Fonetika

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Fonetika - sözleýiş sesleri hakdaky ylymdyr. Biz öz oý-pikirlerimizi sözlem görnüşinde daşymyza çykarýarys. Sözlemler sözlerden, sözler bolsa belli bir yzygiderlikde gelen seslerden düzülýär. Söz, sözlem, sözlemek asyldaş adalgalardyr. Dil biliminiň ähli bölümlerinde esasy dil birligi bolan söz bilen iş salşylýar. Fonetikada sözleriň ses gurluşy bilen baglanyşykly meseleler öwrenilse, leksikada sözleriň many gatnaşyklary, morfologiýada sözleriň morfologik aýratynlyklary, sintaksisde sözlemde sözleriň baglanyş tärleri öwrenilýär. Fon grekçe ses (deňeşdiriň: telefon, mikrofon, magnitofon), tikaylym (deňeşdiriň: grammatika, stilistika, matematika...) düşünjelerini aňladýar.