Benjamin Dizraeli
Benjamin Dizraeli ( 21.12.1804 – 19.04.1881, 76 ýaş.), Britaniýaly syýasatçy we XIX asyrda birnäçe gezek Beýik Britaniýanyň premýerministri bolan döwlet adamy. Asly ýewreý. XIX asyryň ikinji ýarymynda Britaniýa syýasatynyň, Liberal partiýaly bolan William Gladstone bilen bile iň esasy adamlarydy. Konserwatiw partiýanyň öňdäki liderlerinden biridir. 1870 – 1880-nji ýyllar arasyndaky premýerministrligi wagtynda Britaniýaly aristokratlary ýanyna alyp Beýik Britaniýanyň syýasatyny öz eline alandyr. Şazenany Wiktoriýanyň iň gowy gördigi syýasatçydy. Saýlawlarda garşydaşy Gladstone tarapyndan ýeňilenden soň syýasatdan doly aýryldy. Synp söweşi we işçi synpy hakyndaky pikirleri, 1950-nji ýyllaryň Beýik Britaniýadaky pragmatik we merkezçi ykdysady syýasatlarynda möhüm rol oýnandyr. Benjamin Dizraeli, paternalist konserwatiw düşünjesini birinji ulanan adamdyr. Britaniýanyň şol wagtlarda baý we garyp diýen ikä bölünmek howpy garşysynda, “aşakdan rewolusiýa” ýerine “ýokardan reform” edilmegini maslahat berendir. 1820-nji ýyllarda Benjamin, familiýasyndaky kesme belgisini aýyryp familiýasynyň ýazylyşyny üýtgedýär. Doganlary Sarah (1802-1859), Naphtali (1807), Ralph (1809-1898) we James (1813-1868) bardy. Benjamin Blackheathdäki Reverend John Potticary’s school atly kiçijik bir mekdebe gidýärdi. 1817-nji ýyldan soň Benjamin Walthamstowdaky Higham Hall mekdebine başlaýar.
Kakasy ony hukuk ugrunda bir kariýer etmesi üçin ýetişdirdi we 1821-nji ýylda Dizraeli ylalaşyk arkaly bir aklawjy bilen baglanýar, emma Dizraeli mundan ýüz öwürýär.