Finlandiýanyň bilim ulgamy
Mekdebe çenli we mekdep bilimi, Finlandiýada köp sanly günbatar ýurtlaryndan tapawutlylykda, mekdebe çenli bilim 6 ýaşdan başlap, bir ýyla çekýär.
Şu ýylyň dowamynda mugallymlaryň esasy wezipeleriniň biri çagalary mekdepde okamaga taýynlamakdan ybaratdyr. Şu döwürde ähli üns ene dilini (okamak, ýazmak), matematikany, tebigy ylymlarny we ahlak kadalaryny öwretmäge gönükdirilýär. Ýöne bu tapgyr zerur bolman, ene-atalar öz isleglerine görä, çagalarynyň mekdebe çenli taýýarlygyny öýde hem berjaý edip bilerler.
Finlandiýada ählumumy hökmany okuw 9 ýyl okadylýar we çagalar 7 ýaşa barandan soňra başlaýar. Bu tapgyr umumy bilim berýän mekdep ýa-da “de ýura” /umumy/atlandyrylyp, tapgyrlara bölünmeýär, emma “de fakto”/ tejribede/ 1-nji synpdan 6-njy synpa çenli çagalara umumy bilim berýän mekdep döwri hasaplanýan bolsa, 7-nji synpdan 9-njy synpa çenli ululara umumy bilim berýän mekdep diýlip, kabul edilipdir. Kiçi synplarda ähli sapagy okatmak bir mugallymyň borjuna girýär, üstesine-de şol bir otagda. Ýöne uly synpyň okuwçylaryny dürli - dürli mugallymlar okadýarlar. Şonuň ýaly hem kiçileriň we ulularyň umumu bilim berýän mekdebi bütinleý aýry ýerde ýerleşýär.
Finlandiýada mekdep bilimi mugt berilýär. Döwlet mekdeplerinden başga-da hususy mekdepler hem bolup, olarda geň ýeri okuw üçin töleg almak gadagan edilen. Bu ýurtda hususy mekdebi esaslandyrmak üçin Döwlet Maslahatynyň karary zerur. Hususy mekdepleri, şonuň ýaly hem döwlet mekdeplerini deň derejede döwlet maliýeleşdirýär, ýöne munuň üçin olardan iýmit, lukmançylyk hyzmatlary, mugt okuw gollanmalary we mekdep transporty ýaly hyzmatlaryň berilmegi talap edilýär. Finlandiýanyň umumy bilim berýän mekdepleriniň maksatnamalarynda haýsydyr bir äşgär tapawutlandyryjy alamatlary ýok we sapaklaryň meňzeş jemini öz içine alýar.
Umumy bilim berýän mekdepleri tamamlanlaryndan soňra, onuň ähli uçurymy diýen ýaly okuwyny dowam etdirip - etdirmeli däldigi hakyndaky mesele bilen ikiçäk galýarlar. Orta bilimiň çäklerinde okuw jaýynyň 2 görnüşi işleýär: liseý (Lukio) we professional-tehniki mekdep (Ammatillinen oppilaitos). Liseýler öz okuwçylaryny uniwersitetlere taýýarlamaga gönükdirilýärler, şonuň üçin berilýän bilim ýokary hilligi bilen tapawutlanýar. Olarda okuw 3 ýyla çekýär we synaglary tabşyrmak tä kämilleşýänçä dowam edýär (Ylioppilastutkinto). Finlandiýada her ýylyň maý aýynda bu synaglaryň tabşyrylýan gününe gabat getirilip “Vappu” (“Maý baýramçylygy”) bellenip geçilýär. Şol gün ähli uçurym ak papajyk geýip gezýärler.
Professional – tehniki mekdepler hem 2 - 3 ýyla çekýän okuw maksatnamalaryny hödürleýärler. 3 ýyllyk kursy gutaryp, synaglar tabşyrylandan soňra, uçurymlar orta professional bilim hakynda şahadatnama alýarlar, şondan soňra olar zähmet bazaryna çykmak ýa-da politehnikumda ýöriteleşdirilen okuwyny dowam etdirmek hakynda belli bir karara gelmeli bolýarlar. Şonuň ýaly hem professional - tehniki mekdebiň uçurymlarynyň uniwersitete girmäge mümkinçilikleri bar, ýöne diňe belli bir derejä ýetenligi baradaky şahadatnamany almak üçin zerur bolan goşmaça bilimiň kurslaryny we synaglaryny tabşyrandan soňra mümkin.
