Mazmuna geçiň

Dag teloshistesi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

DAG TELOSHISTESI (Teloschistes montanus Barkh. 1963) Teloshistesler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Kawkaz — merkezi aziýa görnüşi, ýokary derejeli gurluşly, topbak düýpli, köp görnüşli urugyň görnüşi. Gysgaça beýany. Bedeni maýda şahalanan, diametri 3 sm, çal reňkde, iýiji kaliý täsirinden reňki üýtgemeýär. Perleri şahalanan, gysga, bölünen uçly, bedeniniň arka tarapy açygrak reňki we damarjyklary aýan görünýär. Apotesiýalary örän seýrek duşýar, köpsanly, diametri 5 mm çenli. Sporalary reňksiz, iki öýjükli, her torbajygynda 8 sanysy ýerleşýär Ýaýraýşy. Köpetdag (Müsünew, Tagaraw, Almajyk, Sarymsakly, Asylma). Türkmenistandan daşarda — Azerbaýjan, Täjigistan. Bitýän ýerleri. Deňiz derejesinden 1200– 2600 m belentliklerde, gaýalaryň ownuk daşly, jaýrykly eňňitleri Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Az, ýektük gabat gelýär.Esasy çäklendiriji sebäpler. Mal bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Jynsy (askosporalar) we jynssyz (piknokonidiýalar) ýol bilen köpelýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Duşýan ýerleriniň bir bölegi Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Gorag düzgünini berjaý etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Bitýän ýerlerini gözlemeli we ekologiýasyny hem biologiýasyny öwrenmeli. Düzüji Z. Joraýewa

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]