Eýranyň daşary ykdysady aragatnaşyklary
Daşary ykdysady aragatnaşyklary.
Eýranyň daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklarynda hem nebitiň ähmiýeti ýokarydyr. Daşary ykdysady aragatnaşyklarynda Eýran öz nebitini satyn alýan ýurtlara esasy artykmaçlyk berýär. Olara satyn alan nebitiniň bahasynyň 50%-ti möçberindäki harytlary Eýrana eksport etmäge ygtyýar edilýär. Ýaponiýa EYR-yň esasy söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Ol Eýrana polat, awtoulag, dokma önümlerini, stanoklary we enjamlary iberýär. 80-nji ýyllaryň ahyrynda Eýranda daşary ýurtlaryň kömegi bilen gurlan 30 binanyň 16-sy ýaponlaryň paýyna düşýär. Awstraliýa Eýrana oba hojalyk harytlaryny eksport edijidir. Bender-Abbasda ispanlaryň gatnaşmagynda gämi zawody guruldy. Italiýa Kengan-Gazwin aralygyndaky gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşdy. Russiýa hem Eýranyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Asyryň ahyrynda rus hünärmenleri Buşir şäherinde atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnaşdylar.
Eýranyň teklibi bilen 1985-nji ýylda sebitara hyzmatdaşlygynyň guramasy bolan EKO-nyň işi (Eýran, Turkiýe, Päkistan) gaýtadan janlandyryldy.
Geljekde Eýran haýsy ýol bilen ösmeli? Onuň geljegi nähili bolar? Homeýniniň wesýetlerine wepalylygyna galýan ýurduň dolandyryjy toparlarynyň ählisi Eýranyň geljegini yslamyň ýaşyl baýdagynyň astynda göz öňüne getirýärler. Eýrandaky ruhany dolandyryjylar ýurduň ösüş ýoly meselesinde iki topara bölünýärler:
1. Homeýniniň ýolunda özgerdişleriň tarapdarlary.
2. Homeýniniň ýoluny hiç hili üýtgewsiz tutmagyň tarapdarlary.
Ikinji ganatyň wekilleri EYR-yň Homeýniniň ýaşan wagty ornaşdyrylan düzgünlerini hiç hili üýtgedilmesiz saklap galdyrmagyň tarapyny tutýardy. Olaryň pikiriçe ykdysadyýet berk merkezleşdirilen ulgamlygyna galmaly, senagat pudagynda hususy maýany çäklendirmeli. Daşary gatnaşyklarda dünýä ýurtlaryndan üzňelik meýlinden ýüz öwürmeli däl. Jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyň ähli taraplaryny yslamlaşdyrmaly.
Özgerdişler ýolunyň tarapdarlary bolsa bu zatlary üýtgewsiz galdyrmagyň jemgyýeti durgunlylyga eltjekdigine düşünýärler. Ýurdy dartgynlylykdan çykarmak üçin döwlet pudagynyň kärhanalarynyň aglabasyny hususylaşdyryp, hususy maýa git ýol arçamagy, daşary dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmagy, dünýäde Eýrana bolan hoşmeýilli garaýşy döretmek üçin yslam çäklendirmeleri azaltmagy teklip edýärler.
Haşemi Rafsanjany ikinji ugruň ykrar edilen öňbaşçysydyr. Ol özakymlaýyn bazar gatnaşyklaryny yslam däpleri bilen utgaşdyrmaga aýgytly synanyşyk etdi. Onuň tarapdarlarynyň işläp düzen ykdysadyýeti aramlaşdyrmak baradaky çäreleri ýurdy dartgynlylykdan çykarmaga belli bir dereje ýardam etdi. Soňky döwürde umumy milli önümiň artyşy 10%den geçýär. 1989-njy ýyldan başlap ýurt uzak möhletleýin maksatnamalar boýunça ösdürilip başlandy. Halk hojalygyny ösdürmegiň birinji birinji bäşýyllyk maksatnamasy 1989-1994-njy ýyllary öz içine aldy. Bu döwürde puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi kemeldi. Önümçiligiň pese gaçmagynyň öňi alyndy. Rafsanjany döwlet pudagyna garanda has köp girdeji getirýän hususy pudaga has giň erkinlik bermäge çalyşdy. 1992-nji ýylda 460 sany döwlet kärhanasyny satmak bellenildi. Bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy 1990-njy ýylda döwlet pudagynda 14% ösüş gazanmaga mümkinçilik berdi.
Erkin ykdysady zonalar Eýranyň durmuşynda täze ädimdir. 90-njy ýyllaryň başynda Pars aýlagyndaky Kiş we Keşm adalarynda şeýle zonalaryň düýbi tutuldy. Bu sebitler Eýranyň beýleki ýerleri bilen deňeşdirende tiz ösdi.
Nebit hakda agzamazdan, Eýran ykdysadyýetiniň hakyky keşbini açyp görkezmek mümkin däl. Nebit ýurduň walýuta girdejisiniň 95%-tini üpjün edýär. Eýranyň nebit gorlary 90,5mlrd barrele (nebitiň halkara ölçeg birligi - 1 barrel 159 litre deň). Eýran nebit satýan döwletleriň guramasynyň (OPEK) esasy agzalarynyň biridir.