edilipdir, ýazuw çeşmeleri bolsa ony “biçak owadan metjit” hökmünde häsiýetlendirýär. Metjidiň göni burçly içi kerpiçden edilen togalak sütünleriň üstünde duran bassyrmalar bilen baglanyşdyryp şol bassyrmalar öz aralarynda arkalaryň kömegi bilen birleşip gümmezi saklap durýar. Diwarlaryň, gümmezleriň, sütünleriň ýüzi gejiň ýüzünde gazlyp ýasalan owadan haşamlar bilen örtülip, şol haşamlar ösümlik we epigraf häsiyetindäki dürli – dürli nagyşlardan doly bolupdyr.

Mary welaýatynda Talhatanbaba diyen bir adamynyň mazarynyň ýanynda XI asyrda salnan metjit dur. Bu metjit howla tarap açylýan, emma beýleki üç tarapdan bagly bolan giň üç jaydan ybarat bolup, şol jaylaryň ortakysynyň üsti beýik gümmez bilen, gapdalyndaky jaýlaryň üsti bolsa çagaryklar bilen ýapylypdyr. Dandankan metjidinden tapawutlanyp, bu metjidiň timarlanyşyna gazlyp haşam salnan kerpiçjikleri ulanmak arkaly bişen kerpiçden dürli – dürli edip nagyşlap örmeklik agdyklyk edýär. Meserýan (orta asyr dehistany) diýen gadymy şäherde iki metjidiň harabaçylyklary görünýär. Şol metjitleriň biriniň dine dini we metjidiň bassyrmalarynyň harabaçylyklary saklanyp galypdyr, şol bassyrmalar bolsa metjidiň daş – töwereginde ýerleşip, kerpiçden örülen sütünlere daýanýar, ol sütünler bolsa, Dandankan metjidine meňzeş edilip, gejiň ýüzuňe çekilen haşamlar bilen bezelipdir. Ýokarsy inçelip gidyän togalak minaranyň beýikligi ilki bada 40 metre golaý bolupdyr. Onuň üst tarapy konsentrik guşaklar bilen guşalyp, şol guşaklaryň ýuzünde onuň gurlan wagty bolan 1102-nji ýyl senesi Dehistan welaýatynyň hökümdary bolan Abyl – Agaryň ady we ony gurujy Aly ibn Zyýadyň ady görkezilipdir; minaranyň ýokary bölegi ýylmanak kerpijiklerden geometrik nagyşlar görnuşinde edilip örülipdir.

Metjitleriň başga biri ýüz ýyl diýen ýaly gijräk, ýagny Horezm şasy Muhammet mahalynda bina edilipdir. Bu metjidiň hem bassyrmalary we merkezinde howzy bolupdyr. Metjidiň esasy jaýy esasy okuň üstünde ýerleşip, bu jaý gümmezli eýwan görnüşinde howla tarap ýüzlenipdirler. Onuň ýüzüni bezemek üçin aralary syrçaly, gazma haşam çekilen kerpiç ulanylypdyr, girelge eýwanynyň ýüzüne bolsa gejiň ýüzünde oňat haşamlar çekilipdir. Bu ýerde gurluşykçylyklaryň atlary, ähtimal, atasy bilen oglunyň : Mughammet ibn al – Huseýin al-nahyň we Abyl Hüseýin ibn Muhammediň atlary saklanyp galypdyr; doglan ýeri görkezýän nisbanyň ýoklugyna garanyňda, onda bularyň ikisi-de, ýokarda agzalyp geçilen Aly ibn Zyýada ýaly, adamlar bolupdyr. Metjidiň burçlarynyň birinde minara ýerleşýär. Rejeli edilip salnan minaralar Türkmenistanyň orta asyr şäherlerininiň umumy arhitektura gönüşinde örän uly rol oýnapdyrlar. Şol wagtlarda bütin Orta Gündogarda derwiş guramalarynyň emele gelmegi we ösmwegi bilen baglananylyşykda hem döwletleriň syýasy we ruhy durmuşynda şol guramalarynyň ýolbaşçylarynyň uly rol oýnamgy bilen baglanyşyklylykda görnükli şyhlaryň jaýlanan ýerlerinde mazarlar guramaklyk giňden ýaýraýar. Şol kysymdaky saklanyp galan gurluşyklaryň arasynda Abu Seýidiň Mänedäki mazary (1049-njy ýyl töweregi), Saragtda Abyl-Fazalyň mazary (XI asyryň 20-nji ýyllarynda), Saragtyň golaýyndaky 1098-nji ýyl diýen senäni saklap galan Ýartygümmez gubury (şyh Ahmet al-Hadiniň mazary bolmaga çemeli), Küfendäki Şugundyrbaba we başgalar bar.

Hökümdarlar üçin köplenç olaryň entek diri mahalynda köp sanly mazarlaryň salynmagy iri feodal monarhiýalaryň döreýiş prosesini we şonuň bilen baglanyşyklylykda şanyň şahsyýet kultunyň döreýiş prosesini görkezýär. Olaryň arasynda Astanababadaky Alamberdaryň mazary, Maryda soltan Sanjaryň mazary Horezm şalarynyň biri bolan Il-Arslanyň ýa-da Atasyzyň mazary (bu mazar ýalňyşlyk bilen Fahr ed-din Razynyň mazary diýlip hasap edilipdir), Köneürgençde Horezm şasy Tekeşiň mazary, Messerýanyň golaýyndaky gonamçylykda bolan mazaryň käbirleri bar.

