Frederik Mistral
Frederik Mistral — şahyr Frederik Mistral 1830-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Fransiýanyň günortasyndaky Maýýanede mülkdaryň maşgalasynda dünýä inýär. Ol diňe prowansal dilinde gürleýän we hatda şu dil bilen Wirgiliýany terjime eden Awinýondaky pansiony (okuw jaýy) hem tamamlapdyr.
Ol 1851-nji ýylda Eksdäki uniwersiteti gutarandan soňra hukukçynyň diplomyna eýe bolýar. Ýene-de bir ýyldan bolsa, öz poemasyny neşir etdirip, öz hususy edebiýatyny we medeniýetini täzeden aýaga galdyran prowansal şahyrlarynyň birleşigine giripdir. Bu hereket “Filibr” diýlip atlandyrylypdyr. Olar “Prowansyň almanahyny 10 000 nusgada çykarypdyrlar. F. Mistral 50 ýyl onuň redaktory bolupdyr.
Pastoral meýilnamadaky epik şygryýeti “[Mireýo]” (1859) onuň edebiýatda ykrar edilmegine getiripdir. Ol söýgülisi bilen nikalaşyp bilmedik, buthanada galan we wagtyň geçmegi bilen hem Gün urup aradan çykan ýaş gyzyň başdan geçirmeleri hakynda. Prowansyň taryhyndaky dürli ertekiler, ýerli rowaýatlar, etnografik detallar, Günortanyň güneşli peýzažy, balykçylyk, maldarçylyk, gallaçylyk we ýüpekçilik Mistral üçin sýužet bolupdyr. Bu bir tarapdan, eseriň gurluşyny güýçlendiripdir, ikinji tarapdan bolsa, awtora prowansallylaryň durmuşynyň dürli ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik beripdir. Bulardan başga-da, şunuň ýaly usul bilen ol edebiýata dürli leksiki gatlaklardan müňlerçe söz girizipdir. Ýürekden çykýan hakyky ruhubelentligi, dil baýlygy we hyjuwy Mistralyň epopeýasynyň kompozision gowşaklygynyň we çendenaşa öwüt beriji garaýyşlarynyň ýerini dolupdyr. S. Mallarme, A.de Lamartin we başga-da Fransiýanyň iň gowy şahyrlary onuň eserlerine ýokary baha beripdirler. 1864-nji ýylda Parižde Şarl Gunonyň “Mireýl” operasynyň premýerasy geçirilip, onuň esasyny “Mireýl” poemasy düzüpdir. “Altyn ada” (1875), “Zeýtun ýygma” (1912), goşgular ýygyndysynda we “Kalendo” poemasynda (1867) öz eziz Prowansyna söýgi bilen çemeleşýär. “Nerto” poemasy (1884) – Awinýonda papanyň dolandyryşynyň soňky günleri hakdaky eserdir. “Rone hakyndaky poema” (1897) – ene topragyň hakyky senasyna, Rone çeşmesiniň kenaryndaky şäherleriň we obalaryň we ol ýerde ýaşaýan adamlaryň simwolyna öwrülýär. Joşgunly wasp etmegi, bu mähriban ülkesine söýginiň hakyky teswirlemesidir. F. Mistral prowansal diliniň grammatikasyny, orfografiýasyny we leksikasyny belli bir kada salmagyň üstünde işläpdir we “Felibrižanyň hazynasy” (1878–1886) atly prowansal – fransuz sözlügini çykarypdyr.
Felibr hereketiniň 50 ýyllygynda F.Mistraly (H. Eçegaraý bilen birlikde) “Şahyrana eserleriniň sagdynlygy we özboluşlylygy, halkyň ruhuny gönümel şöhlelendirýändigi üçin” Nobel baýragy bilen sylagladylar. Onuň gowşurylyş dabarasynda A. Nobel idealizmi esasy ölçeg hasaplapdyr we bütin ömrüni milli ruhuň, ene diliň we edebiýatyň galkynmagyna bagyşlan adamdan ýüz öwürmeli däldigini öňe sürüpdir.
Nähoş şahyr baýrak gowşurylyş dabarasynda bolmandyr we hatda adat bolup gelýän nutugy bilen hem çykyş etmändir. Baýrak berlenden soňra F. Mistral memuar ýazypdyr (1906) we uly bolmadyk goşgular ýygyndysyny çap etdiripdir. Ol halk medeniýeti muzeýini esaslandyrypdyr, prowansal şahyrlaryň kitaplaryna giriş ýazypdyr we ildeşlerini bu gurama birleşdiripdir.
F. Mistral 1914-nji ýylyň 25-nji martynda aradan çykypdyr. Ol 83 ýaşynyň içinde belent buthananyň gadymy jaňynyň ýüzündäki ýazgylary öwrenip ýören mahaly sowuklapdyr.