Mazmuna geçiň

Dermanlyk skrebnisa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

DERMANLYK SKREBNISA Aspleniumlar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi II (EN). Ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Derman we bezeg ösümligi. Gysgaça beýany. Boýy 5–15 sm bolan köpýyllyk ösümlik. Porrugy gysga. Ýapraklary gysga sapakly, gaýyş şekilli, ujy çowly, bir gezek ýelek şekilli bölünen, süýri-togalak, ýapraklarynyň aşagy üçburç, goňur, teňňe şekilli perdeler bilen örtülen. Ýaýraýşy. Merkezi (Hunça, Gurtsuwy, Giňdiwar, Gökdere, Duşak, Arwaz), Günorta- Günbatar (Aýydere, Tutly, Şuşanga) Köpetdag, Serdar şäheriniň töwerekleri, Uly Balkan (Nazarykerem jülgesi). Türkmenistandan daşarda — Özbegistan, Tajigistan, Krym, Kawkaz, Ýewropa, Ortaýerdeňiz ýurtlary, Gimalaý daglary. Bitýän ýerleri. Arçalaryň toplumlary, yzgarly ýerler, gaýalaryň jaýryklary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Sany azalýar. 2009‑njy ýylda Bars jülgesinde (Gökdere) geçirilen barlaglaryň netijesinde 7–10 sanysy tapyldy. Esasy çäklendiriji sebäpler. Mallaryň çendenaşa bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Sporalar arkaly köpelýär. Ösüşi aprel — iýul aýlarynda dowam edýär. Iýun — iýul aýlarynda sporalary ýetişýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Ýaýrawynyň bir bölegi Sünt-Hazardag we Köpetdag döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Populýasiýalarynyň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamaly. Barlaglar boýunça teklipler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagyna getirip, ekmeli. Görnüşiň täze duşýan ýerlerini gözlemeli, biologiýasyny we ekologiýasyny öwrenmeli. Düzüjiler: O. Ý.Rahmanowa, J. Gurbanow