Umumy arhitektura keşbi nukdaý nazardan garanyňda, şyhlaryň guburlarynyň arasynda hiç hili düýpli tapawut bolmandyr. Bularyň ikisi barada-da ymaratçynyň öňünde duran wezipe beýik adamyny şöhratlandyrmak baradaky bir meňzeş wezipe bolupdyr. Mazar adatça bir otagly jaýdan ybarat bolup, onuň üsti gümmez bilen ýapylypdyr we monumental proporsiýalar esasynda ýerine ýetirilip, köplenç wagtlarda oňat edlip timarlanypdyr. Olaryň tipleri Türkmenistanyň dürli welaýatlary üçin kybapdaş bolmandyr.

Horezmde tegelek jaýyň üstünde ýerleşdirilip, ujy inçelip gidyän gümmezli belent guburlar agdyklyk edýär; Horasanda diwarlaryň uly parallelepiped görnüşinde salynmagy we biri – biri bilen baglanyşykly bolan gapyrgalaryň üstünde salnan gümmez agdyklyk edýär; Dehistanda girelge tarapy güýçli ösdürilen tegelek ýada köp gapyrgaly mazar agdyklyk edýär. Tekeşiň mazary Horezm wariantynyň has oňat nusgasydyr. Diwarlaryň uly gönüburçly esasynda jaýyň esasy gabarasynyň güýçli 24 gyraňly göwresi ýerleşýär, bu jaýyň burçlarynda ýiti gapyrgalar aýratyn saýlanyp görünýär; olaryň üstünde friz ýerleşip onuň ýüzünde ýazgy bolupdyr; ondan ýokarda ýokarsy inçelip gidýäbn gümmez ýerleşip, onuň üsti syrçaly kerpiçler bilen bezelipdir. Girelge bölegi portaly – peştagy emele getiryän diwaryň beýgelmegi bilen saylanyp duryar, şol portalyň eýwany bolsa stalaktit bilen haşamlanyp bezelipdir. Bu jaýyň bütinleý monumental görnüşde gurulmagy aýratyn täsir galdyryar we şonuň bilen birlikde gümmeziň ýokarlygyna tarap inçelip gitmegi bu jaýa dinamik häsiýet berýär.

Maryda soltan Sanjaryň mazary Demirgazyk Horasan arhitektura mekdebiniň döreden ajaýyp zadydyr. Baryp XIV asyryň başlarynda Reşit ed – edin şol mazary “dünýäde iň uly jaý” hökmünde häsiýetlendiripdir. Ýakudyň sözlerine görä (XIII asyryň başlary) onuň mawy gümmezi ýoluň ol ujundan (ýagyny 30 kilometre çenli mawy daşlykdan) görnüpdir. Diňe ýekeje jaydan ybarat bolan bu jaýyň möçberi hakykatdan-da uly bolupdyr, onuň beýikligi 30 metrden-de köpräk bolupdyr, onuň gümmezi 16,50 metr aralykdaky içki giňişligiň üstüni ýapyp durupdyr, bu jaýyň diwarlarynyň daş ýüzunden umumy uzynlygy 27X27 metr bolupdyr. Emma iş diňe bir bu möçberlerden ybarat bolman, kompozisiýasynyň täsin galdyryjy derejede oňat kämileşdirilmeginden hem ybaratdyr, şonuň netijesinde bolsa bu ýadygärlik henize çenli güýçli täsir döredýär. Bu mazar Marynyň meýlishana metjidi bilen ýanaşyklykda we seljukitler köşküniň golaýynda salnypdyr. Onuň kompozisiýasy örän rejeli çykypdyr; inedördül beýik jaýyň üsti aýratyn egmekli göteriji sistema (tromplara) esaslandyrylan gümmez bilen ýapylypdyr. Daşyndan seredeniňde bu geçiş elementi nepis galareýa bilen ýarpy örtülen bu galareýa arkajyklar arkaly konturlar görnuşinde dasky tarapa açylýar. Bu arkadanyň diwarjyklarynda ýylmanak kerpijiklerden örülip çekilen oňat utgaşýar. Gümmeziň özi goşa bolup, ol gümmez astyndaky oýlanyp edilen ýeňillik desgalary sistemasyna daýanýar. Onuň das ýüzi mawy kerpiçler bilen timarlanypdyr. Mazaryň içini agyň ýüzüne gök reňk bilen, kämahallarda bolsa gyzyl reňk bilen we altyn çaýylan reňk bilen çekilen suratlar bezäpdir. Bu ýerde haşamly kartuşaly we uly ýazgyly giň pannolar agdyklyk edýär. Jaýda ony dörediji, saragtly genial arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň ady saklanyp galypdyr. XI – XII asyrlarda Saragta görnükli halk ymaratçylygynyň korporasiýasy dowam edipdir, şol halk ymaratçylaryny bolsa köp wagtlarda uly işleri etdirmek üçin başga şäherlere-de çagyrypdyr. Mysal üçin, Jerkurganda (Termeziň golaýynda) bolan minaranyň ýüzünde 1108/9-njy ýyl senesi görkezilip, bu minarany Aly ibn Muhammet as – Saragty bina edilipdir.

Şol wagtlarda monumental şekillendiriş sungaty arhitektura tabyn edilipdir. Dünýewi adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde köp wagtlarda sýužetli diwar ýazgylary ulanylypdyr. Mysal üçin, Ganada baý atgar (parfýumer) Abu – Seýit Mehneýiniň atasynyň öýünde diwarlaryň ýüzünde mahmyt Gaznawiniň we onuň wezipeleriniň portretleri çekilipdir. Emma yslam dininiň we orta asyr sholastik dünýä garaýyşynyň täsiri suratçylykda abstrakt – nagyş kompozisiýalarynyň agdalyk etmegine getiripdir: çylşyrymly geometrik nagyşlaryň (girihleriň ), stilizlenen ösümlik nagyşlarynyň, okamasy kyn çylşyrymly ýazgylaryň agdalyk etmegine getiripdir. Bu ýazgylaryň nusgalaryny Maryda Sanjaryň we Muhammet ibn Zeýdiň mazarlarynda Küfendäki Şugundyr babada, Dehistandajy Namaga metjidinde görmek bolýar. Şol ýazgylaryň köpüsi ýagyň ýüzüne köplenç gök we kämahallar bolsa gyzyl reňkler bilen ýazlypdyr. Täze Nusaýyň ýokarda agzalyp gecilen hammamynda gara we ak çyzykly nagyşlar ulanylyp, gyzyl – mämişi reňkde ýazlan ýazgy bolupdyr. Bu ýerde geometrik haşamlar, ösümlik suratlary we öwüt- nesihat beriji ýazgylar utgasyp gidyär.

