Bronhit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Bronhit.jpg

Bronhit (lat. bronchitis, bronh + -itis — sowuklama) — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.

Ýiti bronhit[üýtget | edit source]

Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.

Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogol içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgimegi sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde hem ýiti bronhit döräp biler.

Bronhit dürli şikeslendiriji maddalar arkaly hem ýüze çykýar. Şikeslendiriji madda dem alnanda, howa arkaly bronhlara düşýär. Mundan başga-da şol madda gan akymy (gematogen ýoly) ýa-da limfa akymy (limfogen ýoly) bilen bronhlara geçip bilýär. Netijede bronhlar, has takygy olaryň nemli bardasy çişýär we nemli iriňli bölünip çykma emele gelýär. Has agyr ýagdaýlarda bronhlaryň nemli gatlagynda dargama ýagdaýlary bolup geçýär.

Çişme zerarly bolup geçýän üýtgeşmeler we bronhlaryň gysylmagy netijesinde bronhial geçirijilik bozulýar (esasanam ownuk bronhlaryň şikeslenmesinde).

Ýokanç gelip çykyşly bronhit ýiti rinitiň we laringitiň esasynda başlanýar. Ýiti bronhit başlanda, adam özüni ýaramaz duýýar, onuň döşi ýanyp duran ýaly bolýar.

Bronhitiň esasy alamaty – üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde üsgülewük tutgaýgörnüşli bolýar. Käte tutgaýgörnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Näsaglar ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynynyň 37-38Сº ýetýändigine, kellagyra, damarlardaky (myşsalardaky) agyra arz edýärler.

Auskultasiýa (diňläp barlamak usuly) geçirilende, agyr dem alyş we dagynyk gury hyžžyldy bellenilýär. Ganyň barlaglarynda kän bir üýtgeşmeler bolmaýar.

Kesel başlanyndan soň, goýy gakylyk emele gelýär we üsgülewük az-kem ýeňleýär. Näsagyň özüni duýşy gowulaşýar. Adatça kesel bir-iki hepde dowam edýär. Emma üsgülewük bir aýa çekip bilýär.Ýiti bronhitde dem almak has kynlaşýar. Ýiti bronhit dowamly bronhite geçip bilýär.