Demirgazyk Ỳewropa ýurtlary 1918-1939-njy ýyllar aralygynda
Demirgazyk Ỳewropa ýurtlary 1918-1939-njy ýyllar aralygynda.
MEỲILNAMA
1. Demirgazyk Ỳewropa ýurtlary I-nji Jahan urşy we ondan soñky döwürde.
2. Skandinaw ýurtlary dünýä ykdysady çökgünligi ýyllarynda.
3. XX-asyryñ 30-njy ýyllarynda Demirgazyk Ỳewropa ýurtlarynyñ syýasy we ykdysady durmuşy.
Demirgazyk Ỳewropa ýurtlarynyñ daşary syýasaty, şol döwürdäki halkara gatnaşyklarynyñ 2 ýagdaýy bilen kesgitlenýärdi.
1-si dünýäniñ beýik döwletleriniñ Jahan urşuna has düýpli taýarlanmagy.
2-si Demirgazyk Ỳewropa ýurtlarynyñ toparlara goşulmak meselesinde dürli garaýyşlaryñ emele gelmegi, sebäbi olaryñ birnäçesi Yewropa hat-da dünýä dawalarynda-da bitaraplyk derejesinden peýdalanýardy. Häli 1 Jahan urşy başlanmanka Daniýa we Şwesiýa Germaniýa tarapyndan güýçli basyşa duçar edilipdi. Daniýa bilen Germaniýanyñ arasynda baglaşylan ylalaşyk boýunça Daniýa öz bitaraplygyny saklamagy borç edinýärdi, sonuñ üçin Germaniýa 5 müñ daniýaly raýatlara ýagny Daniýañ elinde alnan Şlýozwigiñ adamlaryna german raýatlygyny bermäge borç edinýärdi.
Şwesiýa öz gezeginde Germaniýa bilen ýakynlaşyp öz harby taýarlygyny güýçlendirýändir, şwed hökümeti Russiýanyñ howpundan goranmaklygy esas edinipdi.
Norwegiýa bolsa Angliýanyñ tebigy ýarany hökmünde çykyş edýärdi, sebäbi bu 2 ýurduñ ykdysady hyzmatdaşlygy has güýçlidi, şeýle hem Beýik Britaniýa “deñizleriñ eýesi” hökmünde-de häli saklanyp galýardy.
Islandiýa we Finlýandiýa bolsa Daniýa we Orsýediñ düzümine giren soñ, şolaryñ syýasatyny goldamaly bolýardy.
Birinji Jahan urşy başlanan wagty ähli Skandinaw ýurtlary özüniñ bitaraplygyny yglan etdi. Şeýle bolsada uruş ýyllarynda Şwesiýa bilen Daniýa Germaniýany goldady, Norwegiýa bolsa Angliýany.
Uruş ýyllarynda Skandinaw ýurtlarynyñ bitaraplygy olaryñ ykdysadyýetiniñ ösmegi üçin amatly boldy. Urşuñ ikinji ýyllarynda ol ýurtlara uruşýan döwletleriñ uly möçberdäki buýurmalary gelip başlady, bu bolsa önümçiligi giñeltmäge mümkinçilik berdi. Mysal üçin: 1916-ýylda Şwesiýada 935 kärhana işleýärdi. (1912-ýylda, 560 sany). Ýa-da 1914 ýylda Şwesiýa Germaniýa senagat çig malyny, Daniýa azyk önümlerini, Norwegiýa bolsa demir-magdany we balygy Germaniýa satýardy. Angliýa skandinaw harytlarynyñ Germaniýa çykarylmagyny bes etmek boýunça birnäçe çäreler gördi.
Netijede urşuñ ahyrynda Skandinaw ýurtlary doly derejede Antanta bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Bu sebt üçin Pariž parahatçylyk maslahatynyñ kararlary hem ähmiýetli boldy: Daniýa Şlýozwigi gaýtaryp aldy, ol 1866-nji ýylda Daniýa-Prussiýa-Awstriýa urşy netijesinde alnypdy.
Islandiýa dolandyryş özygtyýarlygyny aldy. 1919-ýylda respublika diýip yglan edilen Finlýandiýa Şwesiýadan Aland adalarynyñ gaýtarylyp berilmegini gazandy.
Umuman, 1-nji Jahan urşy Skandinaw ýurtlarynyñ ykdysady ýagdaýyny pugtalandyrdy. Iki Jahan urşy aralagynda Skandinawiýa özüniñ ykdysadyýetini we syýasy durmuşyny has kämilleşdirdi.
Daniýa, Şwesiýa ýaly ýurtlarda täze gatnaşyklaryñ döwlet-eýeçiligi görnüşi emele gelip başlaýar, ýagny döwletiñ ykdysadyýete aralaşmagy.