Keramika önümçiligi ýokary derejä ýetýär. Bu önümçiligiň esasy merkezleri Mary, Nusaý, Dehistan, Ürgenç bolupdyr, emma paýtagt ussahanalary bilen bir hatarda küýzegärçilik küreleri hem birentek şäherlerde we obalarda bolupdyr. Syrçasyz keramika giňden ulanylypdyr, bu keramika köplenç wagtlarda gazlyp çekilen haşamlar bilen bezelýär, şonuň ýaly-da galyplanan haşamlar bilen bezelýär. Galyp bilen haşam çekmeklik aýratyn-da Maryda köp ulanylypdyr, bu ýerde bolsa owadan küýzeler ýasalyp, şolaryň ýüzüne gaçyp barýan haýwanlaryň suratlary, ösümlikleriň suratlary, öwüt - nesihat beriji ýazgylar, hatda kämahallarda adamlaryň şekilleri hem çekilipir. Şonuň bilen bir hatarda syrçaly keramika – mawy we solak ýaşyl reňkdäki syrçaly, şonuň ýaly-da ak syrçaly hem goňrumtyl gyzyl reňdäki, solak ýaşyl we garamtyl goňur reňdäki ýazgylary bolan syrçaly keramika hem köpçülikleýin ýaýraýar.

Tehnologik gözlegleri ýerli ussalary silikat küýze palçylygy bolan kaşini Ulanmaklyga getiripdir, bu bolsa çüýşe görnüşli syrçanyň astyndan örän oňat görünýän (owadan) nagyşly gap – çanaklary ýasamaga mümkinçilik beripdir; bu tehnika Horasan önüminde hem (Nusayda) peýdalanypdyr. Gijräk bu tehnika Orta Gündogardan Hytaýa aralaşýar. Sowet arheologlary Dehistanda hem altyn çaýylan reňkdäki keramikanyň aýratyn tipiniň – (lýustranyň) çykarylandygyny takykladylar. Horezmiň keramiki önümi Wolga bulgarlarynyň küýzegärçilik önümçiligine uly täsir edipdir.

Aýna önümçiligi giňden ýaýrap, bu önümçiligiň önümleri hususan-da parfýumeriýada ulanylypdyr. Köplenç wagtlarda mylaýym sary, goýy ýaşyl, mawy gyzgylt reňke we başga reňklere boýlan aýnadan owadan flakonlar, bulgurlar, çüýşeler ýasalypdyr. Metaldan (esasan-da bürünçden) çeper önümler ýasamak sungaty – tabaklar, kündükler, jamlar, şlýomlar, galkanlar, çyra goýulýanlar we başgalar – ýasamak sungaty güýçli ösüpdir.

Horezm we Horasan ussalary dasy hem agajy örän oňat işläp bejermegi basarypdyrlar. Aşgabadyň ülkäni öwreniş muzeýinde uly degirmen daşyna meňzeş bolan, XII asyrda daşdan ýasalan mazar ýadygäligini görmek bolýar, munuň özi Saragtdan getirilip, ol konsentrik tegelekleriň içinde ussa Muhammet ibn Muhammet Nesiwi (ýagny asly Nusaýly) tarapyndan çekilen nagyşlar we ýazgylar bilen bezelipdir. Hywanyň meýlishana metjidinde bolan we Kät şäheriniň metjidiniň ol ýere bir mahallar getirilen sütünleriniň biri bolan bir sütün XII asyrda agajyň ýüzüne gazyp haşam çekmegiň seýrek tapylýan nusgasy bolup duryar. Bu sütün örän syýrdym, pürsüň daýanja birigýän ýeri Orta Aziýa ymaratçylygy üçin tipik bolan şar şekilli (kuzagy) görnüşinde ýasalypdyr; bu sütüniň bütin ýüzi gazyp çekilen nagyşlar bilen örtülip şol nagyşlar geometriki we ösümlik elementlerini hem-de ýazgylary utgasdyrýar.

Çeper dokalan matalar we halylar durmuşda, soňra bolsa senetçilik önümçiliginde we öý önümçiliginde uly rol oýnapdyr. Şol matalar we halylar Türkmenistanyň çäklerinden has uzak ýerlere hem äkidilipdir. Olaryň keşbi barada häzirki wagtda gürrüň etmek kyn. XI – XII asyrlaryň Horasan halysynyň örän seýrek saklanyp galan nusgasynda gyra we jähek nagyşlaryna türkmen halyçylarynyň döredijiliginde şu günki güne çenli hem ýaşap gelýän owadan nagyşlary görmek bolýar, hususanda diňe bir howaýy nagyşlary däl, belki tirkelgi düýeleriň şekilini hem görmek bolýar; bu halyda iki sany piliň suraty çekilipdir ( bu haly Gaznewitler üçin dokalan bolmaga çemeli, şonuň üçin-de bu sýužet Gaznewitleriň Hindistana eden ýörişleri bilen baglanyşyklydyr), şonuň ýaly-da kufa usuly bilen ýazlan ýazgylar görkezilipdir. Horasan türkmenleriniň haly dokamak däbi türkmen taýpalarynyň Ýakyn Gündogara tarap gitdigiçe, Ýakyn Gündogarda “seljuk” halylary diýlip atlandyrylýan halylar görnüşinde kabul edilýär we özleşdirilýär, bu halylar Ýewropa giňden äkidilip, käbir muzeý ýygyndylarynyň häzire çenli guwanjy bolup durýar.

