Mazmuna geçiň

Deňiz Liliýalary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Deňiz Liliýalary
,
Taxon name Crinoidea
Taxon rank class
Parent taxon Crinozoa
Taxon common name sjøliljer
Described by source Ottův slovník naučný, New Encyclopedic Dictionary, Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, Small Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, Great Soviet Encyclopedia (1926–1947), Meyers Konversations-Lexikon, 4th edition (1885–1890)
Different from Liliales
Commons category Crinoidea
Topic's main category Category:Crinoidea
Crinoidea

Deňiz liliýalary (Crinoidea)— Deňiz liliýalary ölüp gutaryp barýarlar. Olar deňizlerde oturyp ýa-da ösüş döwrüniň haýsy bolsa-da bir wagtynda ýa-da onuň bütin dowamynda oturyp ýaşaýarlar. Liliýalar substrata aboral taraplary bilen, bu merkezden ösüp çykýan baldagyň kömegi bilen berkleşip oturýarlar. Emma häzirki zaman liliýalardan Heliometra glacialis –iň baldagy bolmaýar. Deňiz liliýalarynyň bedeni okarajyk ýaly bolup, ondan ýokarlygyna bäş sany eller uzalyp gidýärler. Eller şahalanyp hem bilýärler. birleşen Baldaklar hekden emele gelen we myşsalaryň kömegi bilen bogunlardan durýarlar. Olaryň kä birlerinde hereketli murtjagazlar bolýarlar. Murtlaryň şu aşakda ýerleşýänleri substrata ýapyşyp durmagy amala aşyrýarlar. Liliýanyň okarajygynyň aboral tarapy plastinka bilen örtülen. Olarda ambulakral şupalseler hem bolýarlar. Iýmitleniş sistemasy oral tarapda ýerleşen agyzdan başlanýar we oral tarapda interradiusda ýerleşýän anal deşiginde gutarýar. Liliýalar ownuk plankton organizmler bilen iýmitlenýärler. Şupalseler duýuş we dem alyş wezipelerini ýerine ýetirýärler. Liliýanyň okarajygynyň üstünde ýüzlerçe deşijekler bolup, olaryň üsti bilen beden içine suw girip durýar. Nerw sistemasy üç sany aýry-aýry oral (ektonewral), giponewral we aboral (endonewral) bölümlerinden durýar. Deňiz liliýalarynda ýörüteleşdirilen duýuş organlary, aýratyn dem alyş we bölüp çykaryş sistemalary bolmaýar. Gan aýlanyş organy bar. Deňiz liliýalary aýry-aýry jynslydyrlar.