Mazmuna geçiň

Düwürtikli parmeliýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

DÜWÜRTIKLI PARMELIÝA Parmeliýalar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanyň florasynda köp görnüşli urugyň täze görnüşi. Endemik. Gysgaça beýany. Bedeni çogdam görnüşli, diametri 3,5 sm çenli, mawumtyl-gök örtükli, benewşe-goňur reňkli, izidiýalar bilen birmeňzeş örtülen. Gabyk gatlagyna we içine iýiji kaliý (КОН) we agardyjy hek (СаCl2O2) täsir edende reňki üýtgemeýär. Izidiýalary başlyja, esasy birneme daralan. Bedeniniň beýleki tarapy (aşaky bölegi) garamtyl, zeýtun öwüşgünli. Apotesiýleri ýok. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Duşak, Sülükli we Prohladnoýe). Bitýän ýerleri. Türkmen arçasynyň we türkmen kerkawunyň gabyklary (deňiz derejesinden 1500–2200 м belentlikde). Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ýek-tük, az mukdarda gabat gelýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Ösýän ýerleriniň şertiniň bozulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Bedeni ýapraga meňzeş. Wegetatiw ýol (izidiýalar) bilen köpelýär. Aýratyn hem Physiса urugyna degişli görnüşleriň ýanynda gabat gelýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ösýän ýerlerini yzygiderli gözegçilikde saklamaly. Barlaglar boýunça teklipler. Görnüşiň ýaýran ýerlerini öwrenmeli we sanyny anyklamaly. Düzüji Z. Joraýewa