XI – XII asyrlarda Türkmenistanyň çeperçilik medeniyetinde uly çeperçilik “mekdepleriniň” üçüsi: Horasan mekdebi, Horezm mekdebi we Dehistan mekdebi saýlanyp çykýar. Stil taydan olar şol zamanda Eýranda bolan çeperçilik ugurlaryndan bütinleý tapawutlanyp, ösen feodalçylyk formasiýasy döwründe Türkmenistanyň halklarynyň hut öz döredijiliginiň önümi bolup durýar.

Türkmenistanyň çeperçilik medeniyetiniň güýçli ösüşiniň arasy XIII asyryň başlarynda mongollaryň çozşy bilen kesilipdi, mongollaryň çozşy mahalynda medeni taydan gymmatly zatlar rehimsizlik bilen ýok edilipdir. Basybalyjylar gülläp oturan şäherleri düp – düz edipdirler, arhitektura ýadygärliklerini weýran edipdirler, zähmetsöýer adamlaryň ençeme nesilleri tarapyndan döredilen sungat eserlerini ýok edipdirler.

XIII asyrda gurluşyk işleriniň gerimi juda çäkli bolupdyr. Hatda Eýran çengizitleriniň tarypçysy bolan Reşit ed – din hem şu aşakdaky ýaly boýun almaga mejbur bolupdyr; mongol emeldarlarynyň, çaparlarynyň soldatlarynyň baş – başdaklygy we eden – etdiligi sebäpli, “hiç kimiň öý gurunmaga bogny asmandyr, öý guranlar hem guburlar edinipdirler we olara ribatlar ýada medreseler diýip at beripdirler. Emma munuň hem peýdasy bolmadyr. Birentek adamlar öýleriniň gapylaryny aýrypdyrlar we özleriniň öýleri, belki ýatakhana edilip alynmaz öýdüp, ýer astyndan girmesi kyn girelgeler edipdirler, emma onda-da ol öýleriň diwarlaryny ýykyşdyrypdyrlar we olarda ýerleşdiripdirler”. Mongol hanlarynyň we olaryň töweregindäki adamlaryň durmuşynda çarwalyk ukladynyň bir entek däpleri, hususan-da çadyrlarda ýaşamak meyli saklanyp galypdyr.

Wagt gecmegi bilen basybalyjy mongollar boýun egdirilen halklaryň has ýokary medeni döreiesine uýgunlaşyp başlaýarlar. Mongol han – begleriniň wekilleriniň özleri käbir girluşyk çärelerini amala aşyryp baslaýarlar. Mysal üçin : 1250-1251-nji ýyllarda mongol hökümdary Argunyň biürugy boýunça Marynyň ilaty Razyk – Abat diýen ýerde (Gäwirgala bilen soltangalanyň arasyndaky günorta uçastokda) Argun üçin uly bag döredýär hem köşk we pawilonlar guryar. Şol gurluşyklaryň arasynda arheologlar buddizme degişli kiçenräk seždehananyň galyndylaryny tapypdyrlar. Muny gurmaga Uzak Gündogaryň getirilen gurluşykçylar (Hytaý gurluşykçylary bolmaga çemeli) we Maryly ýerli gurluşykçylar däp bolup galan plan boýunca buddizm ybadathanalarynyň jaýyny gurupdyrlar, onuň üstüni ýolbarsa meňzeş haywanlaryň kelleleriniň suraty çekilip bejerilen hem-de guşlaryň skulptura figulary bilen we aždarhalaryň şekilleri bilen bezelen Hytaý çerepisiýalary bilen ýapypdyrlar, içki diwarlary Hytaý usuly esasynda çekilen suratlar bilen bezepdirler; ýerli ussalar bolsa gurluşuk konstruksiýalaryny ýerine ýetiripdirler we paneller üçin syrçaly timarlaýyş plitalaryny ýasap, şolardan bir hili geometrik nagyşlar dörediplipdirler. Munuň özi garyşyk, stildäki gurluşyk bolup, şol gurluşykda Demirgazyk Horasanyň gurluşyk we dekoratiw däpleri Uzak Gündogar däpleri bilen mehaniki suratda birleşdirilipdir.

XIII asyryň ahyrlarynda, jemgyýetçilik durmuşynyň belli bir derejede tertibe salynmagy mynasybetli, Hulugitleriň döwletiniň sostawyna giren Horasanda we Dehistanda hem Altyn Orda tabyn bolan Horezmde weýran bolan şäherleriň käbirlerini – Nusaýy, Ýazyry, Dehistany, Ahury, Ürgenji, Mizdakhany dikeltmek barada işler geçirilýär, bu şäherlerde şol mahal arhitektura – gurluşyk işi dikeldilýär.

