Deňölçegli hereket
Jisimiñ traýektoriýasy göni çyzyk bolan herekete göniçyzykly hereket diýilýär. Göni çyzykly hereketde jisimiñ islendik deñ wagt aralyklarynda deñ orun üýtgedýän bolsa, onda onuñ hereketine gönüçyzykly deñölçegli hereket diýilýär. Gönüçyzykly hereketde orun üýtgetme geçilen ýol bilen gabat gelýär. Awtomobil hereket edýär, uçar uçýar, emma uçar awtomobile görä çalt hereket edýär, ýagny deñ wagt aralygynda uçar awtomobile garanyñda köp ýol geçýär. Hereketiñ çaltlygyny häsiýetlendirmek üçin tizlik diýilýän fiziki ululyk ulanylýar. Tizlik jisimiñ wagt birliginde geçen ýoluna san taýdan deñdir. Tizligi υ harpy bilen belgiläliñ. Eger-de t wagtda S ýol geçilen bolsa, onda tizlik
υ =S-t
formula bilen kesgitlenilýär. Tizlik wektor ululykdyr. Onuñ ugry orun üýtgetme ugry bilen gabat gelýär.
Tizlik belli bolanda t wagtyñ dowamynda geçilen ýoly tapyp bolar:
S = υ t
Bu formula gönüçyzykly deñölçegli hereketiñ deñlemesi diýilýär.
Deñölçegli hereketde geçilen ýol wagta göni proporsionaldyr.
Tizligiñ formulasyndan görnüşi ýaly, tizligiñ birligi deregine t (wagt) birliginde sek., min., sag., S (geçilen ýolyñ) birligi sm., m., km., jisimiñ hereket tizligi υ bilen belgilenýär birligi m/sek, km/sag, alynýar.