Bilkent uniwersiteti
Bilkent uniwersiteti | |
Bilkent Üniversitesi | |
Faýl:Bilkent University Crest.svg Bilkent uniwersiteti | |
Görnüş | Hususy |
---|---|
Rektor | Kürşat Aýdogan |
Kampus meýdany | 3 bölek, 300 ga |
Gurlan ýyly | 1984 |
Talyp sany | 13,000[1] |
Fakultetler | 9[1] |
Salgysy | Üniversiteler, 06800 Çankaya, Ankara, Türkiýe |
Web salgysy | https://w3.bilkent.edu.tr/www/ |
Bilkent Uniwersiteti (Türkçe:, Bilkent Üniversitesi) paýtagt Ankarada ýerleşýän Türkiýäniň hususy uniwersitetleriniň biridir. 1984-nji ýylda Prof. Yhsan Dogramajy tarapyndan ýokary ylmy işler we barlaglar üçin okuw merkezi maksady bilen döredildi.[2] Bu uniwersitet Türkiýede açylan ilkinji hususy uniwersitetdir. "Bilkent" sözi "Bilim kenti" Türk sözleriniň goşulmagyndan gelip "Bilim şäheri" diýmekdir. Bu uniwersiteta her ýyl onlarça halkara talyplar stipendiýaly (talyp haky) girmäge hak gazanýarlar. Bu talyp haklaryna dalaşgärleri uniwersitetiň özi saýlaýar we olar 100-20% aralygynda okuw tölegleri garşylaýar.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Uniwersitetiň gurluşyna 1967-nji ýylda Ankaranyň günbatar tarapynda başlandy. 1970-nji ýylarda adminstratiw öýleri, inženerlik fakulteti, kitaphanasy guruldy. Soňra okuwçylar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, uniwersitetiň işgärleri üçin binalar tiz wagtda guruldy.[2]
Uniwersitet meýdany
[düzet | çeşmäni düzet]Uniwersitet 3 sany meýdançadan (kampusdan) ybarat. Ankara şäheriň merkezinden 12 km günbatarynda ýerleşýär we umumy meýdany 300 gektardan gowrakdyr.[3] Kampuslaryň arasynda awtobus gatnawlary bar.
Kitaphanasy
[düzet | çeşmäni düzet]Uniwersitetiň kitaphanasy kitaplara baý we her ýyl ýyllyk 3 million Amerika dollarynda harjamalar edilýär. 2007-nji ýylda Bilkent Uniwersitetiniň kitaphanasy Türkiýäniň iň uly we baý (eserlere) kitaphanasy saýlandy we häzir hem Türkiýäniň iň gowy 10 kitaphanasyndan biri diýilip kabul edilýär.[4]
Akademikiler
[düzet | çeşmäni düzet]Uniwersitetiň 33 sany baklawr üçin ugurlary, 32 aspirant ugurlary bar.
Fakultetler
[düzet | çeşmäni düzet]- Çeperçilik, Dizaýn we Arhitektura fakulteti - FACULTY OF ART, DESIGN, AND ARCHITECTURE Archived 2022-07-07 at the Wayback Machine
- Biznes Dolandyryş fakulteti - FACULTY OF BUSINESS ADMINISTRATION
- Ykdysadyýet, Dolandyryş we Sosial Ylymlar fakulteti - FACULTY OF ECONOMICS, ADMINISTRATIVE, AND SOCIAL SCIENCES
- Inženerlik fakulteti - FACULTY OF ENGINEERING
- Bilim beriş fakulteti - FACULTY OF EDUCATION
- Ynsanperwer Ylymlary we Namalar fakullteti - FACULTY OF HUMANITIES AND LETTERS Archived 2022-08-10 at the Wayback Machine
- Hukuk fakulteti - FACULTY OF LAW
- Saz we Sahna Sungaty (Music and Performing Arts) fakulteti - FACULTY OF MUSIC AND PERFORMING ARTS
- Tebigy Ylymlar fakulteti (Faculty of Science) - FACULTY OF SCIENCE
Ranking (Teripleşdirme)
[düzet | çeşmäni düzet]Times Higher Education World University Rankings 2018-däki maglumatlaryna göra Bilkent Türkiýäniň iň gowy 5 uniweritetiniň arasynda ,[5] we 50 ýyllyk uniweritetleriň arasynda bolsa ilkinji 100 uniwersiteleriň sanawynda, ,[6] we ykdysady ugur boýunça dünýäde ilkinji 50 uniwersitetiň sanawynda [7]
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
- ↑ 1.0 1.1 "Bilkent University Facts". 2010. Archived from the original on 2010-12-20.
- ↑ 2.0 2.1 "EN / Bilkent University – Historical Background". w3.bilkent.edu.tr. Retrieved 2018-02-15.
- ↑ "EN / Bilkent Uniwersiteti – Bilkin uniwersiteti barada". w3.bilkent.edu.tr. Retrieved 2018-02-18.
- ↑ "Türkiye’nin en iyi 10 kütüphanesi". Retrieved 2 July 2016.
- ↑ "World University Rankings" (en). Times Higher Education (THE). 2017-08-18. https://www.timeshighereducation.com/world-university-rankings/2018/world-ranking#!/page/0/length/25/locations/TR/sort_by/rank/sort_order/asc/cols/stats.
- ↑ "Young University Rankings" (en). Times Higher Education (THE). 2017-04-04. https://www.timeshighereducation.com/world-university-rankings/2017/young-university-rankings#!/page/0/length/25/sort_by/rank/sort_order/asc/cols/stats.
- ↑ "BRICS & Emerging Economies". 13 April 2015. Retrieved 2 July 2016.