Beýni ýarym şarlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gurluşy[düzet | çeşmäni düzet]

Adam beýnisiniň esasy bölegini öndäki beýniniň yarym şarlary emele getirýärler. Olar beýniniň beýleki bölümleriniň hemmesinin üstüne abanyp durýar. Bu beýniniň agramy ortaça 1350-1400 g-a ýetýär. Ýarym şarlaryň üsti çal madda bilen örtülen, ol yarym şarlaryn gabygyny düzýär. Yarym şarlaryn gabygy köp sanly gasynlary, joýajyklary we egrem-bugramlyklary emele getirýär. Gasyn-gasynly gurluş gabygyň üstüni giñeldýär, ol 2000-2500 sm2 ýetýär. Yarym şarlaryn gabygynyň galyňlygy ortaça 2-3 mm-e dendir. Onda, takmynan, 14 mlrd nerw öyjükleri bar. Olar görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri boýunça köpdürlüdirler. Gabygyň aşagynda ak madda ýerleşyär. Ol nerw öyjüklerinin köpsanly uzyn ösüntgilerinden emele gelendir. Bu ösüntgilerin süýümleri ýarym şarlary kelle beýnisiniň sütüni we beýnijigi bilen hem-de onurga ýiligi bilen baglanyşdyrýar. Şeýlelikde, ol süýümler geçirijilik işini yerine yetirýärler. Ýarym şarlaryň özlerini bolsa bir-biri bilen aýratyn süyümler birleşdirýär. Olar ýarym şarlaryn arasynda ýaý şekilli germew emele getirýärler.

Ýarym şarlaryň her biriniň üsti çuň joýajyklar bilen bir näce böleklere bölü nendir. Bular ýarym şarlaryň mañlaý, de- pe, çekge we ýeňse bölekleridir (124-nji surat). Has çunragy maňlaý we depe ülüş. lerini bölýän merkezi we çekge ülşüni çäklendirýän gapdal joýajyklarydyr.

Ähmiýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Uly ýarym şar laryň gabygynyň işi örän cylşyrymlydyr we köpdürlüdir. Haýwanlarda geçirilen tejribeler we näsag adamlarda geçirilen gözegçilikler gabygyň işlerinin käbirlerini takyk lamaga kömek etdi. Beýni gabygynyň ýeňse ülşünde görüş zolagy ýerleşyär. Ol görüş habarlaryny kabul etmegi we görüş şekillerini kemala getirmegi ýerine ýetirýär. Görüş gyjyndyryjylaryny tapawutlandyrmak diñe gabygyň şol böleginin kadaly yagdaýynda amala aşyrylýar. Kelle beýnisiniň gabygynyň çek ge ülüşlerinde eşidiş zolaklary ýerleşyär. Şu meydan laryň üstünden ses gyjyndy- ryjylaryny tapawutlandyr- ýan reflekslerin yaýy geçyär. Başgaça aýdylanda, şu mey danlara eşidiş reseptorlarynda ýüze çykan oýanyşlar gelip ýetýärler. Kelle beýnisinin gaby- gynyň depe ülşünde duýgy merkezleri ýerleşyär. Ol mer kezlere deriden, sünklerden, bogunlardan we myşsalardan duýgy maglumatlary gelip düşyärler. Bu ýerde deri myşsa duýuş zolagy ýerleşyär. Şonuň üçin hem merkezi joýajygyň iki gapdalynda- da ýerleşen gabygyň zaýa bolmagy, deri duýgurlygynyň ýit. megine we hereketin bolmagyna getirýär. Mundan başga-da uly ýarym şarlaryň gabygynyn çekge ülüşlerinin hersiniñ içki ýüzlerinde tagam biliş we ys alys zolaklary ýerleşýär. Adamyň kelle beýnisiniň gabygy, özünin gurluşy we ýerine ýetirýän işleri boýunça çylşyrymlydyr. Onuň käbir ýerleri diñe adam bedeni üçin mahsusdyr. Mundan başga-da adamyň ýarym şarlarynda ýöriteleşdirilen bölümleri bar. Sol bölümleriň işjenlikleri netijesinde, beýninin käbir ýokarv derejeli işleri ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, beýniniň maňlay ülşi adamyň özüni alyp barys derejesinin hem-de zähmet işjeňliginin düzgünlerini gurmak ukybynyň ösmegini üpjün edýár. Adamyň duýgy ukybynyň has ýokary bolmagy kelle beýnisinin gabygynyň maňlaý bölüminiň ösenligi bilen düşündirilýär. Adamyň beýnisiniň çep yarym şarynda gepleýşiň duýujy we hereketlendiriji merkezleri ýerleşyär. Olar dil we yazuw sözlerini duýmagy we emele getirmegi üpjün edýärler. Yara lananda ýa-da kesellände şol merkezlere zeper ýetmegi gep- leýişde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna, hatda gep leýşiň doly ýitmegine-de eltip biler. Çep ýarym şarlar matematiki hasaplamalary amala aşyrmaga hem jogap kärlidirler. Şeýlelikde, çep ýarym şarlaryň gabygy ho- wayy pikirlenme synasy bolup hyzmat edýär. Kelle beýni- sinin sag ýarym şary adamyň sesden tanamak, sazy kabul etmek ukybynyň ösmegine jogap berýär. Şeýle hem adamyň çeperçilik döredijiliginiň ösmeginde-de esasy orun tutýar. Has takygy, sag yarym şar aydyň pikirlenmäniñ merkezidir. Haýwanlarda geçirilen tejribelerin netijesinde, her bir synanyň isjeňliginin yarym şarlaryň gabygynyň gözegçi- liginde bolup geçýänligi takyklanyldy. Dürli reseptorlarda ýüze çykýan hemme oýanyşlar beýni gabygynyň degişli bölümlerine ýetirilýär. Ol ýerden hem islendik synalara geçirilen oýanyşlar, olaryň işine täsir edýärler. Kelle beýnisiniň gabygynda emele gelýän nerw hadysalary, bedende ýüze çykýan refleks täsirleşmelerin bir-birleri bilen örän inçe sazlaşygyny üpjün edýärler. Şonuň bilen birlikde bedenin daşky gurşawyň elmydama üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmaklaryny hem amala aşyrýar. I. P. Pawlow köp ýyllaryň dowamynda barlag işlerini geçirmek bilen şertli pitewalary (refleksleri) açdy. Onun bu möhüm açyşy beýniniň gabygynyň ýerine ýetirýän işini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.