Mazmuna geçiň

Birinji Garagum urşy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

1920-nji ýylyň Türkmenbasy (ýanwar) aýynda Jüneýit hanyň Hywa tagtyndan agdaryp, Garaguma çekilmegi bilen basmaçylyk hereketi yzygiderli dowam edyän uly syýasy häsiyete eýe bolup baslady.

1921-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 21-nde Jüneýit hanyň 1000-e atly – ýaragly nökerleri gyzyl esgeriň kiçeňräk otrýadyny gylyçdan gecirip Ýylanlyny eýeledi. Gorkut aýynyň 17-nde olar Akdepede duran otrýad bilen söweşe girdiler. Ýöne gyzyl esgerler tarapyndan berk gaýtawul görlensoň yza çekilmäge mejbur boldular.

Şol ýylyň tomsunda Daşoguz etraplarynda Jüneýit han öz goşunyna nöker toplady. Oňa ilatdan ýene-de 25 atly gelip goşuldy. Nökerler Tagta (häzirki Görogly), Ýylanly, Köneürgenç, Goňrat, Hojaili ýaly etrap merkezlerine çapawulçylyk etdiler.

1921-nji ýylyň Sanjar aýynyň 5-nde Köneürgençde Horezm Halk Sowet Respublikasynyň delegasiýasy Jüneýit han bilen ýaraşyga gol çekdi. Ýaraşygyň şertlerine görä, Jüneýit hanyň Hywa türkmenleriniň ýanyndaky türkmen meýletin toparlaryny dargatmak baradaky we beýleki talaplary berjaý edildi.

Onuň bilen birlikde Horezm Respublikasynyň dokumentiniň düzümine Jüneýit handan iki adam girizmek, onsoňam hanyň ýaşakal ýerine Köneürgenjiň 40 km günbatarynda Garasaç diýlen ýere Amyderýadan ýap çekip bermek barada ylalaşyga gelindi. Başgaça aýdylanda Horezm Respublikasy Jüneýit hanyň ähli talaplaryny berjaý etmäge razylyk etdi.

Buhara Halk Sowet Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hem käbirleriniň Türküstan hökümýeti bilen “mäşi bişişenokdy”. Olar ýurtdan rus goşunlarynyň çykarylmagyny talap edýärdiler. Buharada Kerki we Çärjew welaýatlarynda basmaçy toparlary peýda bolup, ýagdaý has-da ýitileşdi. 1922-nji ýylyň baharynda Gd Buharadaky basmaçylara Türkiýeden bu yere gelen Enwer paşşa ýolbaşçylyk edip baslady. Onuň täsiri bilen basmaçylaryň sany gün – günden artyp, tiz wagtyň içinde 16 müň adama ýetdi.

Basmaçylyk hereketi indi diňe Demirgazyk Türkmenistanda däl eýsem beýleki raýonlarda hem döräp başlady. 1921-nji ýylyň Alp – Arslan aýynda Murgap, Tejen derýalarynyň aşak akymynda basmaçy toparlary peýda boldy. Mysal üçin Hojaguly hanyň ýolbaşçylygynda Tejen we Sarahs etraplarynda hereket edýän basmaçylar toparyna 600 atly dagy bardy. Ýeri gelende aýtsak, Hojaguly han 1918-1920-nji ýyllarda Jüneýit han Hywada hanlyk sürende onuň ýanynda bolup, gullugyny edipdi. Ol häzirem Jüneýit bilen ýakyn aragatnaşykdady.

Elbetde, Jüneýit han Kerki, Çärjew taraplarynda hereket edýän basmaçy toparlarynyň döremeginden habarsyz däldi. Şeýlelikde dürli regionlarda dörän basmaçy toparlary göräýmäge dagynyk ýaly bolsa-da hakykatda olar Jüneýit han bilen baglanyşyklydy. Ol mümkin boldugyça hemme türkmen taýpalaryny “kapyrlara” ýagny Sowet häkimýetine garşy aýaga galdyrmaga çalyşýardy. Onuň pikiriçe baknadar orslar bilen bolşewik orslaryň arasynda tapawut ýokdy. Olaryň ikisem türkmeni özüne boýun egdirmäge, has takygy türkmen halkyny öz gününe goýman, onuň boýnuna boýuntorluk salmaga gelipdi. Şunuň üçinem Jüneýit han türkmeniň ili ýaragty tutanyň ata çykmagyny talap edýärdi. Kimde kim söweşden ýüz öwürse has beteri bolşewiklere goşulsa, ol Jüneýit üçin ganym duşmandy.

1922-nji ýylyň Sanjar aýynda Hywada türkmenlerden we özbeklerden düzülen meýletinçiler toparlary döredilip, tolly pulemýotly, Somolýotly Gyzyl Goşun bölümleri bilen bilelikde Jüneýit hanyň üstüne iberildi. 1923-nji ýylyň ortalaryna çenli Gaplaňgyr, Akýaýyr, oklysuzek diýlen ýerlerde balykly, Aknabat – Göknabat, Igde guýularynyň ýanynda Orta guýuda uly söweşler bolup, basmaçylaryň esasy güýçleri palaç ýatyrylan ýaly ýatyryldy, ençeme çarwa obalar ýakylyp ýndyryldy. Gyzyl esgerler müňlerçe düýe, on müňlerçe goýun olja aldylar. Jüneyit han Garagumyň has jümmüşine yza çekilmäge mejbur boldy.

1922-nji ýylyň awgustynda Gd Buharada söweşde Enwer paşşa öldürildi. Buhara basmaçylarynyň beýleki Serdarlary Owganystana geçip gitdiler. 1923-nji yylyň ortalaryna çenli ferganada, Zerewşanda hem basmaçylyk hereketi gutarnykly suratda derbi – dagyn edildi.

