Fýodor Dostoýewskiý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Fýodor Dostoýewskiý

Wasiliý Perow tarapyndan ýazyjy Fýodor Dostoýewskiý portredi, 1872
Dogulan wagty we ýeriFýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý
Noýabr 11, 1821(1821-11-11)
Moskwa, Russiýa Imperiýasy
Aradan çykan wagty we ýeriFewral 9, 1881(1881-02-09) (59 ýaşyndady)
Sankt Petersburg, Russiýa Imperiýasy
Käriýazyjy, akyldar
DiliRusça
MilletiRus
Uçurym ýeriImperator Nikolaýyň adyny göterýän inženerçilik orta hünärmenlik mekdebi
Periýod1846–1881
ŽanrlaryRoman, kyssa, žurnalizm
Edebi hereketRealizm
Esasy eserleriHumarbaz
Jenaýat we jeza
Tentek
Arwahlar
Doganlar Karamazowlar
Zyndan hakda ýazgylar
Kemsidilenler we ýekirilenler

Garasöýmeziň ýazgylary
Ýetginjek
Ýanýoldaş(lar)yMariýa Dmitriýewna Isaýewa (1857–1864) Anna Grigorýewna Snitkina (1867–1881)
ÇagalarySofiýa (1868), Lýubow (1869—1926), Fýodor (1871–1922), Alekseý (1875—1878)


Goly

Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý (1821-1881)

Dünýä edebiýatynyň iň belli kyssaçylarynyň biri, beýik rus ýazyjysy we akyldary Fýodor Dostoýewskiý 1821-nji ýylda, Moskwada dünýä indi.

Ol 1837-nji ýylda Imperator Nikolaýyň adyny göterýän inženerçilik orta hünärmenlik mekdebine okuwa girip, ony 1844-nji ýylda tamamlaýar. 1843-nji ýylda Fýodor meşhur fransuz ýazyjysy O.Balzagyň «Ýewgeniýa Grande» romanyny terjime edýär. 1845-nji ýylda bolsa özüniň ilkinji eserini - «Garyp biçäreler» romanyny ýazyp gutarýar. Roman eýýäm çap edilmänkä rus edebiýatynyň iň meşhur tankytçysy W.Belinskiýniň öwgüsine mynasyp bolýar, şahyr N.Nekrasow bolsa 1846-njy ýylda eseri özüniň redaktirleýän «Peterburg ýygyndysy» almanahynda çap etdirýär. 1849-njy ýylda, «Ak gijeler» powestiniň çap edilmeginden biraz wagt geçeninden soň Dostoýewskiý syýasy sebäpler boýunça tussag edilýär we Omska sürgüne ýollanylýar. 1854-nji ýylda ol azat edilýär we harby gulluga çagyrylýar. 1859-njy ýylda ýazyjy gulluk borjyndan boşadylýar, şol ýylyň özünde hem «Stepançikowo obasy we onuň ýaşaýjylary» powestini çap etdirýär. 1861-nji ýylda ýazyjy dogany Mihail bilen birlikde «Wremýa» žurnalyny, ol ýapylanyndan soň «Epoha» žurnalyny çykarýarlar. Bu žurnallarda ýazyjynyň «Kemsidilenler we ýekirilenler» (1861), «Zyndan hakda ýazgylar» (1860-62), «Tomusky täsirler hakda gyşky bellikler» (1863), «Garasöýmeziň ýazgylary» (1864) ýaly meşhur eserleri çap edilýär. Emma 1865-nji ýylda «Epoha» ýapylýar. Ýazyjy agyr ýagdaýa düşýär, howlukmaçlyk bilen iň belli eserleriniň birini - «Jenaýat hem jeza» (1866) romanyny döredýär, «Humarbaz» (1866) romanyny bolsa 21 günde ýazyp ýetişmeli bolýar. Bu eserleri okyjylar örän gyzgyn garşylapdyrlar. Alan gazanjyna ýazyjy aýaly bilen Ýewropa syýahat edýär. Ol ýerden özüniň «Tentek» (1867) atly ajaýyp romanyny tamamlap getirýär.

Ömrüniň soňky sekiz ýylyny ýazyjy Staraýa Russa şäherinde ýaşaýar. Bu ýerde ol birnäçe ajaýyp eserleri döredýär. Olardan «Melgunlar» (1872), «Ýetginjek» (1875), «Doganlar Karamazowlar» (1880) romanlaryny, birnäçe powestdir hekaýalary we «Ýazyjynyň gündeligi» atly essedir hekaýalar ýygyndysyny agzaman geçip bolmaz.

Fýodor Dostoýewskiý 1881-nji ýylda aradan çykýar.