Mazmuna geçiň

Faraon Narmer

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hökümdarlygy: Miladydan öňki 3100一...?

Ondan öň: Ka (Içýanyň şasy)

Özünden soň, Horaha ? Menes

Aýaly: Neiphotep A

Perzentleri: Menes? Horaha?

Faraon Narmer miladydan öňki 3100 ýyllarda Müsürde ilkinji hanedanlygyny guran we bize belli bolan ilkinji hökümdardyr. Geçmişde Kadan (Içýan şasy) soň tagta geçip Aşaky we ýokarky Müsüri birleşdiren faraondyr. Emma arheologik tapyndylar onuň Içýan şasy bilen birmeňzeş şahsyýetdigi çak edilýär. 1898-nji ýylda Hierakonpolda tapylan meşhur Narmer ýazgylarynda aşaky we ýokarky Müsüriň ilkinji faraonydygyny bize mälim etdi. Ýöne Müsüriň taryhyny öwrenijiler ilkinji Müsüriň faraony ol däl diýjek hem bolýarlar. Ýöne maglumatlar boýunça bize bellisi ilkinji Müsür faraony Narmerdir. Faraon Narmer Müsüri birleşdiripdir. Ýakyn wagtlarda Den's we Kas mazarygynda tapylan faraonlar sahypalarynda Narmeriň Aşaky we Ýokarky Müsüri birleşdirendigi hakynda okalanda, Horahanyň onuň ýerine tagta geçendigi mälim boldy. Ýöne faraon Menese degişli hiç maglumat ýazylmandyr. Aýaly Neiphotep A-dan iki ogly bolan Narmeriň ilkinji ogly Horaha, Narmerden soň tagta geçipdir, soň tagta beýleki ogly Menes geçipdir. Abidosyň Ummel Gaab welaýatyndaky hökümdarlar mazarlygynda iki öý (B17&B18) şeklinde belgilenen Narmeriň mazary, özünden öňki höküm süren Kanyň (Içýan şasy) mazarynyň töwereginden tapyldy. 1994-nji ýylyň Ýaz aýlarynda Ysraýyldaky Nahal Tillah gazuw-agtaryşynda tapylan keramiki bölejiklerde, soňra 1989-njy ýylda tapylan Narmer ýazgylaryndaky faraon şekiljigi tapyldy. Keramiki bölejikleriň 5000 ýyl öň Müsürden getirilen şerap käsesidigi mälim edildi.


Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]