Ebu Seýidiň mawzoleýi
Appearance
Abu Seýidiň Mawzoleýi - Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşen ýadygärlik. Oňa türkmenler Mäne baba diýýärler. Ruhany Abu Seýidiň mazarynyň üstünden seljuk soltanlary tarapyndan gurdurylan bina 11-nji asyra degişlidir. Mawzoleý dörtgyraňly we gümmezli, berk hem haşamly salnypdyr. Abu Seýidiň mawzoleýi 14-nji asyryň 1-nji ýarymynda restawrasiýa edilipdir. Onuň diwarlarynyň iç ýüzi owadan nagyşlar bilen bezelipdir.