Mazmuna geçiň

Deňiz ýyldyzy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Deňiz ýyldyzy
Taxon name Asteroidea
Taxon rank class
Parent taxon Asterozoa
Taxon common name Zeesterren, estrela do mar, estrela-do-mar, sjøstjerner, morska zvezda, étoile de mer
Described by source Ottův slovník naučný, Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, New Encyclopedic Dictionary, Meyers Konversations-Lexikon, 4th edition (1885–1890), Great Soviet Encyclopedia (1926–1947), Encyclopædia Britannica 11th edition, The New Student's Reference Work
Taxon author citation de Blainville, 1830
Exact match http://wordnet-rdf.princeton.edu/wn30/02317335-n
Commons gallery Starfish
Commons category Asteroidea
Topic's main category Category:Asteroidea, Category:Gallery pages about starfish
Asteroidea

Deňiz ýyldyzlary duzlylygy 3%-den aşakda bolan suwlarda, dürli çuňluklarda we kenar ýakalarynda ýaşaýarlar. Olaryň uzynlygy, ýagny bir şöhlesiniň ujyndan onuň garşysynda ýerleşýän şöhläniň ujuna çenli 70 sm-e çenli bolup bilýär. Deňiz ýyldyzlary ýasy bolup, olaryň görnüşlerine laýyklykda bäş şöhleli (elli), alty elli, dokuz elli, onbir elli, onüç elli hat-da otuz elli hem bolýar. Mysal üçin: Asterias rubens bäş elli, Hexaster alty elli, Papposus onüç elli, Brissingidae otuz elli bolýarlar. Deňiz ýyldyzynyň diskşekilli merkezinden eliň ujuna gidýän çyzyga radius ýa-da radial çyzyk diýilýär, orta diskden iki eliň birleşýän nokadyna çenli bolan çyzyga ineterradius ýa-da interradikal çyzyk diýilýär. Deňiz ýyldylarynyň diskiniň aşak tarapynda agyz, ýagny oral tarap, onuň arka (ýokary, gapma-garşy) tarapynda bolsa anal deşik, aboral tarap ýerleşýär. Ýyldyzlar agzyny aşak edip, ambulakral ösüntgileriň, aýaklaryň kömegi bilen ýöreýärler. Ýyldyzlaryň bedeni kirpikler bilen örtülen, epiteliýa bilen gaplanyp alnan. Beden içinde selom bolup, içki organlar şonda ýerleşýärler. Ambulakral aýajyklar orta diskiň we burçlyklaryň (şöhleleriň elleriň) aşak ýüzlerinde hem bolýarlar. Iýmitleniş sistemasy dodakly agyzdan, gyzylödekden, garyndan, içegelerden, anal deşiginden durýar. Käbir ýyldyzlarda anal deşigi bolmaýar. Deňiz ýyldyzlary ýyrtyjy. Olar oňurgasyzlar, esasan-da mollýuskalar, deňiz kirpileri bilen iýmitlenýärler. Ýyldyzlaryň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri, olaryň uly ölçegli awlaryny ýuwutman, garynyny beden daşyna çykarmaklary hem-de ony awunyň daşyna geýdirip, iýmitligi bedenden daşaryda bişirmegidir. Ýyldyzlaryň nerw sistemasy gowşak ösen. Olarda bokurdak ýanyndaky nerw gangliýasy we elleriň sanyna görä nerw sapajyklary bolýarlar. Üstki nerw sapajyklary duýujylygy, içki çuňlukda ýerleşýän nerwler bolsa hereketi amala aşyrýarlar. Duýuş organlarynyň wezipesini ambulakral aýajyklar we elleriň ujyndaky gysgajyk şupalseler ýerine ýetirýärler. Elleriň uçlarynda çukurjyklarda gözler bolup, olar diňe ýagtylygy aňlaýarlar. Dem almaklyk esasan žabralaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Gan aýalnyş sistemasy oňat ösen. Bölüp çykaryş organynyň wezipesini selom suwuklygynda azat hereket edip ýören amýobaşekilli öýjükler ýerine ýetirýärler. Deňiz ýyldyzlary aýry-aýry jynsly. Ỳöne olar böleklere bölünip, regenerasiýa geçýärler we bu-da köpelmekligiň bir görnüşi bolýar. Asteroidea klasy üç sany otrýady öz içine alýar.