Mazmuna geçiň

Domalan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Terfeziýalar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanda köp görnüşli urugyň bir görnüşiniň populýasiýasy gabat gelýär. Ýaýrawynyň demirgazyk çäginde ýerleşýär. Iýilýän kömelek. Ösdürip ýetişdirmek we seçgi işlerini geçirmek üçin uly ähmiýeti bar. Gysgaça beýany. Miwesi etlek, bedeni kartoşka şekilinde, ilki başda açyk, ýetişenden soň ýapylýar. Hoz bilen kartoşka aralygyndaky ululykda bolýar. Miwe bedeniniň daşy derijimek we ýylmanak örtükli. Kömelegiň etlek dokumasynyň içi mermer daşyna çalymdaş agymtyl-garamtyl zolaklardan we çylgymlardan ybarat. Ýaýraýşy. Sarahsdan Etrege çenli Köpetdagyň etegi we dag etek düzükleri, Sumbar we Hojagala jülgeleri. Türkmenistandan daşarda — Merkezi Aziýanyň günortasy, Eýran, Kiçi Aziýa, Ural, Kawkaz, Arabystan, Fransiýa, Italiýa, Demirgazyk Amerika. Bitýän ýerleri. Garaýylak-gyrtyç-efemer– iri otly ýa-da efemer-garaýylak-gyrtyçýowşan ösümlik toplumly toýunsow we çägesöw topraklar. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ygally ýyllar köp gabat gelýär: 2002‑nji ýylda Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda 20 m² meýdanda 5‑e çenli kömelek (şol bir meýdanda öz möwsüminde her gün 1‑den 5‑e çenli) bellendi. Howdan ýolunyň ugrunda 1 sagadyň dowamynda 10–15 sanysy ýygnaldy. Ýyl-ýyldan ýaýrawy daralýar. Esasy çäklendiriji sebäpler. Dag eteklerinde we dag etek düzlüklerinde alnyp barylýan hojalyk işleriniň geriminiň artmagy; köpçülikleýin we gözegçiliksiz ýygnalmagy; gyş we ýaz pasyllarynda yssy we gurak howa zerarly topragyň çyglylygynyň peselmegi Biologiýasynyň aýratynlyklary. Diňe ýazyna ygal bol ýagýan ýyllarda (her on ýylda 1–2 gezek) köpçülikleýin duşýan, ösüşiniň dowamlylygy örän gysga efemeroid häsiýetli kömelek. Birýyllyk ösümlik bolan domalan otunyň (Helianthemum salicifolium (L.) Mill.) bitýän ýerlerinde ösýär (onuň bilen mikorizany emele getirýän bolmagy hem ähtimal). Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Bitýän ýerleriniň çäklerini anyklamaly we ol ýerlerde gorag düzgünlerini berk berjaý etmeli. Duş gelýän ýerlerinde (dag eteklerinde) alnyp barylýan hojalyk işlerini çäklendirmeli. Gözegçiliksiz ýygnalmagynyň öňüni almaly, ilat arasynda düşündiriş işlerini ýaýbaňlandyrmaly. Barlaglar boýunça teklipler. Biologiki we ekologiki aýratynlyklaryny düýpli öwrenmeli. Täze bitýän ýerlerini ýüze çykarmaly. Domalanoty bilen mikoriza emele getirmek mümkinçiliklerini anyklamaly. Ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny işläp düzmeli. Düzüjiler: I. P. Frolow, B. R. Imamgulyýew