Mazmuna geçiň

Epgek we gurakçylyk

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Epgek we gurakçylygyň täsirine gözegçilik etmek howanyň gurak we yssy wagty (howanyň 10 güniň dowamynda degişli çyglylygy 30 % we ondan pes ýagdaýda) aýratyn hem topragyň çyglylygynyň az mukdarda bolan wagty (sürüm gatlagynda 10 mm az bolsa) geçirilýär. Ösümlikleriň sowuk alanyny görkezýän alamatlary: • ýapraklaryň saralmagy ýa-da goňralmagy şeýle-de gök ýagdaýda guramagy; • başlaryň saralmagy; • düwünçekleriň guramagy ýa-da ösüp barýan gülleriň, gunçalaryň, ýetişmedik, miweleriň dökülmegi; • mekgejöweniň golçuryndaky gulpagynyň guramagy.

Ösümlikleriň zaýalanmagynyň alamatlary: gündizine ýapraklaryň süllermegi, ösümligiň umumy myssarmagy. Epgek we toprakda çyglylygyň ýetmezçiligi, entek doly bişmedik dänäni guratmagy ähtimal, öri meýdanlarda ösüp barýan otlary öz wagtyndan ir guradýar. Toprakda çyglylygyň ýetmezçiligi yssy howada, gurakçylykda we epgekde ösümlik ösmegini togtadýar, ösümlik süllerýär, (gije-de galmaýar) saralýar we guraýar.

Doly, çagbaly ýagyş, güýçli ýel, tozanly ýel we başga hadysalar. Doly-dolynyň howply ýagdaýy onuň diametri 20 mm we ondan ýokary bolsa; (ortaça dolynyň diametri 10 mm bolsa iri doly hasaplanýar). Çagbaly ýagyş-ýagyşyň ýagmagynyň tizligi sagatda 20 mm az bolsa (ýa-da az döwrüň içinde). Ýagan ýagyşyň möçberi ýagşyň ýagan wagtynda kesgitlenýär. Güýçli ýel-orta tizlikdäki ýel ýa-da öwüsgini 25 m/s we ondan köp bolsa güýçli ýel hasaplanýar. Ösümlige zyýan ýetiren ýeliň iň ýokary tizligi bellenilýär. Tozanly ýel- tozanly howanyň bolmagy ýeliň tizliginiň sekuntda 12 metre ýetse we ondan ýokary bolsa, onuň dowamlylygy 12 sagatdan geçse tozanly ýel hasaplanýar. Tozanly ýeliň gözýetimi 50 metr ýa-da az bolsa demir ýoluň we gara ýoluň hereketi togtadylýar. Amatsyz howa şertleriň ösümliklere zyýan ýetiren derejesini bellemek, aşaky ýagdaýlarda: 1) kökleriň dökülmegi; 2) ýapraklar düşende, baldaklar, şahalar, çybyklar, agaçlar döwlende we ýykylanda; 3) gül-täji, gül, gunça, miwe elementleri, ýetişmedik miweler, ýetişen miweler dökülende; 4) başdaky däneler dökülende we öte ýagyş sebäpli başdaky däne gögerende; 5) ekin meýdan suw akymy ýa-da sil suw bilen ýuwlanda; 6) ekin meýdany güýçli ýel sebäpli zaýalananda-kökler açylanda, däneleriň baldak çogdumy ýalaňaçlananda, gowşak kökler, ösümlikler doly zyňylanda; 7) güýçli çagbaly ýagyş ýa-da toprakda çyglylyk artykmaç bolmagy sebäpli ösümlikleriň käbir bedenleri (ýapraklary, baldaklary) saralyp başlanda; 8) ösümlikler ýel getiren toprak bilen gömülende; 9) ýagyş we sil suwunyň getiren gyrmançasy bilen ekinler basylanda; 10) meýdany suw basanda; 11) ýagyş we ümür sebäpli tozanlama erbet geçende; 12) ýagyşdan soň üzümiň salkym däneleriniň jaýrylmagy.