Ebul Fawaris Berrany

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABUL FAWARIS BERRANY- 11. asyrda Orta Aziýadaky oguz taýpalarynyň berrany dinastiýasynyň wekili. Ol ýaşlygynda Gylyç Arslan lakamyny göteripdir, emma orta asyr çeşmelerinde Şamälik Jent ady bilen belli bolupdyr. Ol öz atasy Alyhan tarapyndan Syrderýanyň aşak akymyndaky oguz taýpalaryna häkim edilip bellenilýär. Onuň eden-etdiligi we sütemi zerarly oguzlar gozgalaň turuzýarlar, ýöne ol gozgalaň basylyp ýatyrylýar. 11. asyryň 30. ýyllarynda ol içki duşmaçylyklardan peýdalanyp, Horezmi basyp alýar. Emma 1043 ýylda Horezm Horasanyň seljuklary tarapyndan basylyp alynýar. Ol Kermana we Mekrana gaçýar, ol ýerde bolsa ony ele salýarlar we öldürýärler.