Monumental arhitektura jaylary üçin material bolup bişen kerpiç hyzmat edipdir, ýaşaýyş jaylary bolsa (hatda hökümdarlaryň we han – begleriň köşkleri-de) çig kerpiçden bina edilipdir. Günorta Türkmenistan şäherleriniň gurluşykklarynda köp reňkli ýylmanak kerpiçjikler, garylyp bilen çekilen syrçaly küýze, ýylmanak maýolika plitalary giňden ýaýraýar. Bularyň Maryda, Ýazyrda, Nusaýda, Abiwertde ulanylandygy bellenildi. Nagyşlar köplenç watda stilizlenen nagyşlar – ösümlik nagşy, kämahallar bolsa geometrik epigraf nagyşlar bolupdyr. Ak, ýasyl, mawy reňkler has köp ulanylan reňkler bolupdyr. Bu material diňe bir bezegde däl, belki han – begleriň we ruhanylaryň mazar ýadygärlikleriniň ýüzüni timarlamak üçin hem ulanylypdyr. Nusaýda bir baýyň öýüni bezemek üçin uzakdaky Kaşanyň şöhrata eýe bolan syrçaly ýuka kerpiçleri getirilipdir. Olar “lýustra” tehnikasy diýilýän tehnika esasynda ýüzüne ýeňiljek altyn çaýylan görnüşinde edilip ýerine ýetirilipdir, bularyň atanak we sekiz burçly ýyldyz formasy bolupdyr, şolaryň birinde bir garry adam şekillendirilipdir, beýlekisinde howzuň başynda oturan ýaş ýigit suratlandyrylypdyr, suratyň düşegine bolsa ýokary, söýgini we göel gyzy şöratlandyrylýan goşgular ýazlypdyr. Bu faktyň özi gyzkly bir fakt bolup, ol Demirgazyk Horasanyň Huluguitleri döwletiniň beýleki welaýatlary bilen baslanan medeni aragatnaşyklary görkezýär.

Mary oblastynyň demrgazyk – günbatar çetinde Gökgümmez sebtinde XIII – XIV asyrlaryň desgalarynyň kompleksi saklanyp galypdyr. Munuň özi türkmenler gadymdan gelýän uly gonamçylygy bolup, ol ýerde şyhlar ýaşapdyrlar. Bu ýerde dört mazardan we mazar ýadygärlikleriniň – saganlaryň ýerleşen ýeri bolan gönüburçly nebere sekilleriniň “dahmalaryň” ençemesinden ybarat bolan jaýlar topary ýerleşýär. Mazarlar bişen kerpiçden salnyp, olaryň ýokarsy inçelip gidyän gümmezleri we beýik portal girelgeleri – peştekleri bolupdyr. Dehmallaryň birentegi syrçaly kerpiçler we nagyşly plitkalar bilen timarlanypdyr, şolaryň zaýa nusgalarynyň we küýze döwükleriniň tapylan galyndylaryna garanyňda, ol kerpiçleri we nagyşly plitkalary ýerli ussahanalarda ýasapdyrlar.

XIII asyryň ahyrynda – XIV asyryň başynda Mänede Abu – Seýidiň mazarynda uly restawrasion işler gecirilipdir. Onuň portaly nagyşly mozaika toplumlary bilen timarlanypdyr, şol mozaika toplumlary bolsa guýur ýaşyl ýiti mawy we ak elementlerden ybarat edilip ýasalyp, olar çylşyrymly geometrik nagyşlary we “suls” usuly bilen ýazlan owadan ýazgylary döredipdir. Mazaryň içindäki surat aýratyn täsirli bolup, ol agyň ýüzüne dürli görnüşli reňkler bilen (köplenç ýaşyl we gyzyl bilen) çekilipdir. Şol surat kä ägirt uly kitap sahypasyna meňzeş uly göniburçly pannolar bilen kä gülläp oturan miweli agajyň, gül agaçlarynyň we hatda gowaça düýpleriniň stilizlenen peýzažy bilen, kä geometrik nagyşlar bilen we ýazgylar bilen bezelipdir.

Syrçaly timarlaýyş arhitektura plitkalarynyň tapyndylary Dehistan welaýatynyň baş şäheri bolan Dehistanda gurluşyň ep – esli derejede janlanandygyny görkezýär. Bu ýerde keramika önümi ýokary derejede gülläp ösýär. Keramika dürli reňkli (esasy reňkleri ak, ýaşyl, mawy) bolupdyr, “käşine” diýen aýratyn silikat sostawyndan taýýarlanan keramika örän nepis hem pugta bolupdyr. Nagyşlar sypaýy, nepis, esasan-da howaýy we ösümliik ähenlerinde çekilipdir. Bu nagyş çekilende, “diwany” haty bilen ýazlan yazgylar giňden ýaýrapdyr, bu ýazgylar esasan goşgulardan atalar sözlerinden we öwüt – nesihatlaryndan ybarat bolupdyr.

Türkmen halylary hakyndaky bize ilkinji gelip ýeten ýazuw maglumatlary baryp XIII asyrda peýda bolup başlaýar, marko Polo türkmen halylaryny “dünýäde iň nepis we iň owadan” halylar diýip häsiýetlendirilýär, bu bolsa öz ömründe Italiýa bilen Garagurum aralygyny gezip, oňat zatlary köp gören wenesiýalynyň öwüp aýdan sözleri bolýar. Çeper türkmen aýal – gyzlary özleriniň ýokary ussatlygyny aýawly saklapdyrlar we ony gyzlarynyň hem-de agtyklarynyň täze nesillerine geçirip gelipdirler. Bu däpler Kiçi Aziýadaky türkmen taýpalary tarapyndan Ýakyn Gündogara geçirilipdir. Kiçi Aziýa türkmenleri Ibn Seýidiň aýdyşyna görä, ajaýyp türkmen halylary Täzeden döreýiş zamanynyň italýan ussatlary Lippo Memminiň (1350-nji ý) we Nikolo Buonakarsonyň (1380-nji ý.) çeken suratlarynda şekillendirilipdir, bu suratlar, şübhesiz, türkmen halylarynyň hut öz nusgasyndan we Türkmenistanyň XIX asyrdaky halylaryna stil taýdan ýakyn bolan halylar boýunca çekilipdir.

