Daniýar Ysmaýylow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Halkara derejeli ştangaçy Daniýar Ysmaýylow 1992-nji ýylyň 3-nji Fewralynda Türkmenabat şäherinde doguldy. Ol 2012-nji ýyldaky tomusky olimpiýada London 2012-de Türkmenistanyň adyndan çykyş edip medal alyp bilmedi we öz agramyndaky ýaryşy 13-nji orunda tamamlady. Mundan soň 2014-nji ýylda Türkiýe döwletiniň raýatlygyna geçdi we Türkiýe döwletiniň adyndan çykyş edip ondan bäri 1 Dünýä we 2 Ýewropa çempionlygyny gazandy. Daniýar, adaty bolşy ýaly watandaşlarymyzyñ medalsyz gaýdan Rio 2016 tomusky olimpiadasynda bolsa Türkiýe döwletiniň adyndan çykyş edip 69 kg-da Kümüş medal aldy.