Mazmuna geçiň

Dazzarkel

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Dazzarkel

Dazzarkel (latynça – Gyps fulvus, iňl. vulture, rus. сип) Başgaça ady – gummaý Ýyrtyjy guşlar otrýadyna degişli guş. Dazzarkel Günorta Ýewropada, Günorta we Merkezi Aziýada we Afrikada giňden ýaýrandyr. Ol öňki sowet döwletleriniň çäginde – Krymda, Kawkazda, Orta Aziýada (şol sanda Türkmenistanda) duşýar. Dazzarkeliň ganatynyň ýazgyn uzynlygy 2,4 metre, agramy 6.8-8.2 kg-a ýetýär. Reňki, esasan, goňrumtyl, ganatlary we guýruk ýelekleri goňrumtyl-garadyr. Boýnundaky sütük ýelek bilen iri ýelekleriň araçäginde ösgün ak ýelekden halka bolýar. Dazzarkel, esasan, Türkmenistanyň daglyk raýonlarynda (Köpetdag, Balkan, Köýten, Bathyz) gabat gelýär. Dazzarkel daglaryň uçut gaýalarynda höwürtgeläp, 1 sany (käte 2) ýumurtga guzlaýar. Ýumurtgany 50 gün çemesi iki jynsy hem basýar. Jüýjeleri 3 aýdan soň uçurym bolýar. Dazzarkel iri haýwanlaryň maslygy bilen iýmitlenýär.