Dessanlar
Dessan-şygyr bilen kyssanyň garyşyk getirilmeginden düzülen epiki eserdir.
Dessan we dessançylyk türkmen edebiýatyna, halk döredijiligine mahsus janrlaryň biridir. Dessanyň sýujeti, esasan, halk rowaýatlaryndan, ertekilerinden alynýar.
Dessanlar özleriniň häsiýetleri, temasy, ideýa-mazmuny boýunça dürli-dürli bolýar. Türkmen edebiýatynda "Görogly" eposy, "Ýusup-Ahmet", "Aly beg-Baly beg", "Döwletýar" ýaly dessanlar gahrymançylykly dessanlara, "Leýli-Mejnun", "Zöhre-Tahyr", "Şasenem-Garyp" ýaly eserler yşky-liriki dessanlara, "Nejeboglan" bagşylaryň durmuşyndan ýazylan dessana, "Seýpelmelek-Methaljemal", "Gül-Bilbil", "Gül-Senuber" ýaly dessanlar fantastik dessanlara degiş-lidir.
Dessanlar halk arasynda uly höwes bilen diňlenipdir. Dessany boýdan başa ýerine ýetirýän bagşy-sazandalara dessançylar diýlip-dir.
Dessanlar türkmen bagşylarynyň esasy repertuar çeşmesidir. Dessançy bagşylaryň hataryna türkmeniň belli bagşy-sazandalary Pälwan bagşynyň, Nazar Baganyň, Magtymguly Garlyewiň, Öwülýägulydyr Palta bagşynyň atlaryny tutmak bolar. "Görogly" eposynyň 1941-ýyldaky neşiri Pälwan bagşynyň, "Hüýrlükge-Hemra" dessany bolsa Nazar Baganyň dilinden ýazylyp alyndy.