Byzaw

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Byzawyň bedeni uzynja, gelşikli, öňki bir jübüt aýaklary gazyjy tipli, yzky aýaklarynyň içki taraplarynyň üstünde iki ýa-da üç sany ösüntgiler (şipler) bolýarlar. Byzawyň bu görnüşi Türkmenistanyň hemme ýerlerinde diýen ýaly, şor bolmadyk toprakda ýaýrandyr. Ol ekin meýdanlarynda, mal dersleriniň köp ulanylýan ýerlerinde, parniklerde we teplisalarda has-da köp duş gelýär. Byzawyň imagosy we uly ösüş stadiýasynda bolan liçinkalary topragyň içinde, 20-90 sm çuňlukda gyşlaýarlar. Byzawlar aktiw ýaşaýşa esasan martda başlaýarlar. Byzawlaryň gyşlan uly liçinkalary aprel-maý aýlarynda ganatlanýarlar we olar uly osoblar bilen bilelikde maýyň ortalarynda ýeriň üstünde, gijelerine jübütleşýärler. Tohumlanan urkaçy byzawlar ýumurtgalary topragyň 10-20 sm çuňlugynda ýörite kameralara taşlaýarlar. Her bir kamera taşlanylan 200-e çenli ýumurtgalardan 15-20 günden soňra liçinkalar çykýarlar. Şu liçinkalar ganatlanýarlar we gyşlaýarlar. Gijiräk çykan liçinkalar ganatlanyp ýetişmän, uly ösüş stadiýasynda bolan liçinka görnüşinde gyşlaýarlar. Byzawlar Türkmenistanda gök, bakja däne ekinleriniň köklerini iýýärler we olaryň guramaklaryna sebäp bolýarlar. Byzawlar teplisalarda ösdürilip ýetişdirilýän hyýaryň, pomidoryň, açyk toprakda ekilýän kartofeliň hem ganym duşmanydyrlar. Türkmenistanyň göniganatlylaryny 1957-nji ýyldan bäri T.B.Tokgaýew öwrenýär. Bu mör-möjekler barada doly maglumatlary onuň işlerinde tapmak bolar.