Gönümel işlemek

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gönümel işlemek (iňl. straight-through processing, STP) üznüksiz, doly awtomatlaşdyrylan maglumat gaýtadan işlemek prosesi bolup durýar. Esasy maglumatlary awtomatik ulgamlar we el bilen girizmek arkaly döretmek bolýar, emma soňraky geçirmeklik we gaýtadan işlemeklik doly awtomatik usulda amala aşyrylýar.[1]

Has dar manyda, STP tehnologiýasy brokerlik kompaniýasynyň müşderiler bilen daşarky bazaryň arasynda awtomatik araçy hökmünde çykyş etmegini çaklaýar. Müşderileriň sargytlary daşarky bazarda ýa-da uly kontragentde geleşikleri baglaşmak üçin awtomatik usulda ugradylýar.

Tranzaksiýalar[düzet | çeşmäni düzet]

STP tehnologiýasy 1990-njy ýyllaryň başynda Londondaky fond bazarlarynda awtomatik işlemek üçin paýnamalaryň söwdasy üçin işlenip düzüldi.[2]

Ozal töleg etmek hemişe el bilen işlemegi talap edýärdi.[3] Bu proses köplenç birnäçe sagada çekýärdi. Üstesine, adamyň goşmaça gatyşmagy ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagynyň has uly töwekgelçiligine sebäp bolýardy.

STP tehnologiýasynyň kömegi bilen, pul ýa-da gymmatbaha kagyzlar bilen amallary şol gün işlemek we tamamlamak mümkin. Tölegler dürli sebäplere görä henizem STP-däl görnüşde geçirilýän bolup biler.[4]

Artykmaçlyklar[düzet | çeşmäni düzet]

STP tehnologiýasy doly durmuşa geçirilende, aktiwleri dolandyryjylara has gysga dolanyşyk wagty, hasaplaşyk töwekgelçiligini azaltmak we amal çykdajylaryny ýeňletmek ýaly ýeňillikleri üpjün biler.[5] Käbir pudak analitikleri 100% awtomatlaşdyrmagyň ýetip bolmajak sepgitdigine ynanýarlar.[6] Olar, muňa derek, firmanyň içindäki STP derejesini ýokarlandyrmak baradaky pikiri öňe sürmek bilen, firma toparlaryny ikitaraplaýyn ýa-da ulanyjy jemgyýeti (daşarky STP) hökmünde öz aralarynda tranzaksiýa maglumatlaryny awtomatlaşdyrmagyň hilini ýokarlandyrmak üçin bilelikde işlemäge höweslendirýärler. Beýleki analitikler bolsa, STP tehnologiýasyna biznes prosesleriniň funksional ylalaşyklylygynyň döremegi esasynda ýetip boljakdygyna ynanýarlar.

Bellikler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Straight-Through Processing (STP)". investopedia.com. Archived from the original on 2021-09-13. Retrieved 2021-09-26. 
  2. "Straight Through Processing (STP) Brokers Guide". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-09-13. Retrieved 2021-09-26. 
  3. "Rising to the Challenge: Five Barriers to STP in the Treasury Department". theglobaltreasurer.com. Archived from the original on 2021-09-13. Retrieved 2021-09-26. 
  4. "Challenges around STP in Payments". finextra.com. Archived from the original on 2021-09-13. Retrieved 2021-09-26. 
  5. "Frequently Asked Questions On Straight Through Processing" (PDF). sebi.gov.in. Archived (PDF) from the original on 2021-08-21. Retrieved 2021-09-26. 
  6. "STP and Credit Derivatives". waterstechnology.com. Archived from the original on 2021-09-13. Retrieved 2021-09-26.