Erih Mariýa Remark

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Erih Mariýa Remark (1898-1970)

Erih Mariýa Remark (22. 06. 1898, Osnabrýuk – 25. 09. 1970 (72 ýaş), Likarno, Şwesariýa) – nemes ýazyjsy. Günbatardaky «Ýitirilen nesil» diýip atlandyrylan edebiýatyň görnükli wekili. Birinji jahan urşuna gatnaşyjy. Eserlerinde uruş ýowuzlyklary, 2-nji jahan urşy ýyllary we ondan soňky döwürdäki durmuşy, faşizmiň elhenç keşbini, ruhy taýdan ezilen, özüni jemgyýetden daşlaşan diýip duýýan kişileriň ykbaly suratlandyrylan: «Günbatar frontda hiç hili özgeriş ýok» (1929) eseri üçin gitlerçiler Remarky nemes raýatlygyndan mahrum edýärler. 1932-nji ýyldan emigrant bolup ýaşaýar. Uruşda ruhy taýdan şikeslenen nesliň gorkunç durmuşy «Gaýtmak» (1931) romanynyň esasy mazmunyny emele getirýär. «Üç dost» (1938), «Ýeňiş derwezesi», (1946), «Durmuş ýalyny» (1952), «Ölüm we ýaşaýyş döwri» (1954), «Gara heýkel» (1956), «Asman hiç hili söýgülini bilmeýär» (1961), «Lissabondaky gije» (1963), «Jennetdäki saýalar» (1971) we başga eserleriň ýazarydyr. Görnükli nemes ýazyjysy, Günbatardaky «Ýitirilen nesil» diýip atlandyrylan edebiýatyň beýik wekili Erih Mariýa Remarkyň iň meşhur eseri – «Üç dost» romany näçe nesiller üçin söýgüli hasaplanyldy. 70-ýyllarda Erih Mariýa Remarkyň edil şu we beýleki eserlerini ele salmak üçin kitaphonlar kitap dükanlaryna aýlap nobata durýardylar.

Sitatalar: - Kim saklamakçy bolsa – şol ýitirýär. Kim ýylgyryp goýbermekçi bolsa – şonuň özüni saklamaga çalyşýarlar. («Asman hiç hili söýgülini bilmeýär»). - Men gidemok, Klerfe. Ýöne kä wagt men ýok. («Asman hiç hili söýgülini bilmeýär»). - Hemme zat seniň özüňe bagly ahyryn, ähli zada nähili seredýändigiňe bagly. («Asman hiç hili söýgülini bilmeýär»). - Görgüli – bu mundan beýläk hiç zady islemeýän adam. («Jennetdäki saýalar»). - Aýaly hemmäniň göz öňünde çendenaşa öwýän erkek agzy suwly uly iti ýatladýar. («Jennetdäki saýalar»). - Goý biziň çagalarymyzyň baý ata-enesi bolsun! («Üç dost»). - Häzirki döwrüň ýaşlary nähili geň. Geçmişi ýigrenýäňiz, häzirki wagty kemsidýäňiz, a geljegiň size parhy ýok. Munuň gowy zadyň üstünden eltjegi gümana. («Üç dost»).