Fin mekdeplerinde bilimiň bahasynyň juda meňzeş bolmadyk 4-den 10 bala çenli ulgam kabul edilip, 4-lik gaýtadan tabşyrylmagyny talap edýän kanagatlanarsyz baha, 10-lyk bolsa, iň ýokary baha hasap edilýär. Şonuň ýaly hem 9– ýa-da 9+ diýen ýaly dürli bahalar bar. Şu aýratynlyklar baha goýlanda sapak wagty okuwçylaryň özlerini alyp barşyna oňaýly täsir edýär.
Ýokary bilim
Finlandiýada ýokary bilimi 2 görnüşli okuw jaýlarynda almak mümkin: uniwersitetlerde (yliopisto) we politehnikumlarda (mmattikorkeakoulu, yrkeshögskola). Hakykatda, olary orta bilimiň dowamynyň iki şahasy hasaplasaň hem bolar – akademiki we professional. Uniwersitetler öz talyplaryna nazaryýet bilimlerine esaslanýan akademiki bilimleri hödürleýär. Politehnikumlaryň maksatnamasynyň esasynda bolsa, professional bilimi çuňlaşdyrmak öňe sürülýär.
Finlandiýa “Bolon” prosesiniň gatnaşyjysy bolup, bakalawr - magistr - doktorlyk ulgamyny, şeýle hem synag bahalaryny gaýtadan hasaplamagyň ýeke-täk ulgamyny kabul etdi. Bu ýagdaý alnan alymlyk derejesini Ýewropanyňky bilen gabat getirmäge mümkinçilik berýär.
Fin uniwersitetlerinde esasy alymlyk derejesi bakalawr (kandidaatti) bolup, ony almak üçin 3ýyl gerek we azyndan ECTS-iň (EUROPEN CREDIT TRANSFER SYSTEM) 120 bal bahasy gerek. Käbir fakultetlerde bakalawryň gutardyş işi goramagy, şeýle hem bir ýa-da iki sapagy çuňňur özleşdirmegi zerurdyr.
Indiki alymlyk derejesi – magistr (maisteri) - ECTS-iň azyndan 160 bal bahasyny almak bilen 5 ýyl okuw talap edýär (ýa-da bakalawriatadan soň iki ýyl talap edýär), şeýle hem dissertasiýa goramaly. Bilimiň dürli ugurlarynda bu dereje dürli hili atlandyrylýar. Mysal üçin, inženerlikde ol “diplomi-insinööri” diýilse, binagärlikde “maisema-arkkitehti” atlandyrylýar.
Magistr derejesi bolan talyplar mundan buýanky bilimini doktoranturada alýar. Onuň ilkinji tapgyry “lisensiata” derejesi bolup, 2 ýyl okuw talap edýär. Iň ýokary alymlyk derejesi, ylymlaryň doktorlygyny (tohtori) almak üçin ýene-de iki ýyl gerek bolup, ylmy barlaglary geçirmegi we dissertasiýa goramagy talap edýär. Şeýlelikde, Finlandiýanyň uniwersitetlerinde okamak 11 ýyla çenli döwri öz içine alýar.
Politehnikumlar barada aýdanymyzda bolsa, bu ýerde esasy alymlyk derejesi bakalawr bolup durýar. Bakalawriatda okamak üçin ECTS-iň 140 – 180 bal bahasyny we 4 ýyl okuw talap edýär. Politehnikumlar tebigy baýlyklar, tehnologiýa, kommunikasiýa, dolandyryş, myhmanhana biznesi, syýahatçylyk, medeniýet we bilim ýaly ugurlarda hünärmenleri taýýarlaýar. Ýöne politehnikumda bakalawr derejesini almak üçin, edil uniwersitetiňki ýaly 4 ýyl gerek.
Bardy-geldi bakalawriatyň uçurymy okuwyny dowam etdirmegi we uniwersitetiň magistr derejesini almagy ýüregine düwse, onda onuň uniwersitete çenli akademik bilimini ösdürmäge gönükdirilen bir ýyllyk okuw kursuny geçmegi zerur bolup durýar. Şunuň ýaly ýagdaýda magistriň derejesini almak üçin 2 ýyl okuw we diplom işiniň goralmagy talap edilýär. Magistratura bolsa, politehnikumyň cäginde elýeterli bolup, oňa diňe öz saýlap alan hünäriňden üç ýyl iş tejribäni alanyňdan soňra girmek mümkin. Şonuň ýaly hem, öz derejesini uniwersitetde alan bakalawrlar hem bir ýyllyk taýýarlyk kursundan geçenden soňra, politehnikumdaky magistratura girip bilerler. Politehnikumyň we uniwersitetiň arasyndaky tapawut birinjiniňki amaly taýdan ýöriteleşdirilmegi, ikinjiniňki bolsa, akademiki taýdan gönükdirmegi bolup durýar.
