Boeing 777
Boeing 777 (Triple Seven ýa-da T7) — Boeing kompaniýasynyň uçary, bu kysymdaky howa gämisi 300-e çenli we şondan hem köp ýolagçylar üçin niýetlenendir. Onuň uçuş uzaklygy 15500 kilometre golaýdyr. Bu uçarda ýolagçylar üçin kinofilmlere tomaşa etmäge, aýdym-saz diňlemäge mümkinçilik berýän hususy multimediýa ulgamy bar. Uçarda GSM we Wi-Fi aragatnaşygyny peýdalanmak mümkindir. Uçaryň daşynda oturdylan kamera bortuň içinde bolup geçýän anyk ýagdaýy görkezýär[1][2].
777-200LR
[düzet | çeşmäni düzet]Boeing 777-200 LR uçary dünýäde iň uzyn aralyga gonman uçmagy amala aşyrmaga ukyplydyr, ol 21 müň 601 kilometre barabardyr. Boeing 777-200 LR uçarynyň gurluşy kompozit serişdeleri ulanmagy özünde jemleýär, olaryň agramy tutuş gurnawyň umumy agramynyň 9 göterimine barabardyr. Bu serişdeler dolandyryş gurallaryny we kabinanyň düşegi üçin hem peýdalanyldy. Fýuzelýažyň esasy bölegi tegelek kesişmesi bilen tapawutlanýar we onuň yzky bölegi keser kysymly bolup durýan yzky konusa geçýär, şol ýerde kömekçi güýç beriji enjam bar.
Uçaryň ganaty ýokary howplara garşy durmaga ukyply bolmak mümkinçiliginde ýasalyp, ol 905 km/sag. uly tizlik üçin niýetlenendir. Ganatynyň gurluşy ozalky uçarlar bilen deňeşdirilende örän giň we galyňdyr. Şonuň netijesinde peýdaly agramlylyk hem-de uzaklylyk artdyryldy. Mundan başga-da, uçuşyň belentligi ýokarlandy, şeýle hem uçuş görkezilijileri gowulandyryldy.
Goşgylarynyň ýygyndylary
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Türkmenistanyň “Howa derwezesi” halkara hyzmatdaşlygy üçin giňden açykdyr". Archived from the original on 2015-07-16. Retrieved 2014-12-25.
- ↑ "Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi". Archived from the original on 2015-07-16. Retrieved 2014-12-25.
Daşarky çykgytlar
[düzet | çeşmäni düzet]Bu awiasiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu technologiýasy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |