Eýrandaky 1905-1911-nji ýyllaryň wakalary
Eýrandaky 1905-1911-nji ýyllaryň wakalary.
XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Eýran Beýik Britaniýanyň we Russiýa patyşalygynyň ýarym baknasyna öwrüldi. 1872-nji ýylda şa iňlis barony Reýteriň telegraf gullugyna Eýranda ýollary, suwaryş desgalaryny, fabrikleri gurmaga, mineral we tokaý baýlyklaryny özleşdirmäge 70 ýyllyk ygtyýarnama beripdi. Eýran maliýe taýdanam daşary ýurt maýasynyň täsirine düşüpdi. Nasreddin şa üç gezek Ýewropa syýahat edip gelenden soňra döwlet häkimýetini ýewropa nusgasynda döwrebaplaşdyrmaga synanyşdy. Köşkde ýewropaly maslahatçylar köpeldi. Goşun awsriýaly, german, fransuz, italýan harby gözükdirijileriniň garamagyna berildi.
Ýurtda temmäki önümçiliginiň Talbotanyň iňlis kompaniýasynyň ygtyýaryna berilmegi ýurtda daşary ýurtlulara garşy tolgunyşygyň güýçlenmegine sebäp boldy. 1891-nji ýyldaky tolgunyşykda gozgalaňçylar “Eý, musulmanlar! Temmäki öndürmek elimizden gitdi. Karun derýasy elimizden gitdi. Gant önümçiligi, Ahwaz ýoly elimizden gitdi. Bank geldi, tramwaý geldi. Ýurt daşary ýurtlaryň eline geçdi. Şa biziň bähbitlerimize seredenok. Geliň, ähli zady öz elimize alalyň!„ diýip köpçülige ýüzlenipdirler.
XX asyryň başynda Eýranyň Beýik Britaniýa we Russiýa patyşalygy tarapyndan ýarym baknalykdan doly baknalyga öwrülmek howpy döredi. 1905-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Tähranda dowam edýän düzgüne garşy närazylyk bildiren täjirleriň tussag edilmegi gozgalaňyň başlanmagyna bahana boldy. Aýaga galan ruhanylar öz närazylygyny bildirip, metjitlerden çykman oturdylar (best). Olar baş weziriň wezipesinden boşadylmagyny, käbir emeldarlaryň tussag edilmegini talap etdiler.
Halk hereketinden gorkan Muzaffareddin şa Tähranyň we Kermanyň häkimlerini wezipesinden aýyrdy. Halkyň talaplaryny diňlär ýaly “Adalat öýlerini, açmaga söz berdi. Şanyň wada beren zatlaryny yza çekdirmegi närazylygyň gaýtadan güýçlenmegine getirdi. Gozfalaň tutuş Eýrany gurşap aldy. Şanyň Muşir ed-Döwläni hökümetiň baştutanlygyna bellemegi, mejlise saýlawlar barada buýruga gol çekmegi ýagdaýyň birneme kadalaşmagyna sebäp boldy.
Mejlisiň çagyrylmagy hem-de “Esasy kanunyň„ kabul edilmegi gozgalaňçylaryň ilkinji üstünligidi. “Esasy kanun” ýurtda döwlet gurluşynyň meselelerini doly düzgünleşdirmeýärdi. Täze şa Muhammet Aly halk köpçüliginiň zor salmagy astynda 1907-nji ýylyň oktýabrynda bu kanuna “Goşmaçany” tassyklamaga mejbur boldy. Konstitusiýa laýyklykda şanyň häkimiýeti mejlis tarapyndan çäklendirildi. Ýerli dolandyryş guramalary-enjumenler döredildi.
1908-nji ýylyň 22-nji iýulynda şa gozgalaňçylara garşy aýgytly hüjüme geçdi. Mejlis we enjumenler ýatyryldy. Halk hereketiniň merkezi Töwrize geçdi. Gozgalaňçylar 1909-njy ýylda Gilýany, Yspyhany, Buşiri, Bender-Abbasy eýelediler. 13-nji iýulda Tähran eýelendi. Muhammet Aly tagtdan agdarylyp, ýerine 14 ýaşly ogly Ahmet şa boldy. Ýene-de mejlis çagyryldy, konstitusiýa dikeldildi. Emma ikinji mejlis öňküsi ýaly ähmiýetli bolmady.
Eýrandaky gozgalaňlary şa ýatyryp bilmänden soňra, 1911-nji ýylyň güýzünde Beýik Britaniýa we Russiýa Eýrana goşun saldy. Eýranyň demirgazygynda Russiýa, günortasynda bolsa Beýik Britaniýa gozgalaňlary basyp ýatyrdy.
Merkezi Aziýadaky Buhara we Hywa hanlyklarynda milli azat edijilik hereketleri güýçlendi (Türkmenistanyň taryhyndan Hywa we Buhara hanlyklaryndaky türkmenleriň göreşini ýadyňyza salyň!)