XIV asyrda Horezmiň çeperçilik medeniyeti täzede ýokary göterilip ugraýar. Ürgenji Gündogar Ýewropadan Aziýa barýan magistral ýollaryň birinde durýanlygy, onuň söwda gatnaşyklarynda ykdysady dellal hökmünde rol oýnamy, merkezdäki han häkimýetiniň gowşamagy mynasybetli hakykatda garaşsyz bolmagy – bularyň hemmesi şäher durmuşynyň söwdanyň, senetçiligiň, sungatyň janlanmagyna ýardam edipdir. XIV asyryň 30-njy ýyllarynda Ürgenç uly, giň köçeleri, baý bazarlary köp sanly ymaratly bolan abadan gurlan şäher bolupdyr. Gutlug Temiriniň dolandyran döwründe uly gurluşyk işleri amala aşyrylypdyr. Onuň aýaly Törebeghanym hanaka we giň metjit gurdurýar. Gutlug Temiriniň özi bolsa medrese we beýikligi 60 metre golaý minara saldyrýar, bu minara Köneürgençde häzir hem bar.

Minara bişen kerpiçden örülipdir. Ol togalak sütün görnüşinde bolup, ýokary galdygyça inçelýär. Onuň ýokary taparyny owadan kerpiçjikler bilen, dikligine goýlan kerpiçleriň konsentrik guşaklary bilen we ýazgyly zolak bilen bezelipdir. Syýahatçy Ibn Bututa Ürgenjiň beýleki ajaýyp binalarynyň arasynda gospytaly, Abul – Kasym az – Zemahşaryň guburyny, şyh Jemal ed – diniň hanakasyny, şyh Namj ed-din Kubaranyň mazarynyň üstündäki hanakasyny ýatlap geçýär.

Biziň günlerimize çenli ýokardaky agzalanlaryň diňe soňkusy galypdyr, ol bolsa Türkmenistanyň feodal ymaratçylygynda täze arhitektura stiliniň emele gelýän ekendigini aýdyň görkezýär. Şol hanaka üç otagdan ybarat ybarat, üsti gümezlidir, onuň girilgäni bezeyän beýik portaly bar, portalyň arkasynyň direlgeleri, şonuň ýaly-da guburyň esasy jaýynyň diwarlary dürli reňkli maýolika plitalary bilen örtülipdir, ol plitalaryň ýuzüne ösümlikleriň biri – biriniň içine geçirilip çekilen haşamy we çylşyrymly ýazgylar edilipdir. Mazaryň ýokarsyndaky goşa ýadygärligiň we mazaryň üç ýüzüniň timarlanyşy has-da gözel gorünýär, olar örän köp dürli ösümlikleriň bezegi we geometrik haşam we dürli-dürli reňkli nagyşly kerpiçler bilen bezelipdir.. mayolikalar taýynlamakda bütin Orta Gündogarda Ürgenjiň XIV asyrdaky keramikaçylar mekdebine taý gelen bolmadyr diýip doly hukuk bilen tassyklamak bolar. Horezmiň monumental ymaratçylygynyň garalýan döwürdäki häsiýetli nusgasy-da Mizdahkandaky Mazlum – Sulunyň mazary bolupdyr. Şu mazar hem Najm ed-din Kubranyň mazary ýaly özünde gubur bilen hanakanyň funksiýasyny birleşdiren bolara çemeli. Munda esasy dynç alyş jaýy – “zikirhana” (sopularyň ýygnanýan otagy) bar, onuň tekjelerinde mazar ýadygärligi duryar, birnäçe goşmaça otaglar – hüjlere bar. Diwarlaryň arhitektura gurluşynda diwary goşa kerpiç we nagyşly kerpiçler bilen örmek baradaky köne, mongollardan öňki prinsip saklanypdyr, emma diwarlar XII asyryň ýadygärliklerinden tapawutlanyp, gök syrçalar bilen örtülipdir. Ymaratlary inedördül formada salmak planyndan sekizburçly gümmezler salmaklyga gecilýär, bu gümmezleriň reňkli syrça çalnan sazlyp bejerilen bezegleri bolupdyr. Horezm adaty boýunca gümmez sekizburçly, çadyr şekilli bolupdyr. Ajaýyp mayolika plitalary mazarda ýerleşýän guburyň üstüni bezäp durýarlar.

Şu döwürde baylaryň ýaşaýyş jaýlary özleriniň tutýan göwrümleriniň uly bolmagy we zinetliligi bilen tapawutlanypdyr. Gutlug Temiriniň köşgüniň köp sanly jaýy bolupdyr; onuň myhmanhanalaryň gazlyp timarlanan agaç bilen ýada ýüzüne gyzyl çaýylan ýüpek bilen bezelen potoloklary bolupdyr, diwarlaryň ýuzüne ýüpek matalar tutulýar eken.

Baý Ürgenç kazysy Abyl – Hafe Omaryň, öýünde ýere düşlen ajaýyp halylar, kümuş we altyn çaýylan ýerli gaplar hem-de Yrakdan getirilip, diwaryň tekjelerinde we diwarlaryň ýüzüne tutulan ýüpek matalar syýahatçy Ibn Batuthany haýran galdyrypdyr. Şu bezeg – zinetleriň hemmesi matalar, gap-gaçlaryň köp bölegi, nagyşlanan agaç – Horezmiň ökde ussalary tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Hoprezmde bolsa XIV asyrda bezeg sungatynyň ösüşi ýokary kämillige ýetýär. Olaryň öndüren önümleri ýurduň çäginden uzak ýerlere – Rusa Mawerannahra, Kaspi ýakasyndaky ýurtlara äkidilipdir. Ussalar köp wagtlarda zakazalary ýerine ýetirmek üçn başga şäherlere çagyrylar eken. Mysal üçin, Samarkandy Kusam ibn Abbasyň we Hywadaky Seýit Ala ed-diniň guburlarynyň üstündäki maýolika nagyşlary şübhesiz, Ürgenç keramikaçylarynyň bitiren işleridir. Ürgenç Altyn Orda merkezleri bolan Saraý-Berkäniň we Saraýjygyň senetçilik senagatyna çuň täsir edipdir.