Emma Jüneýit hanyn at – owazasynyň ýaýran ýerlerinde basmaçylyk hereketi hiç togtamaýardy. Gaytam kem – kemden giňelýärdi. Onuň esasy sebäbi bolşewikleriň eden – etdilikleridi. Mysal üçin, 1923-nji ýylda Horezm Halk Sowet Respublikasy Sosialistik respublika diýlip yglan edildi. Şonuň bilen birlikde haýdan – haý kazyýetler ýatyrylyp, sowet kazyýetleri girizildi.

1924-nji ýýlyň Türkmenbaşy aýynyň ilkinji günlerinde Horezm respublikasynyň gd raýonlarynda oturan özbek ilaty aýaga galdy. Şol bir wagtyň özünde olar Jüneýit hanyň ýanyna öz wekillerini iberip, ondan gozgalaňy goldamagyny soradylar. Hut şol wagtyň özünde beýleki delegasiýany bolsa Hywa iberip, Horezm sowet sosialistik respublikasynyň hökümýetinde sowet mekdeplerini ýatyrmak, ozalky mekdepleri, medereseleri dikeltmek, kommunistleri respublikadan çykaryp kowmak barada ýörite ultimatum berdiler.

Elbetde “üstünlikden” basy aýlanan Horezm SSR-niň hökümeti gozgalaňçylaryň talaplaryny berjaý etmedi. Jüneýit han bolsa diňe bir kömek bermek däl eysem gozgalaňa umumy ýolbaşçylygam öz üstüne aldy. Özem ol döwre çenli han yene-de mazaly güýç toplady. Onuň nökerleriniň arasynda zakaspi türkmenlerem hatda owganly türkmenleriň onlarçasy bardy. Hanyň goşunyna dürli ýerlerden ýarag ok – däri ýükli kerwenleriň ençemesi eýýäm gelipdir.

Kelteminardan hana beýleki türkmen obalaryndan Jüneýit hana kömege gelen köp sanly türkmen atlylaryna ata taýpasynyň baştutany Agajan işan ýolbaşçylyk edýärdi.

1924-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 10-da umumy sany 6-7 müňe ýetyän gozgalaňçylar Hywany gabadylar. Ýanynda müňlerçe atlysy bolsa-da Jüneýit han bada – bat söweşe giri bermän, ozaly bilen Hywa halkyna Hywanyň kethudalaryna hat üsti bilen ýuzlendi.

Hywa galasyny garaýjylar ol ýüzlenmäniň nähili täsir edendigi barasynda häzirlikçe maglumat ýok. Emma ondan garaşylan netijäniň çykmandygy welin bellidir. Galanyň içinde 100 sany gyzyl esger, 700-den gowrak eli ýaragly goragçy bardy, olara bolşewikler hem komsomollar ýolbaşçylyk edýäridi. Olaryň elinde 10 sany pulemýot bardy. Tiz wagtyň içinde Hywanyn goragçylaryna Daşoguzdan 80 adamly türkmen özbek meýletinleçiler otrýady, Hojailiden 130 adamly gyzyl esger otrýadly kömege geldi. Aldym – berdimli söweşler baslandy. Bu wagtlar Hywany goraýjylara kömek üçin iberilen. 82-nji Türküstan atly polky hem ýetip gelýärdi. Bu polk ozal Ferganada we Buharada bamaçylygy basyp ýatyrmaga gatnaşypdy. Polk Türkmenbaşy aýynyň 22-sinde Çärjewe gelip, durman Hywa tarap gecip gitdi. Şol aýyň 28-nde Jüneýit han polkyň golaý gelenini bilip, nökerleri bilen galany taslap ýene-de Garaguma siňdi.

Şu aýyň 29-nda polk Hazaraspda gozgalaňçylaryň Agajan işan tarapyndan baştutanlyk edilýän topar bilen garpyşdy. 18 sagada çeken söweşden soň gozgalaňçylar guma çekildiler. Polk Hankeni, başaryhy basmaçylardan arassalap, Baydak aýynyň 4-de Hywa girdi. Gozgalaňçýlardan 2,14 adam tussag edilip zyndana taslandy.

Jüneýit han 82-nji polkuň esasan özüne garşy iberlendigini onuň hökmany suratda yzyna duşüp gelýändigini bilýärsi. Şonuň üçin ol Hywadan çykanda polkuň bada bat yzyndan elýetmezligi üçin Ýylanlyda Anna baba bastutanlygynda 500 atlyny, tagtada hem Ahmet begiň 800 atlysyny goýup, özi bolsa 1500 – 2000 atly bilen Balykly guýusyna çekildi.

Baydak aýynyň 27-nde Balykly guýusynyň ýanynda polk Jüneýit hanyň esasy güýçleri bilen söweşe girdi we agyr söweşden soň Jüneýit han çyryşly guýusyna çekildi. Nowruz aýynyň 3-inde bu ýerde agyr söweşler bolup, han ýene-de yza çekilmeli boldy. 8-nji Gurbansoltan aýynda Jüneýit han, güýjüniň has azdygyna garamazdan Igde guýusynyň oýunda yzyndan polk bilen ýene bir gezek garpyşdy. Söweşde ýigitleriň 30 - syny ýitirip, galan atlylary bilen Garagumyň jümmüşine siňip gitdi.

Basmaçylyk hereketiniň garşysyna bu gezekki urlan zarba taryha birinji Garagum urşy diýen at bilen girdi. Ol sowet hökümýetiniň uly ýeňşi höküminde bellenip gecildi.