Ebu Bekir es-Suly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABU BEKIR AS-SULY ( Abu Bekir ibn Muhammet as-Suly aş-Şatranjy; 946 ýylynda aradan çykan) - arap şahyry, alym, küştçi. Ol arap dilinde ýazan-da bolsa, gelip çykyşy boýunça türkmen. Atasy Suly han 8 asyrda Gürgen häkimi bolup, arap basybalyjylaryna güýçli garşylyk görkezen serdardyr. Onuň goşgularyndan başga edebiýata, taryha degişli "Edebul kuttab", "Ahbar Abi Temmam", "Kitabul awrak fi ahbarul Abbas we aşaryhi we ahbar uhtyhi Ulaýýa", "Kitab aşar Abdyllah ibn al-Muatazz we ahbaryhi" ýaly birnäçe eserleri bar. Ol küştde bütin araplary baglapdyr. Onuň käbir täsin göçümlerini "as-Sulynyň göçümi" ady bilen häzirki küştçüler-de käwagt peýdalanýarlar.


Chess zhor 26.png
Chess zver 26.png
a8 b8 c8 d8 e8 f8 g8 h8
a7 b7 c7 d7 e7 f7 g7 h7
a6 b6 c6 d6 e6 f6 g6 h6
a5 b5 c5 d5 e5 f5 g5 h5
a4 b4 c4 d4 e4 f4 g4 h4
a3 b3 c3 d3 e3 f3 g3 h3
a2 b2 c2 d2 e2 f2 g2 h2
a1 b1 c1 d1 e1 f1 g1 h1
Chess zver 26.png
Chess zhor 26.png
Aklar göçýär, Aklar utýar