Mazmuna geçiň

Britaniýa XX asyryň soňky çärýeginde

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

Mowzuk: Beýik Britaniýa XX asyryň soňky çärýeginde

M E Ý I L N A M A  :

1. XX asyryň 70-nji ýyllarynda Angliýanyň ykdysady we syýasy ýagdaýy.

2. Angliýada M.Tetçeriň hökümete gelmegi we 80-90-njy ýyllarda köneçileriň içeri we daşary syýasaty.

3. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda iňlis-türkmen gatnaşyklary.

1964-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda bolan parlament saýlawlary netijesinde leýboristik partiýa 44,1%-ses toplap häkimiýete geçdi. Garold Wilsonyň baştutanlygyndaky leýboristler hökümeti zähmet gatnaşyklar babatynda birnäçe çäreleri amala aşyrdy. Mysal üçin: pensiýalaryň möçberi 20% ýokarlandy, ýaşaýyş jaý tölegleri kadalaşdyryldy we ş.m.

Hökümet 1954-70-nji ýyllar üçin senagat önümçiliginiň ösüşiniň milli maksatnamasyny işläp düzdi. Ondan başga hem hökümet ykdysadyýeti janlandyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryna giň mümkinçilikler berdi. Ilki bilen ABŞ-nyň maýa goýumlary iňlis senagatyna uly pul goýumlaryny ýerleşdirip başlady. Olar Angliýadaky öz maýa goýumlarynyň umumy möçberi boýunça Kanadadan soň ikinji ýeri eýeleýärdi. 1967-nji ýylda amerikanlaryň iňlis ykdysadyýetindäki umumy maýa goýumy 5,9 mlrd dollardan gowrakdy. Munuň özi ABŞ-nyň GFR-de Fransiýada ýerleşdiren umumy kapitalyna barabardy.

Umuman leýboristik hökümetiň ykdysady syýasaty iňlis senagatyny onçakly janlandyrmady, döwletiň töleg balansynyň ýetmezligi, baknalyklardan gelýän girdejiniň kemelmegi iňlis ykdysadyýetiniň ösüşini bökdeýärdi. Şol sebäpden hem G.Wilsonyň hökümeti abraýdan geçyp başlaýar. 1970-nji ýylyň Oguz aýynda Angliýada möhletinden öň saýlawlar geçirilýär. Saýlawlar netijesinde konserwatiw partiýa üstünlik gazanyp, täze hökümete olaryň lideri Edward Hit baştutanylk etdi. Angliýa 1973-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-de ykdysady bileleşiginiň agzasy boldy. E.Hitiň hökümeti senagatyň bölegini ösdürmek maksady bilen birnäçe döwlet kärhanalaryny hususy eýeçilige geçirdi. Emma konserwatorlaryň geçiren ykdysady syýasaty hem başa barmady. XX asyryň 70-nji ýyllarynda Angliýanyň daşary syýasaty has işjeň ýagdaýda geçýärdi. Leýboristik hökümet howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça umumyýewropa maslahatyny geçirmegi goldady. G.Wilson Helsinkdäki maslahatyň üçünji tapgyryna gatnaşdy we jemleýji aktyň aşagynda öz goluny goýdy. Ondan başga-da Angliýa bu döwürde halkara dartgynlygyny gowşatmak hereketine hem uly goşant goşdy. Emma 70-nji ýyllaryň ahyrynda Angliýa hem ABŞ ýaly halkara dartgynlygyny gowşatmakdan daşlaşyp başlady. Şeýle hem 80-nji ýyllaryň başlarynda ýurduň syýasy, ykdysady durmuşynda zyýanly akymlar güýçlenip başlady.

1979-1981-nji ýyllar aralygynda iňlis ykdysadyýeti Angliýanyň taryhynda kyn döwri başdan geçirdi. 1981-nji ýylyň Magtymguly aýynda önümçiligi 17,9 % aşak gaçdy. Ol aşak gaçmaklyk ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny öz içine aldy. Mysal üçin: garamagdan, demirgurluşytk, awtoulag gurluşygy, himiýa, dokma senagatlary.

1979-njy ýylyň Magtymguly aýyndaky saýlawlar netijesinde Angliüýada köneçil partiýanyň hökümeti emele geldi. Onuň premýer- ministrlik wezipesine Margaret Tetçer saýlandy. Tetçeriň hökümeti ilki bilen Beýik Britaniýadaky ykdysady meseleleri çözmäge girişdi. Şol maksat bilen ol baş wezipäni puluň hümmetiniň aşak gaçmagyna garşy çäreleri geçirip başlady, ilki bilen döwletiň çykdajylary kemeldildi, salgytlar artdyryldy, durmuş çykdaýjylary aýryldy we ş.m. emma Tetçeriň hökümetine bu çäreler hem kömek etmedi, ýurduň ykdysadyýeti kadalaşdyrylmady. 1980-nji ýyllaryň başlarynda ýaraglanyşygyny haýdatmak syýasatynyň güýçlenmegi, köneçiler hökümetiniň hem harby çykdaýjylary artdyrmaklygyna getirdi. Mysal üçin 1979-80-nji ýyllarda habry maksatlar üçin 9 mlrd funt/sterling 1980-81-nji ýyllarda 16 mlrd f.s. 1985/86-njy ýyllarda 18 mlrd f.s. boldy.

