Mazmuna geçiň

Fath Aly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(FATH ALY sahypasyndan gönükdirildi)


Gajar gerbi

Höküm sürdi: 17 Iýun 1797 – 23 Oktýabr 1834.

Özünden öň: Agamuhammet han Gajar

Özünden soň: Muhammet şa Gajar

Dinastiýasy: Gajar dinastiýasy

Kakasy: Hüseýinguly han Gajar

Doguldy: 5 Sentýabr 1772. Eýran Damgan

Öldi: 23 Oktýabr 1834 (62 ýaş) Eýran Yspyhan

Dini: Yslam Şyga

Fath Aly Şa Gajar (Azeriçe: Fətəli şah Qacar, Parsça: راجاقهاش ىلع حتف) —Eýranda höküm süren Gajar türkmenleriniň dinastiýasynyň ikinji hökümdary. 17 Iýun 1797 - 23 Oktýabr 1834-nji ýyllar aralygynda höküm sürdi. Fath Aly şa Hüseýinguly hanyň ogly we Gajar türkmenleriniň dinastiýasynyň gurujusy Agamuhammet han Gajaryň ýegeni, agasynyň öldürilmeginden soň tagta çykýar.

Gajar türkmenleriniň dinastiýasynyň ikinji şasy ( hökümdarlyk ýyllary 1797-1834). 1797-nji ýylda gajar türkmenleriniň döwletini esaslandyran Agamuhammet şa öldürilenden soňra tagta geçen Fath Aly şa tä 1801-nji ýyla çenli tagta dawa edýän beýleki dawagärler bilen häkimiýet ugrunda göreş alyp barmaly bolýar. Esasy garşydaşlary bolan Horasanyň hökümdary Nedir Mürzäni, Kazwin töwereklerine eýelik edýän Sadyk han Şekakini çetleşdirenden soňra ol şa tagtynda ymykly ornaşypdyr. Fath Aly şanyň döwründe Eýranyň içeri syýasatynda-da, daşary syýasatynda-da şowsuzlyklar az bolmandyr. Ýurtda ýerli hökümdarlaryň garşylygy güýçlenipdir. Ol köplenç goşun ulanyp, gozgalaňlary basyp ýatyrmaly bolupdyr.

Fath Aly şanyň dolandyran döwrüniň birinji onýyllygynda baş wezir Hajy Ybraýymyň täsiri uly bolup, şa şonuň bilen maslahatlaşman hiç-hili karar kabul etmändir. Emma Hajy Ybraýymyň abraýynyň barha artmagyndan çekinip, Fath Aly şa 1808-nji ýylda ony hazynany talamakda aýyplap tussag edipdir.

1801-nji ýylda Fath Aly şa Angliýa bilen şertnama baglaşyp, fransuzlary ýurdundan çykarýar. Fath Aly şanyň tagta geçen wagty Napoleon uruşlarynyň döwrüne gabat gelipdi. Angliýa Eýrandan fransuz täsirini ýok etmek we ýurduň iňlis täsirine düşmegi üçin bu şertnamany baglaşypdy. Fath Aly şa Russiýanyň Kawkaza aralaşmagy sebäpli dörän dawada Angliýadan çaky cýkmansoň Fransiýa bilen ýakynlaşýar. Emma ýewropalylar öz bähbitlerini arap Eýrana kömek bermäge söz berýändigi düşnüklidir.

XIX asyryň başlarynda Pussiýa Eýranyň Kawkazdaky eýeçiliklerini eýeleýär. Fath Aly şanyň döwründe Eýran iki gezek Russiýa bilen Kawkaz ýerleriniň üstünde uruş alyp barmaly bolýar. Olaryň birinjisi Genji hanlygynyň üstünde 1804-1813-nji ýyllarda bolup, ol 1813-nji ýyldaky Gülüstan şertnamasy bilen tamamlanýar. Ikinjisi 1826-1828-nji ýyllarda bolup, Türkmençaý ýaraşyk şertnamasy bilen gutarýar. Iki uruşda hem Eýran ýeňilýär. Fath Aly şanyň daşary syýasatyndaky ýene-de bir waka 1821-1823-nji ýyllarda Osman türkmen döwleti bilen alyp baran urşudyr. Bu uruşda Eýran goşunlary üstünlikli hereket edip, birnäce ýerleri basyp alsalar-da Fath Aly şa urşy togtadyp, 1823-nji ýylda ýurt üçin hiç-hili bähbit araman garşydaşy bilen şertnama baglaşýar. Onuň sebäbini Fath Aly şanyň Ruusiýa garşy täze urşa taýýarlanýandygy we şol sebäpli Osman türkmen döwleti bilen garşylyklary ýitileşdirmek islemändigi bilen düşündirmek mümkin.

1833-nji ýylda Fath Aly şanyň uly ogly mirasdüşer Abbas Mürze ýogalýar. 1834-nji ýylda Fath Aly şanyň özi hem aradan çykýar.