Demirgazyk Ỳewropa ýurtlarynda ykdysadyýeti ulgamy kadalaşdyrmakda ilatyñ iş bilen üpjünçiligi, salgyt ulgamynyñ demokratlaşdyrylmagy, durmuşyñ umumy derejesini goldamak, pensiýa, ilatyñ saglyk, durmuş ätiýaçlygy, ilatyñ bilim derejesi möhüm ähmiýete eýedi.
Şol ýurtlaryñ hökümetleri zähmet jedelleriniñ öñüni almak, telekeçiler bilen kärdeşler arkalaşyklarynyñ arasyny kadalaşdyrylmagy giñ hem-de berk häsiýetde-di, kähalatda ol kärhanalaryñ 1 böleginiñ millileşdirilmegi (döwletiñ ygtyýaryna geçmegi) bilen gutarýardy. Bularyñ ählisi Skandinaw ýurtlarynyñ köpüsiniñ dünýä ykdysady çökgünligini agrysyz (ýeñil) geçirmäge mümkinçilik berdi.
Norwegiýanyñ we Finlandiýanyñ syýasy ösüşinde aýratynlyk bardy. Bu 2-özbaşdak ýurtda, ykdysady kynçylyklar bilen 1 hatarda milli mesele aýratyn orundady. Norwegiýa we Finlýandiýada ilatyñ añyny syýasatlaşdyrmak, durmuş kynçylyklary, üzül-kesil özgerişler ugrundaky toparlaryñ, partiýalaryñ işeññirleşmegi syýasy durmuşyny has kynlaşdyrýardy. Dünýä ykdysady çökgünligi Norwegiýa we Finlandiýa has täsir etdi. Mysal üçin: Norwegiýada 1932-nji ýylda 1930-njy ýyl bilen deñeşdirilende senagat önümçiligi 32%, daşary söwda 37-40% azaldy, ýurduñ 47 sany iri banklary dargady. Şeýle hem ýurduñ oba,tokaý we balyk hojalyklaryna uly zyýan ýetirildi. Çökgünlikden Norwegiýa 1935 ý çykdy. XX asyryñ 30-njy ýyllarynda Norwegiýanyñ durmuş-ykdysady ösüşi duýulyp başlandy. Halkara gatnaşyklarynda ýaraglanyşygyñ haýdadylmagy norweg önümlerine, esasan reñkli demire, himiýa önümlerine islegi artdyrdy.
30-njy ýyllaryñ 2-nji ýarymynda Norwegiýa özüniñ daşary syýasatynda goşulmazlyk ugruny kesgitleýär. 1938 ýylyñ Gurbansoltan aýynda Osloda Skandinaw ýurtlarynyñ wekilleriniñ maslahatynda faşistik döwletleriñ garşysyna çykyş etmekden el çekdi.
1928-nji ýylyñ ahyrynda Finlýandiýany ykdysady çökgünlik gurşap aldy, onuñ esasy sebäbi hem finn ykdysadyýetiniñ daşary yurt kapitalyna baglylygy, hem-de ýurduñ ykdysady ukyplylygynyñ gowşaklygydy. Tokaý önümlerini gaýtadan işleýän senagat, oba-hojalygy dünýä bazaryndaky talaby ödemedi. Senagat önümçiligiñ umumy möçberi 1928 ýylda 13,7 mlrd marka bolan bolsa 1932-nji ýylda 9,5 mlrd boldy. Kärhanalaryñ sany 1928-de 4021 bolan bolsa 1932-de 3527 boldy.
XX-nji asyryñ 30-njy ýyllarynyñ 2-nji ýarymynda Finleriñ ykdysady we syýasy durmuşy janlanyp başlady. Esasan hem daşary söwdadan gelýän peýdanyñ hasabynaýurduñ altyn zapasyna (gyzyl) zapasy 3 gezek artdy.
Ýurduñ syýasy durmuşynda bu döwürde hökümetiñ başynda esasan sosial-demokratlaryñ wekilleri durdular. Olaryñ geçiren çäreleri esasan hem ýurduñ goranyjylyk ukyplygyny berkitmekdi, sebäbi uruş howpy abanyp gelýärdi.
Umuman ikinji jahan urşunyñ öñisyrasynda Demirgazyk Ỳewropa ýurtlarynyñ durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýy durnuksyzdy. Olaryñ aglaba bölegi Ỳewropada dörän we özüniñ hökümrowanlygyny dikeltmek ugrunda göreş alyp barýan Germaniýa, Italiýa ýaly ýurtlary goldap çykyş edýärdi.