Özüniň parlamentde ornuny pugtalandyrmak maksady bilen köneçil partiýa 1983-nji ýylyň Sanjar aýynda geçirlen saýlawlarda ýene-de ýeňiş gazandy. Ýene-de M.Tetçeriň hökümeti Angliýanyň içeri we daşary syýasatynda esasy rol oýnap başlady.

XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda hökümet bilim ulgamyna, saglygy goraýşa, ýaşaýyş jaý gurluşygyna goýberilýän serioşdeleri artdyrdy. Şeýle hem bu döwürde hökümet hebit, awiakosmiki, gämigurluşyk, ulag pudaklarynyň kärhanalaryny hususy eýeçilige berip başlady. Ondan hem başga hökümet önümçilikde tertip-düzgün gowulandyrmak maksady bilen iş taşlaýanlaryň hukuklaryny çäklendirmek baradaky kanuny parlamentden geçirdi we ol kanungüýje girdi.

Umuman, M.Tetçeriň geçiren durmuş we ykdysady çäreleri gowy netije berdi. 1982-1987-nji ýyllar aralygynda Beýik Britaniýanyň ykdysady ösüş derejesi Günbatar Ýewropada iň ýokary görkeziji boldy.

M.Tetcer Beýik Britaniýanyň hökümetiniň başynda yzygiderli 11,5 ýyl durdy. Şonuň çin hem kähalatda onuň döwrüni “Tetçeriň eýýamy” “tetçerizm”diýip hem atlandyrýarlar. Sebäbi M.Tetçer ýurduň içeri syýasatynda şu aşakdaky esasy ýagdaýlary öňe sürdi.

1. Her bir gülläp ösýän ykdysadyyetiň hereketlendiriji güýji hökmünde hususy telekeçilik çykyş etmeli.

2. Döwletiň ykdysady durmuşa goşulmagy gaty çäkli bolmaly, ol hususy höweslendirmäni gysmaly däl.

3. Her bir zähmete ukyply adam özüni-özi üpjün etmeli. Döwlet we haýyr-sahawat guramalary diňe işe ýarawsyz adamlara kömek etmeli.

4. Döwlet deňagramly gytçylyksyz büdžeti döretmeli, onuň esasy bölegini hem salgytlar düzmeli, salgytlary hem her bir girdeji alýan adam tölemelei we ş.m.

Özüniň daşary syýasatynda M.Tetçer ilki bilen ABŞ-a ýaranlyk derejesini saklamak, NATO-nyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek wezipelerinden ugur alýardy.

Angliýa bilen Argentinanayň arasynda günorta Atlantikadan ýerleşýän Folklend (Malwin) adalarynyň üstünde öňden-dawa bardy. Ol 1982-nji ýylda iňlis-argentin uruşyna alyp geldi, Gurbansoltan-Sanjar aýlarynyň aralygynda dowam eden bu uruş Angliýanyň ýeňmegi bilen tamamlandy. Ol şol adalary doly eýelän, harby berkitmeleri gurdy.

Emma XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda Angliýanyň ykdysady ýagdaýy aşak gaçyp başlaýar. Ol hem hökümetiň abraýdan gaçmagyna getirýär. 1990-njy ýylyň Sanjar aýynda M.Tetçer wezipesinden gidýär. Ýurduň premýer-ministri edilip koneçil partiýadan Džon Meýjor (1943) saýlanýar. Meýjor hökümetiň başynda 1990-1997-nji ýyllar aralygynda durýar. Ol hökümetiň esasy wezipelerinden: eýeçilige bolan hukugyň pugtalandyrylmagy, döwlet kompaniýalarynyň hususy eýeçilige geçirmegi dowam etmek, telekeçilere salgydy artdyrmak ýaly işleri kesgitleýär.

Umuman Dz.Meýjoryň hökümetiniň döwründe iňlis ykdysadyýeti belli bir derejede ösüş gazandy, bu ýurtda erkin telekeçilik has ösdi.

1997-nji ýyldaky saýlawlarda leýboristik patiýanyň lideri Toni Bleýr premýer-ministrlige saýlandy. XX asyryň 90-njy ýyllarynda dünýädäki syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi, halkara gatnaşyklaryna hem täsir etdi. Sarpasy belent Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen Türkmenistan öz garaşsyzlygyny aldy. Gaty gysga wagtyň içinde Garaşsyz Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatynyň esasynda daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady gatnaşyklar ýola goýuldy.

1992-nji ýylda Beýik Britaniýa Garaşsyz Türkmenisdtan bilen diplomatik ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ýola goýdy, bu iki döwlet özara bähbitli ykdysady-söwda şertnamalaryna gol çekdi.

Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň işewür adamlary Türkmenistanyň ykdysadyýetine, esasan hem nebiti gaýtadan işleýän, gurluşyk pudaklaryna uly möçberde maýa goýumlaryny ýerleşdirdi. Olardan: mysal üçin dünýäniň Beýik Britaniýa ýaly ösen döwleti bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň alynyp barylmagy Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny ýokary galdyrdy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda “Biz hoşniýetli häsiýetlerimizi has ösdürdik, ony ykdysadyyetimizde Açyk gapylar syýasatyna, daşary syýasatymyzda bolsa, hoşniýetli Bitraplyk syýasatyna öwürdük” diýip bellenýär. Bu sözler dünýädäki ähli döwletleriň Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýolunyň dogrudygyny subut edýar.