Temiriň Horezme garşy ýörişleriniň öň ýanynda Ürgenjiň arhitekrurasy we senetçilik bezeg sungaty ýokary kämillige ýetýär. Sufy dinastiýasynyň dolandyran döwründe (XIV asyryň 60 – 70- nji ýyllary) mazar salnypdyr, ol mazaryň jaýy häzirki güne çenli hem saklanyp galypdyr. Halk rowaýaty bu mazary ýalňyşlyk bilen Törebe hanum mowzaleýi diýip hasap edýär. Hakykatda bolsa ol Sufy dinastiýasynyň nebere gubury bolmaga çemeli. Kompozisiýasy boýunça çylşyrymly bolan bu mazaryň portal girelgesi esasy jaýy, bu jaýyň aňyrsynda ýene bir kiçiňräk jaý bar we ol baryp Horezm şalarynyň gurluşygynda (Fahr ed – din Razynyň mazary, Tekeşiň mazary diýilýän mazarlary) başlanan hem-de däp bolup giren köne tipdäki çadyr görnüşli guburyň täze esasda ösdürilmegini görkezýär. Beýik arka portal girelgesiniň we gümmeziň örän origional konstruksiýasynyň bolmagy oňa häsiýetlidir. Şu mazardaky arhitektura bezegleri ussatlygyň iň ýokary derejesine ýetirpdir, munda hususan-da gazlyp timarlanyp mozaikalar peýdalanypdyr, bu mozaikalaryň elementleri dürli reňkli plitlardan kesilip, haşamlanyp laý bilen berkidilipdir, şeýlelikde çylşyrymly nagyşlary emele getiripdir. Şol mazaryň esasy jaýyndaky gümmeziň aşaky böleginiň we içki gümmeziniň bezelişi Ürgenç ussalarynyň bitiren işleriniň hakyky nusgasydyr: şol gümmez bezelende, örän çylşyyrmly geometriki haşamlar edilipdir. Onuň ýerine ýetirilişi halk gurluşykçylarynyň praktiki geometriýanyň kanunlaryna çuňňur bilendiklerini görkezýär.

1379-njy ýylda Temir Ürgenji weýran edende, ol ussalary we senetçileri bina edilýän gurluşyklarda peýdalanmak üçin Mawerannahra äkitmekligi buýrupdyr. Ürgenç ussalarynyň gatnaşmagynda şährisebde Aksaraý diýen ägirt uly köşk we monumental Dar us – Saidat gubury gurlupgyr. Horezm däbine eýermek bilen, Ürgenç ussalary şu guburyň bir ymaratyny Mawerannahra mahsus bolmadyk çadyr şekilli mazar kompozisiýasy esasynda gurulypdyr. Emma Horezmiň hut özünde gurluşyk işiniň arasy şondan soň uzak wagtlap kesilipdir. Şol döwründe Türkmenistanyň welaýatlarynda şäher medeniýetiniň pese düşenligi göze ilýär. Temiriň ýörişleri Horezmiň ösüşine weýran ediji zarba urýar; XIV asyryň ahyrlarynda Dehistanyň şäherlerinde ýaşaýyş kesilýär. XV asyrda Temirit döwletiniň çet welaýaty bolan diňe Demirgazyk Horasanda käbir medeni iş amala aşyrylypdyr. Bu yerde şol wagtlar şäher durmuşy ep-esli derejede janlanypdyr, pese düşen käbir şäherler (Änew, Küfen we başgalar) rekonstruksiýalaşdyrylypdyr we hatda täze şäherler (Mary) hem bina edilipdir.

Mary taşlanan köne Gäwürgala we Soltangala şäherinden günorta tarapa süýşürilýär; onuň galyndylary soň – soňlar Abdyllahan gala diýen ady (hakykatda Abdyllahan wagtynda döremän, XV asyryň birinji ýarymynda döräpdir) we XV asyryň ikinji ýarymynda gurlan Baýramalyhan gala diýen ady alan. Gadymy şäherlerdir, Temirit marysy özüniň meýdany boýunça Soltan Sanjaryň döwründe Marydan has kiçidir. Emma şu taze Marynyň bina edilişinde Orta Aziýanyň XV asyrdaky şäher gurluşygy baradaky sungatyň ýokary prinsipleri ulanylypdyr. Şäher dogry planlaşdyrylypdyr, onuň meýdany inedördül görnüşinde bolup, daşyna diwarlar aýlapdyrlar, ol diwarlar ýarym aýlaw diňler bilen berkidilip, olarda janpenalar we kertikler goýlupdyr hem-de olar ýagyş suwy akar ýaly dik ternawlar sistemasy bilen üpjün edilipdir. Derwezeden derwezä barýan baş magistral şäheri böleklere bölüpdir. Şäheriň demirgazyk çetinde hökümdaryň köşgi demirgazyk-günbatara böleginde metjit we Husrawiýe medresesi ýerleşipdir; şäherde hammamlar, kerwensaraýlar salnypdyr, bazar gurlupdyr. Arheologlar bu ýerde şäher abadançylygyň elementleriniň suw prowodynyň, howzyn, suw akdyryjy çukurlaryň we terazyň bolandygyny takykladylar. Şahruhyň Maryny dikeltmek baradaky işini öwüp, Hafiz i – Abru göýä “häzirki wagtda (ýagny XV asyrda) şäheriň soltan Sanjaryň wagtyndakydan hem has gülläp ösjekdigine umyt baglamak boljak” diýip tassyklaýar, onuň bu tassyklamasy köşk taryhçysynyň öwgi sözlerinden başga zat däldir. Täze Marynyň meýdany meýdany uly bolmandyr (38 gektara golaý bolupdyr), hökümdaryň köşgünden başlap, ähli ymaratlar diýen ýaly çig kerpiçden salnypdyr, metjitleriň kerpiç jaylarynyň hiç bir hili bezegi bolmandyr.

