Farabynyň kitaplary
Şablon:Farabynyň döredijiligi Farabynyň eserleri Şablon:Faraby Şablon:Filosofiýa
Şablon:Учёный
{{FARABY (870 - 950)
Farabynyň ömri we döredijiligi
Musulman filosofiyasyň taryhynda türki halklaryndan gelip çykan filosoflaryň biri Farabydyr. Onuň ömür beýanyna degişli maglumatlar ol aradan çykandan takmynan iki asyr wagt geçenden soň ýazylan filosofiýanyň taryhyna degişli işlerde we biografik kitaplarda getirilýän maglumatlara daýanýandygy üçin, käbir gapma-garşy maglumatlara gabat gelmek bolýar. Farabynyň doly ady Ebu Nasr Muhammed ibn Turhan ibn Uzlug el-Faraby et-Türkidir3. Ol 870-nji ýylda Türküstanyň Farab welaýatynyň “Wesiç” obasynda dünýä inipdir.
Tebigat filosofiýasy bilen bir hatarda, metafiziki temalar bilen içgin gyzyklanan Merw mekdebine degişli bolupdyr. Musulman filosofiyasyň taryhynda sözüň doly manysynda filosofiki dünýägaraýşyň mysaly, nusgasy hökmünde kabul edilen Faraby, ykbalyny filosofiýa we ylma bagyş eden asuda, parahat häsiýeti bilen tanalan akyldardyr. Ylmy tälimine Bagdatda başlapdyr, öz ýurduna dolanyp kazylyk wezipesinde işläpdir. Filosofiýa bolan höwesini şahsy ylmy barlaglaryň netijeliligi bilen kanagatlandyrypdyr. Zamanasynyň esasy ylymlary bolan grammatika, arap edebiýaty (belagat), logika, arifmetika, aýdym-saz, geometriýa we astronomiýa degişli uly işleri geçiripdir. Tükmen, arap we pars dillerinden başga, assiriýalylaryň dilinden baş çykarandygy barada käbir maglumatlar getirilýär.
Faraby, samany emiri Nuh ibn Samanyň çakylygy bilen Buhara barypdyr we emiriň haýyşy boýunça ilkinji musulman-türkmen filosofiýasynyň ensiklopediýasy bolan “el-Taglimus-sany” atly eserini ýazypdyr. Emma nämedir bir sebäpden bu eser, “samanylaryň” saraýynda çykan ýangynda ýanyp ýok bolupdyr. Häzirki wagtda şol eser barasynda düzümindäki temalardan başga hiç hili maglumat saklanyp galmandyr. Faraby şol eseriniň şähraty sebäpli ol “mugallimus-sany” (ikinji ussat diýlip kabul edilipdir. Birinjisi bolsa Aristotel hasaplanypdyr) lakamyna miýesser bolupdyr. Seýfuddöwläniň çakylygy boýunça Halp şäherine baran akyldar ömrüniň ahyrky ýyllaryny şol ýerde geçiripdir, ähmiýetli eserlerini hem bu ýerde taýýarlapdyr. Ylmy syýahatlarynyň birinde 950-nji ýylda Şamda aradan çykypdyr.
}}