Mazmuna geçiň

Fre­de­rik Mist­ral

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Fre­de­rik Mist­ral Pro­wan­sal­ly sahypasyndan gönükdirildi)

Fre­de­rik Mist­ralşa­hyr Fre­de­rik Mist­ral 1830-njy ýy­lyň 8-nji sent­ýab­ryn­da Fran­si­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Maý­ýa­ne­de mülk­da­ryň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ol di­ňe pro­wan­sal di­lin­de gür­le­ýän we hat­da şu dil bi­len Wir­gi­li­ýa­ny ter­ji­me eden Awin­ýon­da­ky pan­sio­ny (okuw ja­ýy) hem ta­mam­lap­dyr.

Ol 1851-nji ýyl­da Eks­dä­ki uni­wer­si­te­ti gutarandan soň­ra hu­kuk­çy­nyň dip­lo­my­na eýe bo­lýar. Ýe­ne-de bir ýyl­dan bol­sa, öz poe­ma­sy­ny ne­şir et­di­rip, öz hu­su­sy ede­bi­ýa­ty­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni tä­ze­den aýa­ga gal­dy­ran pro­wan­sal şa­hyr­la­ry­nyň bir­le­şi­gi­ne gi­rip­dir. Bu he­re­ket “Fi­libr” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Olar “Pro­wan­syň al­ma­na­hy­ny 10 000 nus­ga­da çy­ka­ryp­dyr­lar. F. Mist­ral 50 ýyl onuň re­dak­to­ry bo­lup­dyr.

Pas­to­ral me­ýil­na­ma­da­ky epik şyg­ry­ýe­ti “[Mi­re­ýo]” (1859) onuň ede­bi­ýat­da yk­rar edil­me­gi­ne getiripdir. Ol söý­gü­li­si bi­len ni­ka­la­şyp bil­me­dik, but­ha­na­da ga­lan we wag­tyň geç­me­gi bi­len hem Gün urup ara­dan çy­kan ýaş gy­zyň baş­dan ge­çi­rme­le­ri ha­kyn­da. Pro­wan­syň ta­ry­hy­ndaky dür­li er­te­ki­le­r, ýer­li ro­wa­ýat­lar, et­nog­ra­fik de­tal­lar, Gü­nor­ta­nyň gü­neş­li peý­za­žy, ba­lyk­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk, gal­la­çy­lyk we ýü­pek­çi­lik Mist­ral üçin sýu­žet bo­lup­dyr. Bu bir ta­rap­dan, ese­riň gur­lu­şy­ny güýç­len­di­rip­dir, ikin­ji ta­rap­dan bol­sa, aw­to­ra pro­wan­sal­ly­la­ryň dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Bu­lar­dan baş­ga-da, şu­nuň ýa­ly usul bi­len ol ede­bi­ýa­ta dür­li lek­si­ki gat­lak­lar­dan müň­ler­çe söz gi­ri­zip­dir. Ýü­rek­den çyk­ýan ha­ky­ky ru­hu­be­lent­li­gi, dil baý­ly­gy we hy­ju­wy Mist­ra­lyň epo­pe­ýa­sy­nyň kom­po­zi­si­on gow­şak­ly­gy­nyň we çen­de­na­şa öwüt be­ri­ji ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýe­ri­ni do­lup­dyr. S. Mal­lar­me, A.de La­mar­tin we baş­ga-da Fran­si­ýa­nyň iň go­wy şa­hyr­la­ry onuň eser­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip­dir­ler. 1864-nji ýyl­da Pa­riž­de Şarl Gu­no­nyň “Mi­reýl” ope­ra­sy­nyň prem­ýe­ra­sy ge­çi­ri­lip, onuň esa­sy­ny “Mireýl” poe­masy dü­züp­dir. “Al­tyn ada” (1875), “Zeý­tun ýyg­ma” (1912), goş­gu­lar ýy­gyn­dy­syn­da we “Ka­len­do” poe­ma­syn­da (1867) öz eziz Pro­wan­sy­na söý­gi bi­len çe­me­leş­ýär. “Ner­to” poe­ma­sy (1884) – Awin­ýon­da pa­pa­nyň do­lan­dy­ry­şy­nyň soň­ky gün­le­ri hak­da­ky eser­dir. “Ro­ne ha­kyn­da­ky poe­ma” (1897) – ene top­ra­gyň ha­ky­ky se­na­sy­na, Ro­ne çeş­me­si­niň ke­na­ryn­da­ky şä­her­le­riň we oba­la­ryň we ol ýer­de ýa­şa­ýan adam­la­ryň sim­wo­ly­na öw­rülýär. Joş­gun­ly wasp etmegi, bu mäh­ri­ban ül­ke­si­ne söý­gi­niň ha­ky­ky tes­wir­le­me­si­dir. F. Mist­ral pro­wan­sal di­li­niň gram­ma­ti­ka­sy­ny, or­fog­ra­fi­ýa­sy­ny we lek­si­ka­sy­ny bel­li bir ka­da sal­ma­gyň üs­tün­de iş­läp­dir we “Fe­lib­ri­ža­nyň ha­zy­na­sy” (1878–1886) at­ly pro­wan­sal – fran­suz söz­lü­gi­ni çy­ka­ryp­dyr.

Fe­libr he­re­ke­ti­niň 50 ýyl­ly­gyn­da F.Mist­ra­ly (H. Eçe­ga­raý bi­len bir­lik­de) “Şa­hy­ra­na eser­le­ri­niň sag­dyn­ly­gy we öz­bo­luş­ly­ly­gy, hal­kyň ru­hu­ny gö­nü­mel şöh­le­len­dir­ýän­di­gi üçin” No­bel baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­dy­lar. Onuň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­da A. No­bel idea­liz­mi esa­sy öl­çeg ha­sap­lap­dyr we bü­tin öm­rü­ni mil­li ru­huň, ene di­liň we ede­bi­ýa­tyň gal­kyn­ma­gy­na ba­gyş­lan adam­dan ýüz öwür­me­li däl­di­gi­ni öňe sü­rüp­dir.

Nä­hoş şa­hyr baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­da bolmandyr we hat­da adat bo­lup gel­ýän nu­tu­gy­ bilen hem çykyş etmändir. Baý­rak be­r­len­den soň­ra F. Mist­ral me­mu­ar ýa­zyp­dyr (1906) we uly bol­ma­dyk goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­ny çap etdiripdir. Ol halk me­de­ni­ýe­ti mu­ze­ýi­ni esas­lan­dy­ryp­dyr, pro­wan­sal şa­hyr­la­ryň ki­tap­la­ry­na gi­riş ýa­zyp­dyr we il­deş­le­ri­ni bu gu­ra­ma bir­leş­di­rip­dir.

F. Mist­ral 1914-nji ýy­lyň 25-nji mar­tyn­da ara­dan çy­kyp­dyr. Ol 83 ýa­şy­nyň için­de be­lent but­ha­na­nyň ga­dy­my ja­ňy­nyň ýü­zün­dä­ki ýaz­gy­la­ry öw­re­nip ýö­ren ma­ha­ly so­wuk­lap­dyr.