Hökümetiň Ýewropa bileleşiginden bolmadyk talyplara okuw üçin tölegleri girizmek meýliniň bardygyna garamazdan, Finlandiýanyň döwlet uniwersitetlerinde okamak mugt. Akademiki ýyl 1-nji iýundan 31-nji awgusta çenli dynç alyş bilen, sentýabrdan maýa çenli aralykda dowam edýär. Okuwlar fin we şwed dillerinde alnyp barylýar. Käbir uniwersitetde we institutda iňlis dilinde okuw maksatnamalary bar. Adatça, olar maglumat tehnologiýasyndan we täjirçilikden ybaratdyr. Maksatnamalar bütin okuw möhletinde ýa-da ilkinji 2 ýylda iňlis dilinde okadylyp bilner. Ýöne şu döwürde talyplaryň fin dilini öwrenmegi zerur hasaplanýar.
Ýurduň has abraýly okuw jaýlary Helsinki, Tampere we Ýoensu ýaly şäherlerde ýerleşýär. Mahlasy, ylmy barlaglar üçin ýöriteleşdirilen Helsinki uniwersiteti, Helsinkiniň Ykdysadyýet mekdebi, Sungat we Dizaýn uniwersiteti Skandinawiýanyň meşhur çeperçilik mekdepleri hasap edilýär. Jemgyýetçilik, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we saglygy goraýyş ýaly ylymlar Tampera uniwersitetiniň ýüzüni görkezýän ugurlardyr. Ýoensu uniwersiteti 6 fakulteti öz içine alyp, tebigy we gumanitar, sosiologiýa, tokaý hojalygy, ylahyýet we psihologiýa ýaly maksatnamalarda okuwlary teklip edýär.
Kabul edilmek we ýaşaýyş şahadatnamasyny almak
Ähli uniwersitetlere we politehnikumlara girmegiň jikme-jik düzgünleri juda çylşyrymly. Adatça, her bir okuw jaýy özüne gerek resminamalaryň toplumyny talap edýär. Dalaşgärden notarial edarasynda tassyklanan orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň fin, şwed we iňlis dillerine terjime edilen nusgasy talap edilýär. Eger-de iňlis dilindäki okuwlar meýilleşdirilen halatynda, okuw jaýy TOEFL ýa-da IELTS-iň netijeleriniň berilmegini talap edýär, ýa-da dalaşgäri synagdan geçmäge çagyrýar. Iň gowusy, şu meselede takyk maglumatlary onuň ýygy-ýygydan üýtgäp durýanlygyna görä, gönüden-göni gyzyklanýan uniwersitetiň özünden alsaň has talaba laýyk bolýar. Ýewropa bileleşiginden bolmadyk talyplardan ýaşamak üçin rugsatnama almak talap edilýär. Ol bir ýyllyk berlip, möhleti geçenden soňra uzaldylýar.
Ýaşaýyş jaý üpjünçiligi
Finlandiýada talyplary ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek üçin ýörite ulgam döredilen. Onuň ygtyýarynda tertip boýunça 100000 ýaşaýyş jaýy bar. Adatça, talyplaryň jaýy 2-3 otagdan ybarat bolup, olarda birnäçe adam ýaşaýar. Köp halatlarda ýaşaýyş we umumy ýaşaýyş jaýlary mugt internet bilen üpjün edilen.
Her bir daşary ýurtly talyp şahsy ýaşaýyş şahadatnamasyny alanyndan soňra, bu ýurtda işlemäge hem hukuk gazanýar. Ýöne bu ýerde nähili işde işleseň hem öňi bilen fin dilini gowy bilmegiň zerurdyr.
Daşarky çykgytlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Об учебе в Финляндии на официальном сайте Министерства иностранных дел Финляндии Archived 2013-09-29 at the Wayback Machine
- Финская система образования Archived 2013-06-30 at the Wayback Machine
- Система образования в Финляндии
- Почему в Финляндии жить хорошо
- Образование в Финляндии
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |