Mazmuna geçiň

Faýsal I

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi 8.03.1920. 24.07.1920.

Ýurdy: Yragyň halyfy. Haşymogullary hanedanlygy

Kakasy: Aly ogly Hüseýin (Hüseýin bin Aly)

Ejesi: Abdyllanyň gyzy Abdliýa (Abdliýa bint Abdylla)

Doguldy: 20.05.1883. Taýyf. Osmanly hökümdarlygy

Ölümi: 08.07.1933 (50 ýaşynda) Şwesariýa. Bern

Dini: Yslam

Doly ady: Faýsal bin Hüseýin bin Aly el-Haşymy. ( 1920 )فيصل ;الهاشمي20بن حسين بن علي-nji ýylda az wagtlyk Siriýa arap halyflygynda we 1921-1933-nji ýyllarda Yrakda höküm sürýär. Faýsal 1916-1924-nji ýyllar aralygynda Hyjazy dolandyran Mekke emiri we uly derejeli Hüseýniň ogludyr.

Ol birinji jahan urşy Osmanly hökümdarlygyna uly zarba berýändigini aňyp birnäçe Arap baştutanlaryny daşyna jemledi. Aralarynda käbir Siriýaly araplaryň hem bar bolmagy bu baştutanlar, hakykatdanam Osmanly hökümdarlygyna garaşly däldikleri üçin Hüseýine baştutan gözi bilen seredýärdiler. Faýsal I kakasynyň dolandyrjak bolan Araplaryň aýaga galmagyny haýsy sebäplere görä daýanjakdygyny maslahat geçirmek üçin 1915-nji ýylda Şama gitdi. Faýsal özüniň birnäçe tanamaýan toparlary bilen görşüp Hüseýini Araplaryň baştutany diýlip kabul etmekleri hakynda ara alyp maslahatlaşýardy. Onuň bu syýasaty Araplar üçin täzeçe bir başlangyçdy. 1916-njy ýylda Osmanlylara garşy Araplaryň aýaga galmagynda Faýsal I aýgytly wajyp rollaryň birini oýnady. 1918-nji ýylda Arap ýurtlarynyň biri bolan Şama çozdy we Angliýalylar (iňlis) bilen şertnama baglaşdy hem-de Siriýa halyfy diýlip yglan edildi. Şol şertnama görä Araplar, Iňlisleriň harby goşunyna uly goltgy beriljekdigini goldapdy. Iňlisler hem Siriýanyň giň topraklaryndan bir Arap döwletiniň gurulmagyna kömek etjekdiklerini söz beripdirler. Emma Faýsal ýaraşyk şertnamasyna goşulmak üçin 1919-njy ýylda Pariža gideninde Fransuzlaryň Liwiýada we Siriýada bir gyrgynçlygyň etjekdiklerini bilip galdy. Soňra Liwiýa we Siriýa Isgenderiýa çenli topraklary Fransiýanyň basyp aljakdygyna razy bolmaly boldy. 1920-nji ýylyň Ýanwarynda Şama dolanyp bardy. Fransuzlaryň etjek bolýan işlerini käbir Arap baştutanlary düşünmediler. Gysga wagtyň içinde Fransuzlar bir bahana tapyp Faýsalyň topraklaryna urdurlyp girdiler we Şamy basyp aldylar. (Iýul 1920) Faýsal ýurtdan çekilmäge mejbur boldy. Soňra Angliýa hökümetiniň çakylygy bilen Londana gitdi. 1921-nji ýylda Angliýa (Britaniýa) Faýsaly iňlis goragy bilen guruljak häkimýetiň halyfy etjekdigini ynandyrdy. Soňra Faýsal I Yrakda uly dabara bilen garşylanyp tagta geçdi. Faýsal I yň saýasynda Siriýanyň we Yragyň arkasynda durmagy, Bereketli Hilalyň hemme ýerinde Araplar arasyndaky milletçi duýgularyň janlanyp başlandygyny görse bolýardy. Ýöne Arap birligi hereketleriniň baştutany bolsa-da Faýsal I yň Yrakda syýasy goldawy ýokdy. Güýjüni artdyrmakda, ylymyň bilimiň güýçlendirilmegini talap edýärdi. Bir ýandan Arap milletçileriniň ynamyny ödäp, bir ýandan hem Iňlis dostlugyny güýçlendirýärdi. 1930-njy ýylda Yragyň garaşsyzlygy ugrunda, 1932-nji ýylda Milletler jemgyýetine agza bolmagy başardy. 1933-nji ýylda Şweýsariýanyň Bern şäherinde ýürek agyrysy tutup ýaşaýşyny elden giderdi. Onuň ýerine uly ogly Gazy bin Faýsal geçdi.

m.ertir.com/index.php?q=blog&view=136260