Köne gonamçylykda al-Bureýda bilen al-Hakamyň zyýarat edilýän mazarlarynyň ýanynda bina edilen gurluşyklar has dabaraly bezelipdir. Olar iki sany giň gümmezli eýwan gornüşinde salnyp, öz gabatlarynda duran mazarlary bir hili bezeýän ýaly bolup durýarlar. Eýwanlar bişen kerpiçden salnypdyr we geometrik nagyşlary we kufa ýazgylaryny emele getiryän açyk reňkli kerpiçler bilen bezelipdir.

Yslam dininiň ornunyň we jemgyýetçilik durmuşynyň hemme taraplaryna ruhanylaryň täsiriniň barha güýçlenmegi XV asyr üçin häsiýetlidir. Munuň özi dini işler üçin niýetlenen köp sanly jaýlaryň gurulmagy bilen monumental gurluşykda şöhlelenipdir. Bu gurluşyklar möçberleriniň ululygyny, gümmezli konstruksiýalar baradaky tehnikanyň ösüşini, dekoratiw bezegleriň baýlygyny häsiýetlendiryär, emma şonuň bilen birlikde olarda umumy zatlar çözmekde belli bir meňzeşlik bolup, munuň özi, umuman Orta Gündogaryň ösen feodal jemgyýetiniň döräp gelýän dini arhitektura stili üçin häsiýetli zatdyr.

Gadymy şäher blan Änewdäki, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýer titremegi zerarly ýykylan metjit Demirgazyk Horasanyň Temiritler wagtyndaky monumental ymaratçylygynyň ajaýyp nusgasydy. Öz içinde diňe bir bu metjidi däl, belki medresäni we şyh Jemal ed-din diýen bir adamynyň mazaryny hem öz içine alan kompleksleýin ymarat 1456-njy ýylda bina edilipdir. Muny şyh Jemal ed-diniň ogly Muhammet urdurypdy, ol iri feodal bolan bolmaga çemeli, Metjidiň üsti giň gümmez bilen örtülen jaýynyň monumantal egme eýwany howla bakyp durýar. Eýwanyň arkasynyň üstünde üçburçly meýdanda towlanyp duran aždarhalaryň suraty dürli reňkli mozaika bilen şekillendirilipdir. Metjidiň öň tarapy ýylmanan kerpiç bilen timarlanypdyr, ol kerpiçleriň ýüzüne açyk mozaikadan taýýarlanan haşamlar ýerleşdirilipdir. Metjidiň gapdal jaylarynda ökde gurluşykçylar egme bilen basyrmagyň dürli-dürli sistemalaryny ulanypdyrlar, ol basyrgalar ýeňil we görnükli bolup, her hili ýyldyz şekilli figuralary emele getiryär. Änew metjidi ýerli ymaratçylaryň döreden görnükli binasydyr, olar janly – jandaryň şekilini şekillendirmgiň musulman ruhanalary tarapyndan gadagan edilendigine garamazdan, dini jaylary bezemeklige halk ertekileriniň obrazlaryny peýdalanýan şekillendiriş sýužeti girizýärler. Gadymy şäher bolan Änewde XV asyrdan sardaba hem saklanyp galypdyr. Tükmenistanyň suwsyz raýonlarynda sardaba gurmaklyk giňden ýaýrapdyr.

XV asyryň bezeg sungaty tehnikanyň we formanyň ýokary kämilleşmegi bilen tapawutlanýar. Daş ýonujy ussalar uly ussatlyk bilen işläpdirler. Nusaýdaky, Marydaky, Kerkidäki we beýleki şäherlerdäki XV asyryň daşdan ýasalan mazar ýadygärlikleri çylşyrymly, käwagtlarda bolsa gat-gat edilip gazlyp ýasalan haşamlar bolan çylşyrymly ýazgylar ösümlikleriň biri – biriniň içinden geçirilen şekilleri, owadan sütünjikler we arkajyjklar bilen bezelipdir. Şu işler üçin başga ýerden getirilýän açyk reňkli mermer daslarynyň ýumşak hili hem ýerli garamtyl çägesöw daslary ulanylypdyr. Nusayda, Durunda, Maryda, Abiwertde we gaýry şäherlerde keramiki ussahanalaryň işi janlanyp başlayar. Aýratyn-da Nusaý özüniň gowy önümleri bilen tapawutlanypdyr. Şol wagtlar Uzak Gündogardan getirilen “kobalt” tipli (agyň ýüzüne ýaşyl reňk bilen nagyş çekmek ) Hytaý farforlaryna gyzyklanylandygy mynasybetli “Hytaýy” keramikasy ýüze çykýar, bu keramika silikat “kaşina” esasynda taýýarlanylypdyr. Şonuň bilen birlikde Demirgazyk Horasanyň keramiki önüminiň original tipi döräp, ol Türkmenistanyň welaýatlaryna giň ýaýrapdyr.

Çarwa türkmen taýpalarynyň durmuşynda öňküsi ýaly haly dokamak işi ösýär. Günbatarda örän ýokary baha berilýän bu halylar türkmen ýurdunyň çäklerinden daşaryk äkidilipdir. Pistoýdaky meylishananyň freskalarynyň birinde türkmen halysynyň şekilini görmek bolýar, muny 1475-nji ýylda Lorenso-di Kredi diýen hudožnik çekipdir.