Ebu Mansur Yspyhany

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABU MANSUR ISPYHANY ( Abu Mansur al-Hüseýin ibn Tahyr ibn Zeýti, al-Ispyhany, takmynan 1055-57 ýyllarda aradan çykan) - saz we matematika ylmy boýunça Abu Aly ibn Sinanyň şägirdi. Ol ibn Sinanyň "Haý ibn Ýakzan" ("Oýanyň ogly Diri") eserine düşündiriş beren, "Şypa" atly işiniň esasy mazmunyny saklap, onuň gysgaça beýanyny ýazan alymdar. Onuň özüniň-de saza, matematika degişli eserleri bar.